MUHAMMET PYGAMBERIÑ PARAPSIHOLOGIK UKYPLARY

▶ II. AÝDYÑ GÖRÜJILIK UKYBY

Muhammet pygamber (s.a.w) şol bir wagtyñ özünde örän güýçli derejede "aýdyñ görüjilik" (ясновидение) ukybyna eýedi. Muhammet pygamberiñ aýdyñ görüjilik ukyby arkaly amala aşyran birnäçä hadysasy bardyr. Anyk çeşmelerde duş gelýän bu hadysalar öwrenilende, Onuñ (s.a.w) ömürboýy bu ukybyndan peýdalanandygyny görmek bolýar. Aýdyñ görüjilik ukybynyñ barlygyna degişli iñ esasy delilleiñ biri Jebraýyly töweregindäkileriñ görmeýän wagtynda-da görüp bilmegidir. Jebraýyl pygambere "adam" keşbinde gelen wagtynda, käte sahabalara-da görünerdi. Emma Jebraýyl hemişe özüni şular ýaly ýyjgamlaşdyryp fiziki keşpde görünmezdi. Ynha, şeýle ýagdaýlarda Jebraýyly pygamberden başga hiç kim görüp bilmezdi. Aýşa (r.a) "Jebraýyly egni ýaşyl eşikli, ganatlary ýer bilen gögüñ arasyny tutup duran görnüşde gördi" diýýär. Muhammet pygamber wahyý perişdesi bolan Jebraýyldan başga-da perişdeleri görüpdi. Munuñ iñ gowy mysaly Taifden dolananda, asmanyñ ýüzünde Jebraýyl bilen birlikde "Daglaryñ perişdesi" diýip atlandyrylan perişdäni görmegidir. Hadysa Muhammet pygamber heniz Medinä göç etmänkä, yslama çagyrmak üçin Taife giden wagtynda bolup geçýär. Öñem aýdyşymyz ýaly pygamber Taifde gowy garşylanmaýar, hatda daşlanýar we pygamber ýaralanýar. Şol wagt ýany bilen giden ogullygy Zeýd bilen olardan zordan halas bolýar. Mekgä tarap ýola düşenlerinde "Karni Sealib" diýen ýerde üstüne abanan bir buludyñ içinde Jebraýyla gözi düşýär. Jebraýyl "Daglaryñ perişdesiniñ" öz emrine berilendigini aýdýar... "Gurhanyñ" özü-de perişdeleriñ arasyndan ilçileriñ seçilip alynandygyny açyk aýdýar: "Alla perişdelerden we adamlardan pygamberler seçýär" ("Haj" süresi 22/75) Bu barlyklar pygamberlere juda köp meselede kömekçi bolan bolmaly. Ynha, "Daglaryñ perişdesi" diýip atlandyrylan barlygam şeýlekin gözükdiriji barlyklaryñ biridir. Jebraýylyñ ýany bilen gelen bu barlyk pygamber bilen gepleşipdir we mundan buýana, hususanam Oña garşy zorluk-sütem etjek bolýanlaryñ garşysyna kömekçi boljakdygyny aýdypdyr. Muhammet pygamberiñ aýdyñ görüjilik ukyby bilen baglanyşykly görkezip boljak iñ gowy mysallardan biri-de namazda öñde duranlary görüşi ýaly yzky hatarda duranlary-da görüp bilmegidir. Aýdyñ görüjilik ukybyna eýe kişilerde duş gelen bu ahwalyñ ýene bir mysaly Muhiddin Arabyda-da bolup geçipdir. Ibnül Araby başyndan geçen bir wakany şeýle gürrüñ berýär. "Marokkoda Mesjidi-Ezherde okalan namaza ymamlyk edenimde, mähraba giren pursatymdan başlap, bedenim düýrmegi bilen bir bitewi göze öwrülipdi. Her iki tarapymdanam görýärdim. Kyblany görüşim ýaly yzda girýän we çykýan jemagaty-da görüp durdym. Hiç bir närse maña gizlin däldi. Hatda namazyna ýetişmeýänleri we ýalñyş okanlary görüp, olary düzediş beripdim". Kitabymyzyñ başynda Pygamberiñ Käbeden Ierusalime eden bir ýolagçylygyndan söz açypdyk. Ynha şol adatdan daşary ýolagçylygyñ ahyrynda pygamber başyndan geçen wakalary adamlara aýdyp beripdi. Emma käbirleri Onuñ hakykatdanam şeýle gudraty başyndan geçirip-geçirmändigini anyklamak üçin Oña birnäçe sowallary beripdirler. Ebu Hureýre (r.a) Pygamberiñ şondan soñky ýagdaýyny şeýle gürrüñ berýär: "Olaryñ beren sowallary bilen gyzyklanmadym we synajak bolmandym. Şol sebäpli diýseñ kyn ýagdaýa düşdüm welin, mundan öñ bular ýaly ikirjiñlenmä duş gelmändim. Şonuñ üçin Allatagala meniñ bilen Ierusalimiñ arasynda perde bolup duran aralygy ortadan aýyrdy. Men Ierusalimi edil ýanynda ýaly görýärdim we näme sorasalar ol ýere seredip nogsansyz habar berip bildim. Kureýşliler maña "Mesjidi Aksanyñ näçe gapysy bar?" diýip sorapdylar. Ýöne men Ierusalim metjidiniñ gapylaryny sanamandym. Birdenem garşymda metjit dikeldi, men oña seredip, gapylaryny birme-bir sanamaga başladym". Muhammet pygamberiñ aýdyñ görüjilik ukyby diñe fiziki mekan bilen çäklenmeýärdi. Ol bu ukyby arkaly gelejek bilen baglanyşykly käbir maglumatlary-da berýärdi. Muña mysal hökmünde Muhammet pygamberiñ Yragyñ Hyýre şäheriniñ eýelenjekdigi barada aýdyñ görüjilik ukyby arkaly öñünden habar berendigini görkezmek bolar. Harim ibni et-Taýy bu hadysany şeýle gürrüñ berýär: "Resulalla Tebuk ýörişinden dolanyp gelen günlerinde men Medinä baryp musulman boldum. Şol wagt Resulalla: "Gözümiñ perdesi aýryldy. Ynha, Hyýräniñ ap-ak köşklerimi görýärdim. Ezd taýpasyndan Nüfeýläniñ gyzy Şeýma başyna gara ýapynja örtünip we gatyra münüp gidip barýar" diýipdi... Ýyllar geçip Ebu Bekir halyf bolansoñ, Hiýrä ýöriş etdik. Hyýre şäherine gadam basanymyzda ilki bilen gözümiz düşen zat, Pygamberimiziñ habar berişi ýaly, Nüfeýläniñ gyzy Şeýma boldy. Hakykatdanam ol gara ýapynja bilen örtünipdir, ony gatyra münüp barýarka gördük". Ýene bir gün sahabalar bilen otyrka: "Siriýanyñ açarlaryny maña berýärler. Allanyñ adyndan ant içýärin, şu pursatda bärden şäheri köşgüñ gapylaryny görýärin..." diýipdir. Öñden görüjilik alamatlary bolan başga bir wakany Ebul Bahteri şeýle gürrüñ berýär: "Aly bilen Mugawyýa arasynda ýüze çykan Syffyn söweşinde bir gün suwsan Ammar ibn Ýasire birazajyk süýt hödür edildi. Süýdi görüp tekbir getiren we ýylgyran Ammardan ýylgyrmagynyñ sebäbini soradylar. Ammar Hezreti Muhammediñ özüne: "Eý Ammar, dünýäde iñ soñky içjek zadyñ süýt şerbeti bolar" diýendigini we şonuñ üçin süýdi görüp ýylgyrandygyny aýtdy". Ammar ibn Ýasir birnäçe sagatdan soñ söweş meýdanynda wepat bolupdyr... Pygamberiñ hususanam sahabalaryna gelejek zaman bilen baglanyşykly, hatda häzirki günlerimizi we has soñky döwürleri gurşap alýan juda möhüm öñünden aýdan zatlary barada ynamly deliller bardyr... Olaryñ bir bölegi Ymam Buhary tarapyndan toplanan "Sahyh Hadyslar" arkaly biziñ günlerimize gelip ýetipdir. Emma aglaba bölegi şol döwürlerde ýazga geçirilmändigi zerarly häzirki wagta çenli gelip ýetmändir. Biziñ günlerimize gelip ýeten çeşmeleriñ birinde bu barada täsin bir fakt duş gelýär. Bu fakt sahabalardan Huzeýfä (r.a) degişlidir: "Bir gezek aramyzdan galkyp turdy. Aýak üstünde durka, kyýamata çenli bolup geçjek uruşlary, fetihleri, pitneleri we bela-beterleri hiç bir nogsansyz habar berdi. Aýdylanlary bellänler belledi, unudanlar unutdy. Hezreti Muhammediñ habar beren zatlaryndan birini ýatdan çykaran bolsam, şol ýatdan çykaran zadym bolan wagtynda derrew ýadyma düşýär..." Ynha, bu hadys Muhammet pygamberiñ biziñ günlerimize çenli gelip ýetmedik başga-da birnäçe keramatlary özünde saklaýan öñden görüjiliginiñ iñ möhüm subutnamalaryndan biridir...

Ergun JANDAN.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir