Mylly Täçmyrat
(1886-1960)
Türkmen saz sungatynyñ ussatlarnyñ biri Mylly Täçmyrat,Ýaňgala obasynda 1886njy ýylda dogulýar.
Mylly aganyñ ilkinji mugallamy Kel bagşydyr.soñabaka ol meşhur Sary bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Pürli Sary ýaly ussatlar bilen işläp,öz ussatlyk derejesini artdyrýar.
Mylly Täçmyrat1929 nji ýyldan başlap,tä ömrüniñ ahyryna çenli çeperçilik tegnikomynda,sazçylyk uçileşesinde ýş nesle dutar çalmagy öwredipdir.
70 nji ýyllardan başlap,ol Türkmen radiosynda,Türkmen döwlet filarmoniýasynda solist sazanda bolýar.
Şol mahallar ol bagşylara diñe bir sazandarlyk etmek bilen çäklenmän,olara aýdym aýtmagy hem öwredýär.Mylly aga tiz wagtdan radioda Türkmen halk saz gurallaryny döredip,oña ýolbaşçylyk edýär.Mylly aga saz döretmekde-de özüniñ ukybyny görkezdi.Onuñ dutar üçün döreden “ Hasyl ýygymçy” , “ Bahar “ , “ Şöhrat saña” , “ Ugradyş “ , ýaly sazlary Türkmen halkynyñ zähmet ukybyna bagyşlanyp döredilen bosa,” Hüjüm “ , “ Gyzyl kerwen “ , “Ýeñiş “ , “ Gyzyl baýdak “ ýaly sazlary beýik watançylyk urşunda mertlerçe söweşen Türkmen ogul – gyzlaryna niýetlenen bolmaly. Mylly aganyñ Türkmen sazyny ösdürmekde bitiren uly zähmetlerine ýokary baha berilip,Türkmenistaniñ ýokary soweti 1945 nji ýylda oña “ Türkmenistanyñ sungatda at gazanan işgäri “ diýen hormatly ady dakyldy.
SSSR-iñ (öñki Şurawi) ýokary soweti Mylly Täçmyrady “ Gyzyl baýdak “ , Hormat nyşany ordenleri bilen sylaglady.
Häzirki wagtda Türkmen döwlet filarmonýasy Mylly Täçmyrat adyny göterýär.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir