OGUZYŇ WESÝET EDIP, TÖRE GURDUGY, AHLAGY WE HÄSIÝETI, MÜBÄREK DILINDEN ÇYKAN HEM-DE ONUŇ AÝDAN TYMSALLARY WE HIKMETLI SÖZLERI Oguz tamam Türküstan, Eýran we Turany tabyn edip, özüniň gadymy ata ýurduna baranda ähli ogullaryny we agtyklaryny illi-ilinden, boýly-boýundan getirip, bir uly toý tutdy. Hersine altyn-kümüş, bezelen halatlar, mertebelerine görä welaýatlar berdi. Soň aýtdy: — Eý, meniň ogullarym we jigerbentlerim, diňläň, men garradym, ahyrýete göçmekligim ýakynlaşdy. Size berjek öwütlerimi we nesihatlarymy jan gulagy bilen eşidiň we yhlas bilen diňläp, ony özüňize bagt we döwlet saýyp, onuň bilen amal ediň. Oglanlaryňyza, perzentleriňize, boýuňyza we urugyňyza dagy meniň sözümi, öwütlerimi we nesihatlarymy ýetiriň. Olaram şol nesihatlara amal edip, döwür döndügiçe, dünýä durdugyça perzentlerine we nesillerine ýetirsinler. Eger uruglaryňyz we boýlaryňyz giňelip, bu öwütler bilen amal etseler, dünýä ýurtlaryna patyşa bolup, hiç bir duşman olardan üstün bolmazlar. Dinlerini üýtgedip, azmazlar. Hemişe din we dünýäleri abat bolar. Eger meniň öwütlerime we ýörelgelerime amal etmän başlasalar, onda, gürrüňsiz, biri-birlerine uýmazlar, onsoň duşman olardan üstün bolar. Her bir boý bir yklyma düşer. Täjik we oturymly halk bilen garyşarlar. Boýly-boýuny we süýegini unudarlar. Soň ýekelikde alty ogluna we ýigrimi dört agtygyna aýtdy: — Biriňiz bir ok beriň. Ok berdiler. Eline alyp, döwdi. Iki ogluna aýtdy: — Iki ok beriň. Iki ok berdiler. Alyp döwdi. Üçüsinden üç ok sorady, alyp, dyzyna urup döwdi. Altysynyň her birinden bir ok alyp, dyzyna urup, döwüp bilmedi. On ikisinden on iki ok alyp, biri-birine baglap, ellerine berdi we aýtdy: — Neneňsi güýç we kuwwatyňyz bar bolsa, görkeziň, döwüp bilermisiňiz? Diýdiler: — Döwülmez. Aýtdy: — Şu tymsal esasynda biri-biriňize uýup, meniň wesýetime görä Gün oglum han bolsun. Onuň yzyndan ogly Gaýy han bolsun. Gaýy urugyndan han barka Baýat han bolmasyn. Ol diňe öz boýuna beg bolsun. Gaýy han bolsa, Baýat sag goluň begler begi bolar. Sol gol begler begi bolsa, Baýyndyrdyr. Şu tertipde aga barka ini agalyk etmesin, ýagny uly gardaş barka kiçi gardaş beg bolmasyn. Gaýy han on iki boý sag gola we on iki boý çep gola han bolar. Emma garawulbaşy we çogdawulbaşy (goşunyň yzky böleginiň begi) Kynykdyr. Atasyndan soňra köp zaman Gaýy hanlar hany boldy. Şol delile görä arap we ajam soltanlarynyň jenaby, taňryparaz goşunlaryň serdary, kapyrlary we müşrükleri öldüriji, beýik patyşa, soltan ogly soltan, Osman nesliniň hormatlysy, soltan ogly soltan, patyşamyz Soltan Myrat ibn Muhammet han patyşalyga has mynasyp we laýykdyr. Oguzyň beýleki hanlarynyň urugyndan, şeýle-de Çingiz hanlarynyň urugyndan, hemmesinden asly we süýegi ulydyr. Şonuň üçin türk hanlary hem, tatar hanlary hem şerigata, adata we ýörelgä görä onuň gapysyna gelip, salam bermäge we hyzmat etmäge laýykdyr. Olary Allatagala baky we ömürlik etsin! Ahyrýete çenli pygamber we onuň nesli bilen birlikde jahany tutsunlar. Pygamber alaýhyssalam zamanyna ýakyn döwürde baýat boýundan Gorkut ata döredi. Ol Oguz kowumynyň danasydy. Näme aýtsa bolardy, gaýypdan habar bererdi. Allatagala onuň köňlüne ylham ederdi. Aýtdy: — Ahyrzamanda ýene hanlyk Gaýa gowşar. Hiç kim ellerinden alyp bilmez. Şol diýdigi Osman (Allatagala oňa rehim etsin!) neslidir. Oguzyň buýrugyna görä ähli halky üçe böldüler. Akyldarlara, bilimlilere we hasapçylara mal we dowar jem etmek, harç etmek - girdeýji we çykdaýjyny hasaplamak, kethudalyk, wezirlik we ýazyjylyk berdi. Batyrlara serkerdeligi berdi. Çakgan kişilere kement berip, at bakmaga gönderdi. Akmak kişileriň eline taýak berip, düýe, sygyr we goýun bakmaga gönderdi. Aýtdy: — Haçanda bir ýüzbaşy ýa-da ellibaşy ölende, yzynda ýarar ogly galmasa, onuň bölüminden kim at tanamakda, ata timar bermekde ussat bolsa, ýanynda gow, çakmak we beýleki zatlar tapylýan bolsa, galanlary ondan gorksalar ýa-da çekinseler, eýer-esbabyny we uýan çekisini düzedip we tikin bilse, ýaý atmagy we bejermegi başarsa, ony ol topara aga etmeli. Eger müň begi ýa-da tümen begi ölse, yzynda ýarar ogly galmasa, müňlük ýa-da tümen içinde kim batyr, tejribeli, goşun ýagdaýyny bilýän, söweşlerde synalan kişi bolsa, ony müň begi ýa-da tümen begi etmeli. Elmydama göçüp-gonsunlar, oturymly bolmasynlar. Ýazyn ýazlagda geçirip, giň ýaýlag ýerlerde ýörsünler. Güýzün güýzlek, gyşyn gyşlak we kenarýaka ýerlerde ýörseler, kynçylyk görmezler. Dowarlary arryklamaz, gymyz, süýt, gatyk egsik bolmaz. Aýşy-eşret köp bolar. Ondan soň eger bäş ýüz ýyl bolsun, müň ýyl bolsun ýa-da on müň ýyl bolsun tapawudy ýok, perzentler doglup, atalary ýerine geçenlerinde menden ýadygär galan düzgünleri we ýörelgeleri saklap, ýok etmeseler, Gökden olaryň döwletine medet geler. Daýym aýşy-eşret içinde bolarlar. Haktagala olara gowulyk eder, nygmatlar berer. Älem halky olara doga eder, ömürleri uzyn bolup, döwletli we nygmatly bolarlar.