Garaja Burunow
(1898-1964)




Altmyşynjy ýylda çagalar edebiýatyndan ylmy iş ýazyp başladym. Dissertasiýa üçin ilkinji gowy goşgyny hem gowy hekaýany gözläp ýörün. G. Burunowyñ ady bilen tebigat barada, çaga dilinde, ýeñil, sazlaşykly ýazylan ''Gazlar'' goşgusy ýadyma düşdi. Ony ikinji klasda okuw kitabyndan ýat tutupdym. Ýöne goşgynyñ nirede çap bolanyny bilmek möhümdi.
Garaja aganyñ ençeme wagt bäri näsag ýatanyny eşitdim. Onuñ aýak üstünde gezip ýörenini görmedim. Ol tegelek ýüzli, garaýagyzrak, orta boýly adam bolup çalarak göz öñüme gelýär. Biziñ çagalyk ýyllarymyz (otuzunjy ýyllar) goşgy yzyna goşgusy, poýema yzyna poýemasy metbugatda çap bolardy. Ol Berdi Kerbabaýew bilen heserdeş, XX asyryñ ilkinji ýaşuly ýazyjylarynyñ biri bolansoñ, özem düşekde ýatansoñ, çekinibräk, hem-ä hal-ýagdaýyny soraryn, hemem ''Gazlar'' goşgusynyñ ýazylan ýylyny ㅡ ilkinji çeşmesini anyklaryn niýeti bilen Garaja Burunowyñ öýüne bardym.
Ol soragyma bir hili boldy.
ㅡ O nähili goşgy? ㅡ diýip sorady.

Gak-gak edip uçar gazlar,
Gökde ganat açar gazlar,
Gök otlary otlamaga
Ala dagdan geçer gazlar.

Gazlar uçar owaz eýläp,
Ot iýýärler saýlap-saýlap,
Gygyldaşyp süýji sözläp,
Ala dagdan geçer gazlar.

Üç bent goşgynyñ iki oýnamyny ýatdan okap berdim.
Garaja aga bada-bat aýtdy:
ㅡ Munuñ ýaly goşgy ýazanym ýadyma düşmeýär ㅡ Soñ biraz pikire batdy ㅡ Ogul, ýigriminji ýyllarda Daşkentde okuwçylar üçin kitap çykypdy. Şonda goşgularam bar ýalydy.
Okalga baryp ''Türkmen elipbiýi'' diýip, 1921-nji ýylda Daşkentde çap bolan okuw kitabyny elime aldym. Şonda-da Molla Sähet diýen adamyñ ady bilen berlen ''Gazlar'' goşgusyny tapaýdym. Garaja Burunowyñ ýanyna baryp, oña goşgyny Molla Sähet diýen adamyñ ýazandygyny aýtdym. Ol bolsa neşirýata jañ etdi.
ㅡ Ikinji klasyñ kitabynda meniñ adym bilen gidip duran ''Gazlar'' goşgusyny ýazan Molla Sähet bolmaly.
Şondan soñ şol goşgy köp ýyllap, M. Sähediñ ady bilen okuw kitabynda gaýtalanyp neşir edildi.
Garaja Burunow hakda gürrüñ gozgalsa, mydama, ilki bilen, ''Gazlar'' atly goşgy ýadyma düşýär.


Kaýum TAÑRYGULYÝEW

Garagum 2008. No 3.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir