Adam 4. Takwalyk

Takwalyk menzili – öz-özüň bilen ýüzbe-ýüzleşmek menzilidir. Özüň bilen ýüzbe-ýüzleşmek şahsyýetiň ruhy ösüşinde möhüm hem hökmany döwürdir. Ikiçäkligiň bu hili adamyň her bir janly-jandar ýaly ikileýinlik tebigatyndan gelip çykýar. Umumanam, dünýä akyldarlarynyň baryp örän gadymy wagtlarda akyl ýetirişlerine görä, külli janly ýaşaýşa ikileýinlik, ikitaraplylyk mahsusdyr. Bu kanunalaýyklyk ýaşaýşyň iň ýönekeý görnüşlerinden iň çylşyrymly görnüşlerine çenli häsiýetlidir.Özüň bilen ýüzbe-ýüzleşmek ynsabyň öňünde hasabat okamak, munuň ahlak-ruhy netijesi bolsa ýaşaýyş gymmatlyklarynyň täze ulgamyna çykmakdyr. Şonuň üçinem biziň köne akyldarlarymyz bu menzili şeýle häsiýetlendirýär: Takwalyk – haramdan doly we gutarnykly arany açmakdyr. Ynsap Allanyň gözüdir. Takwalyk öz içiňde Allanyň gözüni emele getirmekdir. Adamyň kalbyny köne akyldarlarymyz gözgä, ýagny aýna deňäpdirler. Ýaramaz, erbet, haram işlere ulaşan kişiniň göwün gözgüsi edil hapanyň içinde galan aýna kimin çirk tutup, garalyp galýar. Köňül – gözgi, aýna diýen gadymy tymsalyň aňyrsynda adamzadyň ýagtylyk, nur baradaky gymmatlyk düşünjeleri ýatýar. Men muny dünýä halklarynyň mifologiýasyna, häzirkizaman dünýä filosofiýasyna belet bolamsoň, beletlik bilenem aýdýaryn. Geçen asyryň nemes akyldary O.Şpengleriň kesgitleýşi ýaly, adam nur, ýagtylyk jandarydyr. Nur, ýagtylyk külli adamzadyň aň-düşünjesiniň kemala gelmeginde gaty aýgytlaýjy hem güýçli täsir edendir. Pikirlenmä uly hem düýpli esaslary beren ýagtylyk hem garaňkylyk ata-babalarymyzyň dünýäni duýşundan bize habar berýär. Eýsem-de bolsa, aýna hem ýagtylyk bilen dahyllydyr. Aýna dünýäni, atlandyrylýan dünýäni döretmäge ukyplydyr. Bu ýerde iň bolmanda häzirki telewizor guralyny agzamak ýerlikli bolardy.Biziň duýgy-düşünjelerimiz ata-babalarymyzyňkydan düýp tebigaty boýunça tapawutlanýar diýip bolmaz. Bu ýerde düýp däl-de, dereje parhlylygy hakda aýdyp bolar. Adamzadyň aňy ösüp, çylşyrymlaşdygyça, beden, bioduýgularyň ornuna intellektual, akyl duýgulary geldigiçe, adam tebigylykdan ruhulyga tarap gidipdir. Şonuň üçinem men, O.Şpenglerden tapawutlylykda, adam ruhulyk jandary diýip aýdardym. Elbetde, beýle kesgitleme eýýäm başga-başga jähetleri açýar. Munuň özi eýýäm nuruň adam içine girendiginden, meseläniň adamyň daşky dünýä gatnaşygynyň däl-de, onuň içki dünýäsiniň meselesidiginden habar berýär. Elbetde, bu adamzadyň ýaşaýşynyň tebigy zeruryýetleriniň aradan aýrylandygyny däl-de, adamyň öz döreden içki – ruhy, ruhy wirtual dünýäsiniň barha giňelip, daşkynyň hem barha azalyp barýandygyny, şol gadymy dowzah-jennet tymsallarynyň barha hakykata öwrülip barýandygyny aňladýar. Daşky dünýä kiçeldigiçe, adamyň dünýäsiniň serhetleri giňeýär we ahyrky netijede adamyň özi dünýäni dörediji hem ony isledigiçe dolandyryjy bolýar. Şonuň üçinem adamyň içki we daşky dünýäsi diýilýän adalgalar barha könelmek bilen. Derýanyň daşyp, gury ýeri tutuşy ýaly, adamyň içi-de onuň daşyna öwrülýär. Öňki daşky diýilýäni bolsa hasam kiçelip, jöwzada gurap galýan kak suwuna çalym edýär.Nur, ýagtylyk iň beýik ylmy açyşlaryň döremegine itergi beripdi. Beýik Eýnşteýn özüniň otnositellik taglymatyna ýagtylygyň tebigatyna imrinip, baryp ýetipdi. Özüniň düýp manysynda ýagtylygyň mifologiýada we fizikada, mistikada we dinde şol bir tebigatly we häsiýetli hadysalar hökmünde görünýändigini bellemek isleýärin. Olaryň hersi oňa öz görşüni beýan edýär.Adamzat özüniň aňynyň bitewüligine tarap barýar. Şu baryşda häzire çenli biri-birine gapma-garşy görnen aň usullarynyň ýokarkylar ýaly umumylygyna ünsi çekmegi şu günüň zeruryýeti, ertiriň derwaýyslygy hasaplaýaryn.Takwalyk menzilinde adamyň nur jäheti doly rüstem gelýär. Öňki menzillerde dörän, has dogrusy, körän nur yşygy barha we barha güýçli şugla saçýar hem-de bu menzilde tümlügi gutarnykly ýeňýär. Tümlük bu ýerde haramlyk manysyndadyr. Emma men haramlyk diýenimde nähili düşünje mazmunyny göz öňünde tutýaryn?! Bu mazmun hukuk, ýagny sosial manyly däl-de, ahlak, ýagny ruhy manylydyr. Bu many teswiriniň düşnükli bolmagy üçin tymsal gatyşykly bir rowaýaty gürrüň bereýin.Takwalyk menziline gödek ýüze çykýan, ýagny daşky barlyk içre ýa-da onuň bilen gatnaşykda ýüze çykýan haramlygy ýeňmän ýetip bolmaýar. Gödek haramlyk kalbyň garalan aýna kimin tümlüginden ýaňa kalpda yş ýok halatynda göwnibir edilýän hereket ýaramazlygydyr. Toba, töwekgellik, kanagat menzillerinde bu hili peslik ýok bolýar. Çünki adamyň içinde dünýä döreýär. Dünýä diýmek bolsa ýagtylyk diýmekdir.Dünýä – ýagtylyk, nurdur.Ýagtylygyň ýoklugynda garaňkylyk bar. Garaňkylyk diňe ýagtylygyň deňeçerliginde haýsydyr bir mana eýedir. Absolýut garaňkylyk ölümdir.Adamyň kalbynda takwalyk menzilinde inçe haramlyk diýlip häsiýetlendirip boljak garaňkylyk entek saklanyp galýar. Inçe haramlyk adamyň daşyna çykmaýan ýaramazlykdyr. Emma daşyna çykmasa-da, ol gyrmançanyň tämiz suwy hapalaýşy ýaly, adamyň pikirlerine, hyýallaryna, meýline zeper ýetirýär. Bu adamyň ahlaky dünýäni duýşunda birnäçe kynçylyklary döredýär. Adam özüniň ruhy-ahlak kämillige entek-entek baryp bilmeýändiginden azap çekýär. Emma menzillere düşen adam maksadyny aýdyň aňlaýanlygy bilen güýçlüdir. Ol öz hususy bikemallygy bilen göreşip bilýän şahsyýetdir. Bu bolsa uly zatdyr.Menzillere düşen adamyň içki göreşini meýdanda ýakylan ot tymsaly arkaly aňa getirip bolar. Ol gyrmyzy ganyny saçyp, tümlük bilen göreşýär. Ot asmana – belentlige perwaz urýar. Arman, bu dünýäde nur otnositel, garaňkylyk – absolýutdyr. Ruhy barlygyň ösüşi bu hili gatnaşygyň çepbe çöwrülmegi görnüşinde barýar. Fiziki dünýäde aýralyk – absolýut, wysal – otnositeldir. Fiziki dünýäde ölüm – absolýut, dirilik – otnositeldir.Adamy şu hili gatnaşyklary aňlamagyň derejesine we serhetlerine çykarýan takwalyk menziliniň ösüş hökmünde ol gatnaşyklary çöwürmäge taýýarlyk manysy bardyr. Mundan ozal ol şahsyýeti ruha nälaýyk we nämynasyp obýektiwlikden arany açdyrdy. Indi bolsa şahsyýet ol barlyga başga bir hyýal bolup gaýdyp barmak üçin takwalyk menzilini geçmelidir. Munuň hili bolsa onuň öňünde «inçe» haramlyklary ýok etmek wezipesi durýar.Beýle ýowuz inçelikleriň nähili agyr hossadygyna hälki ýatlamak islän rowaýatym şaýatlyk edýär.Süleýman pygamberi hatyny ýyllarboýy garaşdyryp, ahyry hamyla bolupdyr. Pygamber muňa begenip, iki bolup bilmändir. Aslynda-ha, ol takwalyk menziliniň dilinde aýdylanda öň hem şum ikileýinlikden ybarat eken. Onuň weziri-de ikileýinlik derdine duçar eken. Onuň aýaly-da ikigat bolmazyndan öňem, şondan soňam ikileýinlikden ejir çekýän eken. Rowaýat hem şu barasyndadyr.Aý-güni dolup, Süleýman pygamberiň aýalynyň bir çagasy bolupdyr. Şonda-da ikileýinligiň heýhaty özüni bildiripdir: doglan çaga beden ikileýinliginden binesip çykypdyr: onuň bir gözi, bir goly hem bir aýagy ýetmezmiş. Şeýdip, ýaramaz ahlaky ikileýinlik tebigy ýartylyga getiripdir. Ýarym göwün ene bu wakany adamsyna habar berende, haýýaty uçan pygamber Hudaýa nalyş edipdir. Şonda ähli ruhy beýikliklere mahsus bolşy ýaly, diňe ýeke-täklikden ybarat Alladan täsin bir owaz gelipdir. Ol owazy adamzadyň gulagynyň diline geçireniňde, şeýle many gelip çykypdyr:– Eý, Süleýman! Bu dertli hem maýyp wakanyň hikmeti mundadyr: Seniň özüňden ýaşyrýan, ilden gizleýän bir syryň bar. Seniň weziriň hem senden ýaşyrýan syry bar. Seniň aýalyň hem senden bir syry ýaşyrýar, siz üç bolup, şol syrlaryň üstüni açsaňyz, şonda neresse çaganyň ýetmezi kemal tapar. Syr – kemislikdir. Diňe uýat zatlar gizlenilýändir. Takwalyk menzilinde adam ruhda uýat kimin gizläre, bukara, ýaşyrara syryň ýokdugyna düşüner. Syr tebigy dünýä we onuň derejesindäki hem rejesindäki bikemal ruha mahsusdyr. Dünýäni öwrenýän adam syra aşykdyr, ruha maýyl kişi syrlaryň paş edilerine, çözgütlere maýyl kişidir. Kim aýdypdyr Beýik Taňryda syr bardyr diýip?! Beýik Taňryda bendesiniň akyl bikemallygy zerarly döreýän düşünmezlikler bardyr. Adamzat bikemallygyny ýeňip geçip, kämillige ýetende, ol düşünmezlikler aradan aýrylýar. Çünki bikemallyk kämillige akyl ýetirip bilmez. Tümlük nura göz ýetirip bilmez. Bikemallyk akyldan, tümlük gözden mahrumdyr.Nuruň enesi yş syrlara açylan gözdür. Süleýman pygamberiň nebi kalbynda yşdan nura ýazan ýagtylyk güýçlenip, köňül gözgüsiniň iň soňky kimirlerini ýuwup aýranda, (çünki suw däl, nur – iň gowy ýuwujydyr, suw maddadan, nur ruhdan ýuwup aýrar) aýaly bilen wezirini huzuryna çagyrypdyr.  Adamyň tebigaty şeýle-dä: özi dertli bolup, soňra özgäň derdiniň nämedigine düşünýär. Iliň derdi seniň derdiň emini arçanda, şonda onam özüňkiçeräk duýup başlaýarsyň.– Çaganyň ýetmeziniň hikmeti biziň birek-birekden ýaşyrýan syrlarymyzda. Syrlary açybilsek, çaga-da dertden açylar – diýip, pygamber weziri bilen aýalyna Alladan gelen habar hakda aýdypdyr, soň hem öz syryny aýan etmek üçin söze başlapdyr. – Ilkinji bolup özüm öz syrymy paş etmekçi. Men bu şumlugy syrym kimin ýaşyranlygyma indi düşünip galdym. Gowulyk däl ekenligine gizlänligimden soň bilip galdym. Häzir men binyşanlygy owadan edip görkezmek pikirinden başga hiç zat bolmadyk şol syrjagazy açmakçy. Men – Süleýman patyşa, pygamber. Diňe ynsa däl, jynsa-da, diňe ýere däl, suwa-da meniň hökmüm ýöreýär. Tagtym asmanda uçýar. Dünýäde ýetmezsiz bir adam bolmaly bolsa, onda şol adam gürrüňsiz men bolmaly. Emma meniňem gözlerim dünýä tamakinlik göreçleri bilen garaýar. Iki adam huzuryma arz edip gelse, özüm bilmezden, biygtyýar gözlerim olaryň eli sowgatlysyna düşýär. Hiç bir zada mätäçligim bolmasa-da, doýmaz-dolmaz aç tama ýüregim bolsa hemişe: «Bu adam maňa näme sowgat getirdikä?» diýip owsunýar.Men hakyky kämilligiň dünýäden doýmakdan başlanýandygyna indi düşündim. Ähli islegler ýok bolmalydyr, ynsanda ýeke isleg – islemezlik islegi galmalydyr.Pygamber şeýle diýeninden, çaganyň ýetmez gözi ýerine gelipdir.Bu gudratyň aňk ediji täsirinden sähel aýňalan badyna Asif wezir söze başlapdyr.– Men – Asyf. Süleýmanyň weziri. Dünýäde ikinji adam. «Elim uzadan ýerime ýetýär» däl, dünýäde elimi uzadara ýer galmady. Emma şonda-da aýyp manysyndaky bir syrym bardy. Indi aňlap galýaryn, öňýeten syryň howalalylyk hem belentlik däldigini. Mahal-mahal ýeke özüm oturyp (dünýäde baky ýekelik ýokdur, kämil kişi ýeke galsa, ýanyna perişde geler, bikemal ýeke galsa, ýanyny şeýtan alar) şeýtanyň gaýybana göterimi bilen pikir ederdim: Süleýman ölse, menem jümle-jahan şasy bolsam!Dünýäni ele alsam!Weziriň syry paş bolandan, çaganyň ýetmez goly gudrat bile kemal tapypdyr.– Men – Süleýmanyň aýaly – diýip üçünji dertli söze başlapdyr. – Meniň ärime görmegeýlikde, akylda, gylykda, döwletde, kuwwatda taý geljek kişi ýok. Ol – pygamber (pygamber diýmek hemme kişi we hemme zat diýmekdir. Ol Alla tarapyn ýaradylan nusgadyr). Emma şonda-da ýeke galan pursatlarym (kämil kişiniň hakyky ýekeligi köpçüligiň içine baranda başlanýandyr, bikemal ýekekä ýaramaz hyýallarynyň içinde ýitip gidýär. Hakyky ýekelik – özüňi ýitirmezlik, eremezlik, bugarmazlyk, tozap gitmezlikdir) şeýtanyň bihaýa pyşyrdysyna imrinip, käteler bir merdana ýigit görsem, pikir-hyýal ederdim: hälki sataşan ýigidim ne görmegeý jahyl eken, şol ýigidiň gujagynda ýatsam, iň bagtly zenan bolardym diýip! Ýaramaz hyýal aýaly aýagyny gyşyk basmaga iteräýjek eken.Hatyn şeýle diýeninden, çaganyň ýetmez aýagy ýerine gelipdir.Bu rowaýat takwalyk menziliniň inçelikleri barasyndadyr. Takwalyk adam şahsyýetiniň göze görünýän duşmanlaryny basandan soň galýan, göze görünmeýän duşmanlarynyň inçelik bilen al salýan menzilidir. Şonuň üçinem bu menzili sag-aman eda etmek üçin ruhy üşük gerekdir. Inçelikleri zabt etmek hyllalladyr. Emma munuň hötdesinden gelebilse, adam gödeklikler meselesinde hem, inçelikler meselesinde hem kämil çykar.Takwalyk menzili adamy soňky dört menzile taýýarlaýar. Ol haramdan gaça durmak diýdik. Adamyň içki ýaşaýyş merkezi özüniň gabarasy we ähmiýetliligi taýdan daşka barabar bolanda, hiç hili içki kynçylyk, öz-özüň bilen düşünişmezlik galmaýar. Munuň özi ruhuň saplygydyr, kalbyň gönümelligidir.Takwalyk içki gadaganlyklaryň öz-özünden aýrylmagydyr. Ynsap gadagan etmeýär, ynsap ýol görkezýär, şol ýoluň takwalyk menzilini geçen köňül dünýäniň kämilligini görüp, duýup biler. Ol gözellikden bagtyýarlyga, nura hem ýagtylyga gitmäge taýýar bolar.

Osman Öde

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir