2015-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy ABŞ-yň Florida ştatynyň Kanawarel burnunyň kosmodromyndan Aşgabat wagty bilen irden 7 sagat 10 minutda özüniň ýerleşmeli Älem giňişliginiň gündogar uzaklygynyň 52-nji nokadynda Ýer üstünden 36 müň km beýiklige üstünlikli ýerleşdirildi. Biziň ýurdumyzyň buýurmasy esasynda «Thales Alenia Space» fransuz kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan kosmiki enjam «Falcon 9» göteriji-raketa bilen älem giňişligine çykaryldy.

Maý aýynyň 31-ine çenli möhletde meýilnama laýyklykda, «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk hemranyň teleradio aragatnaşyk tolkunlarynyň alnyp berlişi boýunça soňky synag-barlaglary geçirildi. Synag-barlaglardan soňra «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy 2015-nji ýylyň iýun aýynyň birinji ongünlüginde potratçy – Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe”kompaniýasy tarapyndan Türkmenistana tabşyryldy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Milli Kosmos Agentligi”-niň berýän maglumatlaryna görä, biziň bu emeli hemramyzyň ömri 15 ýyldyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde 2015-nji ýyldan başlap, türkmen teleradio kanallary öz emeli hemramyzyň üsti bilen görkezilip başlandy.

Häzir ýurdumyzda Altyn asyr (12265 V 27500), Ýaşlyk (12265 V 27500), Miras (12265 V 27500), Türkmenisran (12265 V 27500), Türkmen sporty (12303 V 27500), Türkmen Owazy (12303 V 27500) we Aşgabat (12303 V 27500) ýaly telewidinýe kanallary bar. Şol sanda ýurdumyzyň Watan, Çar tarapdan, Owaz we Miras ýaly radio kanallary hem bardyr.

Tehnologiýa, bank tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir