Türkmen halkyna (Muhammetguly Atabaýew)Şu gün bizleriñ her tüýsli uly baýramymyz we ýagşy genlerimiz bolsa, şo günden beter bir ýagşy gündür. Bizleriñ borjumyzdyr ke, ýagşy ýürek bilen doga etmek bilen biziñ, okuwsyz, aam türkmenleriñ, gözüni açmak pikiri bilen biziñ dilimizde gazet çykargan adamlarga. Olarga biz, türkmenler, üýşüp ýagşy Tañry ýalkasyn bermek borjumyzdyr. Hudaýa şükür, biz hem bir millet hataryna goşuldyk.Hemme milletler arasynda gazet çykýandyr. Emma türkmenler aralarynda bilýän (bolmalysy: beýle) ýagşy zat ýokdur. Milletleriñ içinde her bir işde türkmenlerden aýaga galan ýokdur. Belki Huda, imdi bizleriñ hem gözlerimiz kem-kemden açylyp, il hataryna goşulsak, gazet okap, her ýerleriñ täze habaryny, işlerini bilip, kem zatlarymyzy ýetirsek, öz türkmen içimizde bolgan işlerimiziñ ýagşysyna ýagşy, ýamanyna ýaman diýip, ýetmedik zatlarymyzy oñarsak, jemg, agzybir bolup.Elbetde, biz az-(m) az hat bilýän adam şu gazetini ýazdyrar we töweregindäki hat bilmedik adamlarga okap bildirer. Şeýlelik bilen, bizler hem, enşalla, az-azdan ýolga tüşermiz. Şükür Hudaga, türkmenler hem imdi okuwynyñ gadyryny biraz bilerler we oglanlaryny yşkola berurlar. Hat bilegen adamlar gün-günden içimizde köpeler.Şu çykjak türkmen dilindäki gazetde dogry boluşy ýazyljakdyr. Uruş, söwda, okuw, ekin-tikin, adat-düzgün we her bir şuña meñzeş zatlar, garaz, ahyry şu gazetde dünýäde bolgan her bir geñ gürrüñ, peýdaly habar bolsa ýazylyp mälim ediljek. Ol sebäpden men hem hemme okuwly türkmen doganlarymga maslahat berermen: şu gazetni derrew her (kim) öz adyga birisini ýazdyryp, okap bersin öz töwereginde hat bilmän adamlarga. Köp bir haýyrly, sogap işdir.

(14. XII. 1914)

Muhammetguly Atabaýew

''Ruznameýi Maweraýi Bahri Hazar''

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir