MUSA PYGAMBERIÑ MUGJYZALARY

Musa pygamberiñ görkezen keramatlarynyñ añyrsynda magiki tilsimler bar. Magiýa ylmyny Müsür ybadathanalarynda öwrenen Musa bu babatda ýokary derejedäki ylymlary we taktikalary özleşdirdi. Ol bu ylymdan pygamberlik missiýasyna başlamazdan owalky durmuşynda we pygamberlik wezipesini ýerine ýetirýärkä hem ýeterlik derejede peýdalanypdyr. Dilewar däldigine garamazdan adamlara täsir etmekde gazanan adatdan daşary üstünlikleriniñ añyrsynda-da hut magiki tilsimler bardy. Musa pygamberiñ gürrüñi edilýän magiki tilsimleri barada "Töwratda" gönüden-göni söz açylýar... ...Hem-de Reb Musa we Haruna şeýle diýdi: Faraon size bir täsinlik görkeziñ diýen wagtynda, Haruna aýt: Öz taýagyñy al we ýylana öwrül diýip, faraonyñ öñüne taşla. Mundan soñ Musa bilen Harun faraonyñ ýanyna gitdiler we Rebbiñ buýruşy ýaly etdiler, Harun taýagyny faraonyñ öñüne atdy. Taýak ýylana öwrüldi. Faraon danyşmentlerini, efsunçylaryny we jadygöýlerini çagyrdy. Olaram jadyly tilsimleri bilen şuña meñzeş iş etdiler: her biri elindäki taýagyny atdy, taýaklar ýylana öwrüldi. Harunyñ "taýagy" olaryñ "taýaklarynyñ" barsyny lak-luk atdy". ("Çykyş", 2/8-22) Musanyñ durmuşynda bolup geçen bu magiki tilsimi "Gurhanam" agzap geçýär: "Faraon: "Bir mugjyza getiren bolsañ, orta goý bakaly, dogruçyl bolýan bolsañ muny başararsyñ..." ("Araf" süresi, 7/107-108). "Töwratda" faraonyñ magiýaçylary bilen Musanyñ we onuñ sahabalarynyñ garşylyklaýyn "magiýa çaknyşyklaryndan" mysallar diýseñ kän. Onuñ sahabalarynyñ, hususanam Harunyñ bu babatda kämil inisiasiýaly şahsyýetlerdigine "Töwratda" aýdylýanlardanam göz ýetirmek kyn däl. Taýagyñ ýylana öwrülmesi munuñ ýekeje mysalydyr. Mundan başga-da tebigy hadysalara täsir etmek we adamlar üçin aýgytly netijeler emele getiren magiki tilsimleriñ Musa tarapyndanam, Harun tarapyndanam amala aşyrylandygy hakynda mysallar kändir: "Hem-de Reb Musa bilen Haruna diýdi: "Ýanyñyza aýañyzy dolduryp ojakdan kül alyñ, Musa faraonyñ gözüniñ alnynda küli asmana sowursyn. Müsüriñ ähli ýerinde ýeñiljek tozan turar. Adamlaryñ we haýwanlaryñ endamyndan iriñli çyban çykar. Olar gysymlaryna kül alyp faraonyñ garşysyna dikildiler. Musa elindäki küli asmana seçeläp goýberdi. Adamlarda we haýwanlarda iriñli çyban döredi. Jadygöýler çyban derdine garşy Musanyñ öñünde durup bilmediler. Çünki bütin müsürlilerde bolşy ýaly, jadygöýleriñ özünde-de çyban bardy". ("Çykyş, Bab: 9/8-11) Şol döwürde bolup geçen ýene bir mugjyza bar. Waka şeýle seredende birbada ynanar ýalam däl: Gyzyl deñiz darka ikä bölünýär. Bu adatdan daşary wakanyñ "Töwratda-da", "Gurhanda-da" agzalýandygyny bilelikde göreliñ: "...Musa deñize tarap elini uzatdy. Reb gijäniñ kuwwatyny gurşap alan gündogar ýeli bilen deñizi serpikdirdi we deñizi gury ýere öwürdi. Suwlar darka ikä bölündi..." ("Çykyş", 14/21) "Mundan soñ Biz Musa: "Taýagyñy deñize ur" diýip wahyý inderdik. Deñiz şobada ikä bölündi..." ("Şuara" süresi, 26/63) Musanyñ ady rowaýata öwrülen syrly hasasy şu ýerde-de öz etmeli işini edýär... Hasanyñ şular ýaly ýerlerde herekete girişine, magiýanyñ mugjyzalardaky funksiýasyna has giñişleýin göz ýetirmek isleseñiz, onda magiýa bilen baglanyşykly bilýän zatlarymyzy gaýtadan gözden geçireliñ... 


Ergün JANDAN.

www.kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir