BEÝIK SOLTAN ABUTALYP TOGRUL BEGIŇ BEÝANY Abutalyp Muhammet ibn Mikaýyl ibn Seljuk dört ýüz ýigrimi dördünji ýylda soltanlyk tagtyna geçip, patyşalygyň öwgüli dessuryn öňe tutup, jahandarlyk däbini we resimlerini ýerine ýetirip başlady. Wezir, maslahatçy, hajyp we kätip tutundy. Wezirleri: Abulkasym Güýäni, Ahmet Dehistany, Amydyl Melik Abu Nasyr Kender. Hajyby – Abdyrahman Agajy. Ýigrimi alty ýyl patyşalyk etdi. Allatagala bir guluna ebedilik bagtyýarlygy bermek islese, oňa dünýäde we ahyretde haýyrly we gowy ýerleri bagyş eder, şerigat işlerini ýokary götermäge hyjuwly kylar, haýyr-yhsan- lar we ýagşy işler etmäge meşgullandyrar. Şunuň ýaly ýagdaýy seljuk neberesiniň soltanlaryna hem miýesser edipdi. Yslam şäherlerinde näçe uly şäher bar bolsa, hemmesinde bularyň haýyr-yhsanlary, ymaratlary we medreseleri bardy. Soltan Togrul beg Hemedana geldi. Welilerden üç pir bardy. Olar Hemedanyň ýanynda Hyzyr atly bir dagjagaz bardy, olar şonda oturýardylar. Olara Baba Tahyr, Baba Jagfar, Şyh Hymşa diýerdiler. Soltan bulary eşidip, leşgeri goýup, pyýadalap wezir Abu Nasyr bilen olaryň ýanyna geldi we ellerini öpdi. Baba Tahyr az-kem perişan ýagdaýdady. Soltana aýtdy: — Eý, türk (türkmen), bu Allatagala halkyny näme edersiň? Soltan aýtdy: — Sen näme diýseň şeýle ederin. Baba Tahyr aýtdy: — Allatagala näme diýse, şeýle et, ýagny «hakykatdan-da Allatagala adyllygy we yhsany emr edýändir». Soltan aglady we aýtdy: — Enşa Alla, şeýle ederin. Baba Tahyr niçe ýyllardan bäri täret kylyp, elinde göterip ýören kündügini çykaryp, Soltanyň eline berip, aýtdy: — Älemiň patyşalygyny şunuň kibi eliňde goýduk. Patyşa dagy ony mydama goltugynda göterip, jeň bolsa ony eline alardy. Allatagala oňa üstünlik bererdi. Soltan Mesgut Togrul begiň soltanlygynyň berkarar bolandygyny we günbe-günden kuwwatynyň berkeýändigini eşidip, sürüp, Gazna geldi. Leşger toplap, tamam ýaraglanyp, Horasana geldi. Ol wagtda Togrul beg Tusda bolup, gardaşy bilen bir ýerde däldi. Mesgut gije çozup, gardaşy bilen birleşdirmezlik isledi. Agşam boldy. Soltan Mesgut örän ýörgür pile, goşunlar bolsa atlara atlanyp, Tusa garşy ugradylar. Aralyk ýigrimi bäş parsaň ýoldy. Şol gije Tusa ýetmegi niýet etdiler. Ýolda pil üstünde uklady. Hiç kimiň ony oýarmaga we pilini gyssamaga bogny ysmady. Ertesi Togrul bege habar ýetişip, gardaşy Çagry bege birleşdi. Soltan Mesgut eşidip, örän melul boldy we gaharyny pilbanlardan çykardy. Ol yza dönüp, söweşe taýýarlanyp başlady. Saragt bilen Merwiň arasynda bir sähra bardy. Olar şol ýerde seljuklar bilen garpyşdylar. Seljuklar ol ýerlerde näçe suw bar bolsa, özleri bilen alyp, guýulary gömdüler. Soltan Mesgudyň leşgeri we dowarlary suwsuzlykdan hallary harap bolup, örän gowşadylar we ahyry yza gaçdylar. Soltan Mesgut özüniň ýalňyz galandygyny görüp, ol hem deňinden at geçirmeýän ýüwrük pile münüp, gaçdy. Hazyna, esbap we gymmatbaha zatlar garaz näme bar bolsa, baryny taşlap gaçdylar. Hemmesini taladylar. Bir bölek türkmen Soltan Mesgudy kowalady. Mesgut gaharlanyp, pilden düşüp, ata münüp, olara hemle urdy. Bir atla bir gürzi urup, ol kişini we atyny parçalady. Galany yza döndüler. Her bölek leşger gelse, bu urguny görüp, yzyna dönerdi. Muny bir kişi görüp, gorkup Mesguda aýtdy: — Eý, Hudawent, urgusy şeýle güýçli bolan kişiniň gaçmagyna neneňsi düşünmeli? Mesgut aýtdy: — Hünär budur ki gördüň, emma döwlet ýokdur. Elden ne geler. Seljuklar mundan soň tamam kuwwat tapyp, şöwket tutdular. Horasanda näçe pytran leşger bar bolsa, hemmesi jemlendiler. Bu wakalar ýüreklere täsir etdi. Patyşalyk berkarar we jahan tabyn boldy. Soň Çagry beg, Togrul beg, kakalarynyň doganlary bolan Beýgu (Ýabgu) Kelan atlandyrylýan Musa ibn Seljuk, doganoglanlary, goşun begleri hemmesi ýygnanyşdylar. Agzybirlik bilen äht etdiler. Togrul beg Oguz han ýaly edip, gardaşynyň eline bir ok berip, aýtdy: — Muny syndyr. Ol kynçylyksyz döwdi. Ýene-de berip, aýtdy: — Ikisini bilelikde döw. Ony dagy döwdi. Üç ok berdi. Kynçylyk bilen döwdi. Dört ok berdi. Jan edip, döwüp bilmedi. Togrul beg aýtdy: — Bizem şol oklara meňzeşdiris. Her ýerde ýalňyz bolsak, döwerler. Bir ýerde bolup, agzybir bolsak, hiç kim bize üstün bolmaz. Eger aramyzda agzalalyk bolsa, jahan eýelenmez, duşman üstün bolup, soltanlyk elimizden gider. Soň ylalaşyp, akyl we parasat ýüzünden halypa emiril-möminin el-Kaýym Bemrilla hat ýazyp: «Biz Seljuk neberesinden bolan bendeleriňiz bolup, mydama pygamberimiziň dergähiniň bendeleri we halypa hezretiniň döwletini isleýän bir taýpadyrys. Hemişe gazawat we din söweşlerine meşguldyk. Käbeýi Mugazzama zyýarat ederdik. Biziň bir ýolbaşçy doganoglan agamyz bardy. Adyna Ysraýyl ibn Seljuk diýerdiler. Ýemineddöwle Mahmyt ibn Söbüktegin ony günäsiz tutup, Hindistana Kälinjer galasyna goýberdi. Ýedi ýyl onda tussag ýatyp, ol ýerde wepat boldy. Bize degişli köp sanly adamlarymyzy we ýakynlarymyzy tutup, dürli galalara gönderdi. Mahmyt öldi. Mesgut onuň ýerine geçip, oýun güýmenja we şagalaňa meşgul boldy. Müňkir we şerigata laýyk däl işleri ýerine ýetirip başlady. Döwlet işleri, halkyň asudalygy togtap galdy. Onsoň Horasanyň begzadalary we meşhurlary jem bolup, bizden «Musulmanlaryň asudalygy perişan bolmaz ýaly halka hemaýat edip, ýurduň gözegçiligini ele alyň» diýip, haýyş etdiler. Onsoň Mesgudyň leşgeri bizin galamyza garşy hereket etdiler. Jenaby Hakyň ýardamy bilen we hezreti pygamberiň mugjyzasy bilen ýeňiş bize bakyp, Mesgut ýeňildi. Tugy synyp, gaçmaga ýüz goýdy. Täji-tagtyny, mülk-döwletini bize goýdy. Bu nygmat üçin Allatagala dergähine şükür we sena kylyp, raýata adyllyk we ynsap görkezip, geçen soltanlaryň däbine görä emiril-möminin hezretlerinden rugsat alyp, haýry nesihatlaryny eşideris» diýdiler we ony ynamdary Abu Yshak birle iberdiler. Ol wagtda wezir Abdylmelikdi. Bu haty iberip, welaýatlary we ýurtlary bölüp, bu ýolbaşçylaryň her birisi bir tarapy özlerine degişli etdiler. Uly gardaşy Çagry beg öýüni köşk edinip, Horasanyň köpüsini özüne degişli etdi. Musa Beýgu Heraý (Hyrat), Sistan we ol töwereklerden näçe basyp alyp bilse, özüne degişli edindi. Çagry begiň uly ogly Kawurt (Gurt) Kerman sebitlerini tutdy. Soltan Togrul beg Yrak taraplaryna ugrady. Reýi basyp alyp, ony paýtagt edindi. Enebir gardaşy Ybraýym ibn Ynaly Ebher we Zengan sebitlerine we Azerbaýjana gönderdi. Doganoglanynyň ogly Gutlumyşy Gürgene we Damagana gönderdi. Gardaşy Çagry begiň ogly Alp Arslan Muhammedi öz ýanynda egindeş we söhbetdeş edip saklady. Mydama onuň bilen maslahatlaşardy, gürrüňleşerdi. Soltan Togrul begiň haty emiril-möminin halypa el-Kaýym Bemrilla hezretlerine ýetişdi. Halypa örän hormat bilen okap, örän şat boldy. Gelen kişä uly hormat bilen halat-serpaýlar edip, ogly Hibetylla ibn Muhammet el-Mamuny soltana ilçilige iberdi. Ony agyr halatlar we hoş-salamnamalar bilen ýola salyp, Togrul soltany Bagdada çagyrmagy sargap, «Sen ony höweslendir, goý gelip Bagdady görsün hem biri-birimiz bilen duşuşaly. Duşuşyk pursaty hyýal yalydyr. Onda duşuşmaga mümkinçilik barka, tagalla edip görmek gerek» diýdi. Soň dört ýüz otuz ýedinji hijri ýylynda Bagdadyň münberlerinde Togrul begiň adyna hutba okamagy buýurdy. Onuň adyny zikgede nagyş etdiler hem-de Soltan Rukneddöwle Abu Talyp Togrul beg Muhammet ibn Mikaýyl Ýemineddöwle lakamyny berdiler. Hutbada onuň adyndan soňra Azudeddöwle Deýleminiň agtygy Soltaneddöwle Melik Rahymyň adyny aýdardylar. Hibetylla Soltanyň gaşyna ýetişip, örän tagzym we hormat edip, hyzmatyna baryp, halypanyň sargydyny aýtdy. Emma soltan töwerekdäki ýurtlary we sebitleri basyp almaga meşgul bolup, Bagdada barmaga eli degmeýärdi. Tamam üç ýyl Hibetylla Soltanyň ýanynda boldy. Ahyry pursat bolup, Soltan Bagdat tarapa ýüzlendi. Halypa ýollarda dürli myhman kabul edişlikler gurapdy. Melik Rahym dagy Soltany garşylap, Nehriwana geldi. Melik Rahym Soltana päsgelçilikler döredýärdi. Şonuň üçin Soltan ony tutup, Reýe gönderdi. Bu iş halka örän hoş gelip, dogalar we senalar etdiler. Bagdada gelip, dogry halypanyň köşgüne ýüzlenip, dergähine ýetişip, hyzmat we tagzym däp-dessurlaryny ýerine ýetirdi. Soň ýene dönüp, öz menziline geldi. Halypa onuň yzyndan agyr sowgatlar gönderdi we ýene çagyryp, hoş myhmandarlyklar etdi. Älem welaýatyny Soltana karar edip, Yragyň, Kuhystanyň we beýleki ýurtlaryň hakyky we rugsatly patyşasy boldy. Togrul beg bir näçe wagt halypa gaşynda hemsöhbet boldy. Soň halypanyň rugsady bilen ýene ýurduna rowana boldy. Bagdat ýurdunyň goşunbaşysy bolan Besasyr halypa garşy baş göterip ýöriş edip, ony ele salmak isledi. Halypa çaltlyk bilen Soltana habar iberip, ony ýene Bagdada çagyrdy. Soltan tizlik bilen dönüp, Bagdada ýüzlendi. Ony eşiden Besasyr we beýleki baş göterenleriň hemmesi Şama gaçyp gitdiler. Ybraýym ibn Ynal dagy Soltanyň garşysyna çykyp, ýurt almak niýeti bilen Hemedan tarapa ugrady. Soltan yza dönüp, onuň yzyndan ýetip, ony tutup öldürdi. Besasyr Soltanyň yza dönendigini eşidip, ýene-de Bagdada geldi. Mosulyň patyşasy Garawaş ibn Mukallat onuň birle birleşip, halypany haremhanada gabap, ahyry ýesir etdiler hem-de parasatly, kämil, dana kişi bolan we dürli kämillikler bilen bezelen emirler emirini gynap öldürdiler. Halypany onda tussag edip, Meharyş atly bir araba tabşyrdylar. Bagdatda bir ýyl müsürlileriň adyna hutba okadylar. Besasyryň duşmanlygy külli musulmanlaryň köňlünde mäkäm ornaşdy. Bagdadyň häkimi bolan Itegin Süleýmany gaçyp, Halwana geldi. Halwanda oňa halypadan bir hat gowuşdy. Halypa Itegine bu haty Soltana eltmegi tabşyrypdyr. Hatda «Alla! Alla! Musulmanlara ýardam ber we medet et. Çünki lagnaty duşman üstün bolup, kapyrlyk şygaryn äşgär edip, musulmanlyk alamatlaryny aradan aýyrdylar» diýlip ýazylypdyr. Itegin muny Soltana ýetirdi. Soltan perişan bolup, Besasyra gaty gaharlanyp, weziri Abdylmelige aýtdy: — Tiz Itegine jogap ýaz. Hut özi ýollara gözegçilik etsin we gorasyn. Biz ýetişeris. Muny köňlüne teselli bolar ýaly halypa-da ýetirsin. Amydyl Melik dana kätiplerden bolan Safy Abul Alaýyny çagyryp, Iteginden gelen haty görkezip, aýtdy: — Bu hata, halypa gowşanda onuň göwnüni ynjaldar ýaly bir gysgaça jogap ýaz. Abul Ala ol haty alyp, yzyna «Olaryň ýanyna dolan, biz olaryň tarapynda bolmadyk goşun bilen bararys. Olary ol ýerden hor-zelil edip, çykararys. Olar peslerdendir» diýen mazmundaky aýaty ýazdy. Amydyl Melik bu jogaby Soltana arz etdi. Jogap Soltanyň göwnüne ýaransoň, öz geýýän donlaryny we özüniň gatyrlaryndan birini Abul Ala peşgeş etdi. Haty Itegine gönderip, Soltan dagy köplüginden ýerleri titredýän we tozanyndan gökleri gubarlandyrýan leşger bilen Yraga ugrady. Ol ýere baryp, Allanyň ýardamy bilen Besasyry tutup, Bagdadyň derwezesinden asdyrdy. Şeýle-de näçe mukdarda baş göteren kişi bar bolsa, hemmesini syýasat etdi. Dört ýüz elli birinji ýylda Soltan halypanyň yzyndan adam iberip, ony halypalyk edýän ýerine ýetirdi. Bagdada ýakyn gelende, Soltan özüniň ähli goşuny bilen ony garşylap, tagzym bilen köşgüne getirdiler. Köşgüň gapysyna gelenlerinde Soltan atdan düşüp, halypanyň atynyň öňünden hormat üçin ýöredi. Halypa köp-köp dogalar we senalar edip, aýtdy: — Eý, Rukneddin, atyňa mün. Mundan soňra onuň lakamy Rukneddöwleden Rukneddine öwrüldi. Halypanyň paýtagtynda ornaşyp, birniçe gün aýş-u söhbet etdiler. Bir gün Soltan weziri Amydyl Meliki çagyryp aýtdy: — Baryp, halypa bizden salam aýt. Hem-de oňa «käte-käte halypa hezretlerini görmäge Bagdada barmaly bolýarys. Emma leşgerimiz köp, Bagdadyň sebitlerinden bir tarapyň salgydyny biziň leşgerlerimiziň harjy üçin bellesin» diýip aýt. Amydyl Melik aýtdy: — Halypa bu haýyşyňyzy kabul etmese gerek. Bu welaýatlaryň birnäçesiniň salgydyny sizden özi üçin dilär. Emma patyşanyň sözi sözdür. Men gideýin. Turup, halypanyň köşgüne tarap ugrady. Ýolda halypanyň weziriniň gelýändigini gördi. Ol aýtdy: — Halypa meni Soltanyň ýanyna gönderdi. Birniçe habarym bardyr. Amydyl Melik näme üçin gelýändigini bilip, onuň bilen yzyna dönüp, Soltanyň ýanyna girdi. Aýtdy: — Halypanyň weziri gelýär. Özem anyk şol mesele bilen gelýär. Eger şeýle diýse, «Bizem şonuň pikirindedik. Amyt bilen ony maslahat edýärdik» diý. Ondan soň halypanyň weziri girip, salam berdi we aýtdy: — Halypa hezretleri Soltandan Bagdat sebitleriniň aýan edilmegini isleýär. Soltan hem Amydyl Melike aýdan sözüni aýtdy. Wezir gideninden soňra Amydyl Melik Bagdadyň depderlerini we kanunlaryny jemledi. Soň soltanlyga degişli ýerlerini ýazyp, halypa-da bir mukdar artdyryp, çäkleri belledi. Ondan soňra Soltan Azerbaýjana we Töwrize ugrady. Amydyl Meliki halypanyň uýasy Seýýidin Nisäni gelinlik edip, Töwrize getirmek üçin Bagdatda galdyrdy. Amydyl Melik muny halypa arz etdi. Halypa boýun towlady. Amydyl Melik halypanyň wezir-wekilleriniň we emeldarlarynyň pulharajatlaryny saklap, olara päsgelçilik döredýärdi. Ahyr olar närahatlanyp, agzybirlik bilen halypa uýasyny bermekligiň gerekdigini aýtdylar. Halypa ahyry razy boldy. Ondan soňra halypa Bagdadyň kazylar kazysyny ol ýere baryp nika gyýmak üçin Seýýidin Nisä we Amydyl Melik bilen bilelikde Töwrize gönderdi. Patma ez-Zähra (Allatagala ondan razy bolsun!) üçin dört ýüz dirhem kümüş we bir altyn dinar galyňyň berlendiginiň hatyryna onuň galyňyna-da şu bahany berdiler. Töwrize ýetişdiler. Ähli Töwriz halky garşylap, seçgiler seçdiler, senalar aýtdylar. Kazylar kazysy nika gyýyp, «Şol günde adamlar ýygnanyşdylar we şol gün unudylmajak gün boldy» aýatyny okadylar. Soltan aýtdy: — Gowusy köşgümize baryň, toý we meýlisi ol ýerde tutarys. Töwrizden Reýe ugradylar. Ýollar örän yssydy. Şeýlelikde, ýolda Soltan ýarawsyzlyga duçar boldy. Bu wagt howanyň gyzan wagtydy. Reý şäheriniň daşynda bir hoş howaly ýer bardy. Gelip, ol ýerde düşlediler. Soltanyň burnundan gan gelip başlady. Näçe em etseler-de çäre bolmady. Dört ýüz elli bäşinji ýylyň remezan aýynda wepat bolup, bu dünýäden o dünýä göç etdi. Aýalyny ýene Bagdada ugratdylar.