Ýazyjy Muhammetguly Atabaý ogly

Türkmen edebiýatynyñ taryhynda XIX asyryñ ahyrlaryndan XX asyryñ otuzunjy ýyllaryna çenli bolan döwürde dowam eden jeditçilik (täzeçillik) akymynyñ meşhur wekilleriniñ biri Muhammetguly Atabaý ogly 1885-nji ýylda şol wagtky Zakaspiý oblastynyñ Aşgabat uýezdiniñ Durun pristawlygynda (häzirki Ahal welaýatynyñ Baharly etrabyna) degişli Nohur obasynda dünýä inýär. Onuñ kakasy, Nohur obasynyñ arçyny bolup işlän Atabaý aga oglunyñ ylymly-bilimli bolup ýetişmeginiñ aladasyny edýär. Muhammetguly 1905-nji ýylda Bäherdeniñ asly Gürjüstanyñ Gori şäherinden bolan türk Hasan Efendiniñ (Gasan Moiseýewiç Efendiýewiñ) müdirligindäki rus-ýerli mekdep-internaty gutaryp, Daşkent şäherindäki üç ýyllyk mugallymçylyk seminariýasyna okuwa girýär we ony 1908-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar.
Ýaş mugallym 1909-njy ýylda Sankt-Peterburgda tomusky mugallymçylyk kurslarynda okap, bilimini artdyrýar.
Muhammetguly Atabaý ogly 1908ㅡ1913-nji ýyllar aralygynda, bäş ýyllap Mary şäherindäki rus-ýerli mekdebiñ mugallymy bolup işleýär. Onuñ okuwçylarynyñ arasyndan Türkmenistan SSR-niñ 1925-nji ýylda ilkinji magaryf halk komissary (ministri) bolan Bäşim Gulbeşerow (1898ㅡ1938) ýaly görnükli şahslar ösüp ýetişýär.
Aşgabat uýezd uprawleniýesinde terjimeçi bolup işläp ýören M. Atabaý ogly 1914-nji ýylyñ dekabrynda ''Ruzname-ýi Mawera-ýi Bahr-i Hazar'' diýen parsça we ''Zakaspiýskaýa Tuzemnaýa Gazeta'' diýen rusça at bilen (türkmençe at goýulmandyr) türkmen hem-de pars dillerinde neşir edilip başlanan ilkinji gazetiñ redaksiýasynda hem işläp ugraýar we bu ýerde 1915-nji ýylyñ apreline çenli zähmet çekýär. Ol birnäçe wagtlap Hazar deñzindäki Çeleken adasynda ýerleşen mekdepde mugallymçylyk edýär. 1915-nji ýylyñ aýagynda dogduk obasy Nohurda täze usulda işleýän (jeditçe) mekdep açýar we şol ýerde ömrüniñ iñ soñky gününe çenli çagalara bilim we terbiýe berýär. Muhammetguly Atabaý ogly 1916-njy ýylyñ 2-nji martynda 31 ýaşynyñ içinde aradan çykýar.
Milli edebiýatymyzyñ taryhynda wagt taýyndan nusgawy (klassyky) döwür bilen sowet döwrüniñ aralygynda dowam eden jeditçilik (täzeçillik) akymynyñ görnükli wekili hökmünde gysga ömründe özüni kemsiz tanatmaga ýetişen Muhammetguly Atabaý oglunyñ edebi mirasyny ilkinji türkmençe döwürleýin neşir bolan ''Ruzname-ýi Mawera-ýi Bahr-i Hazar'' gazetiniñ sahypalarynda okyjylara ýetirilen, göwrümi taýyndan uly bolmadyk, emma many-mazmundan doly soaial-tankydy makalalarydyr goşgulary düzýär. Öz milletini jan-dilden söýen M. Atabaý ogly gazetde çap edilen goşgularynda:

Gitnegil duşman sözüge, gulak goý dostluk söze
Az görermen öz janymny gurban etsem, millet size

ýa-da
Şahyr bolsañ, çek pikirin milletiñ,
Okap bilmek bolsun her bir parzyñ-senediñ ㅡ
diýip ýazmak bilen, ylymly-bilimli adamlary öz halkyna hyzmat etmäge çagyrýar. Milleti ösdürmegiñ ýoly hökmünde halk köpçüliginiñ ylymly-bilimli bolmagynyñ zerurlygyny nygtaýar:
Ýatma gapyl,
Aç gözüñni,
Gitmegil akmak söze,
Bilgil hökman:
Müñ iş geler başymyza
Ylymsyzlykdan bize.
Jeditçi ýazyjylar şol döwürlerde türkmen halkynyñ beýleki halklardan (hususan-da Ýewropa halklaryndan) medeniýetde, ykdysadyýetde we başga ugurlarda yza galandygyna akyl ýetiripdirler, onuñ sebäbine deşünipdirler, onuñ sebäbine düşünipdirler, yza galaklygy ýeñip geçmek üçin ýol gözläpdirler. M. Atabaý oglunyñ täzeçilikçi bolup çykyş etmegi gadymçy mollalaryñ göwnünden turmandyr. Olar gazetde jeditçi ýazyjynyñ öñe süren pikirlerine garşy makalalar çap edipdirler. M. Atabaý ogly ýokarda mysal getirilen setirlerinde ''duşman sözi'' ''akmak sözi'' diýip, gadymçy mollalaryñ sözlerini göz öñünde tutýar. Ol türkmen halkynyñ medeni ösüşine garşy çykyp, oña böwet bolan gadymçy mollalaryñ hakyky keşbini okyjylara açyp görkezýär:

Meslige çydaman,
baýrak berip
uruşdyrar siz iti,
Pikiriñize düşmez hiç wagt
ar-namys milleti.
Gaýgy-gam çekmersiñiz
ne iş düşse
millet başa,
Mugt pul ýygnap,
şat bolar siz,
sebäp siz ýaman işe
Molladan peýda ýokdugy
bizlerge ýagşy aýan,
Seniñ dek molladyr
milleti yza goýan.
Ýagşy-ýamany bilmezler,
olar köp pula doýan,
Eý, millet jan,
mollalarga gulak bermegil,
indi ukydan oýan!

Ýokardaky ýaly täzeçe ölçeglerde birnäçe birnäçe goşgulary gazetde çap edilen-de bolsa, Muhammetguly Atabaý ogly türkmen edebiýatynyñ taryhynda XX asyryñ başlarynda döredilen çeper prozanyñ, hususan-da çeper publisistikanyñ ilkinji nusgalarynyñ ýazary hökmünde has-da meşhurdyr.
Jeditçi ýazyjylar, şol sanda M. Atabaý ogly hem, eserlerinden belli bolşy ýaly, özlerinden soñky sowet ýazyjylaryndan tapawutlylykda, Tañrysyny tanan, Alla iman getiren musulman adamlar bolupdyrlar. Täzeligiñ duşmany bolan gadymçy mollalardan tapawutlanmak üçin öz eserlerine ''Mugallym Muhammetguly Atabaý ogly'' diýip, gol çeken jeditçi ýazyjymyzyñ makalalarynda ilkinji gezek gozgalyp, edebiýatyñ gün tertibine çykarylan düýpli meseleleriñ käbiri henize çenli öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Onuñ eserlerinde sosial kemçilikleriñ has çişirilip, ulaldylyp görkezilmegi (giperbola) ýazyjynyñ öz milletine bolan söýgüsiniñ egsilmezdigini, wepasynyñ çäksiz uludygyny, şol kemçilikleriñ tiz düzedilip, türkmenleriñ öñdebaryjy halka öwrülmegini tüýs ýürekden isländigini añlatmak üçin ulanan çeperçilik täridir. Käte öte geçýän-de bolsa, ýazyjy şeýle täri ulanmak arkaly adamlary gyjyndyrmak, olara güýçli täsir etmek, tutuş halk köoçüligini durmuşda ýüze çykýan täze wezipeleri çözmäge galkyndyrmak isläpdir.
Muhammetguly Atabaý oglunyñ ömri we döredijiligi hakynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyñ habarçy agzasy Täşli Hydyrowyñ, merhum professor Nedir Kulyýewiñ, merhum dosent Allaberdi Oraztaganowyñ, publisist ýazyjy Allaýar Çüriýewiñ we käbir beýleki awtorlaryñ işlerinde gymmatly maglumatlar bar. Olaryñ köpüsi öz döwrüniñ talaplaryna laýyklykda jeditçi ýazyja, esasanam, magaryf işgäri hökmünde baha beripdirler. Şeýle ýagdaýa sowet döwründe ýazylan tatar jeditçiliginiñ taryhynda-da gabat gelmek bolýar. Öñ magaryf işgäri hasaplanan ýazyjylaryñ hemmesi türki halklaryñ edebiýat taryhynda häzirki wagtda jeditçi ýazyjylar hökmünde öwrenilmäge başlandy.
Muhammetguly Atabaý oglunyñ eserleri mysal edilip, ylmy işlere bölekleýin alnan bolsa-da, tutuşlygyna arap elipbiýinden häzirki ýazuwymyza geçirilip, henize çenli dolulygyna (gysgaldylman) halk köpçüligine ýetirilmändir. Biz ýazyjynyñ ''Ruzname-ýi Mawera-ýi Bahr-i Hazar'' gazetinde çap bolan çaklañja sosial-tankydy makalalarynyñ dokuz sanysy we onuñ özi hakynda şol gazetde berlen iki sany habary çap edilen senesine görä yzygiderlilikde ýerleşdirip, häzirki ýazuwymyza geçirip, ''Garagum'' £urnalynyñ hormatly okyjylaryny dykgatyna hödürleýäris.

Aýna Söýegowa,
Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary Geñeşiñ Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyñ aspiranty.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir