1 DUÝUŞDAN DAŞARKY UKYPLARY

 Isa pygamberiñ görkezen tebipçilik tilsimleriniñ yzysüre "duýuşdan daşarky ukyplarynyñam" kämil derejede bolandygy mälimdir. Onuñ bu aýratynlygyna goldanan buthanalaryñ ilkinji işläp başlan ýyllarynda ruhanylar tarapyndan ilki "keramat" we "ruhy aragatnaşyk" görnüşindäki dürli medium häsiýetli işler hut buthananyñ öz içinde amala aşyrylýardy. Gynansak-da, bu tilsimler II asyryñ ahyrlarynda buthananyñ gün tertibinden we hristianlyk düzgüninden resmi ýagdaýda aýrylypdyr. Isa pygamber adamlaryñ ýanynda durka başyndan geçirýän ahwalyny, geçmişini, häsiýetlerini "duýuşdan daşarky ukyplary" arkaly şobada anyklap bilýärdi... "...Baýramçylyk günlerinde Ýeruşalimdekä görkezen alamatlaryna şaýatlyk edenler oña iman getirdiler. Emma Isa adamlaryñ ýagdaýyny gowy bilýändigi üçin olara ynanmaýardy... Çünki adamlaryñ näme pikirdedigini özi gowy bilýärdi". ("Ioann", Bab: 2/23-25). Öñünde duran adamyñ aklyndan geçenleri aýnada ýaly görýän we munuñ üçin telepatiýa ukybyna eýe bolan Isa pygamber özüne ynanmaýanlara, görmedik ýerinden öýlerinde bolup geçýänleri aýdyp bilýän ukyba eýedigi "Gurhanyñ" "Aly-Ymran" süresiniñ 49-njy aýatynyñ soñunda aýdylýandyr. Isa pygamber aýdyñ görüjilik ukyby arkaly gelejek bilen baglanşykly hadysalar hakynda keramat häsiýetli açyk we kesgitli maglumatlar aýdyp bilýärdi. Bu babatda Injilleriñ sahypalarynda sanardan köp mysallar bar. Ynha, olardan diñe biri... Isa pygamber hawarilerini yzyna tirkäp Zeýtunlyk dagyndan Ierusalime tarap ýola çykýar. Ybadathanalaryñ arasyndan geçip barýarka hawarileriniñ arasynda bolup geçen bir gürrüñ Injilde şeýle beýan edilipdir: "...Isa ybadathanadan çykyp barýarka ybadathananyñ diwarlaryny oña görkezmek üçin şägirtleri ýanyna geldiler. Isa hem olara jogap berdi: "Bu zatlary görýäñizmi? Dogrusy size aýdýaryn: Bärde daşyñ üstünden ýykylmadyk daş galdyrylmaz". ("Matta", Bab: 24/1-2). Isa pygamberiñ bu aýdan sözi kyrk ýyl geçensoñ amala aşýar... Rimli general Titus Ierusalimi gabaýar we şäheri ýer bilen ýegsan edip taşlaýar.

Ergun JANDAN

kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir