Adam 3. Kanagat

Söhbedi bir rowaýaty gürrüň bermekden başlaýyn.Gadymy döwürde iki dogan bir baýyň mülküni kärendesine alyp, gije-gündiz işläpdir, bugdaý ýetişdiripdir, özlerine degişli gallany doganlar deň iki paýlaşypdyrlar.Hasyl iki paýlanylan gününiň gijesi kiçi dogan ýarygijeler oýanypdyr: «Meniň doganym öýlenen, çagalary bar. Meniňkä seredeniňde agamyň aladasam köp, çykdajysam. Men öz ammarymdan birnäçe halta gallany agamyň ammaryndaky haltalaryň içine eltip goşaýyn. Şeýtsem, adalatly bolar. Agamyň özi bolsa menden galla soramaz. Ol soramagy özüne kiçilik biler, dözmezligem mümkin. Men ony gündiz bersem hem ol menden almaz. Şonuň üçinem gije agama bildirmän ammaryna eltip goşaýyn». Kiçi dogan şeýle hem edipdir. Birnäçe halta gallany agasynyň gallasynyň üstüne eltip goşup, eden işinden hoşal bolup, düşegine geçipdir.Inisi uka gidensoň, aladaňdanlar agasy ukudan oýanypdyr. Ol hem alan hasyllary barada oýlanypdyr: «Meniň hasyly inim bilen deň paýlaşmagym adalatly däl. Sebäbi meniň inim entek ýaş. Ol entek maşgala bagtyndan hem mahrum, onuň ähli zat öňünde. Şonuň üçin oňa baýlyk, galla köp gerek. Onuň, goý, gallasy köp bolsun. Gallasynyň köplügine begensin. Onda başga bir begener ýaly zat ýog-a. Men iň gowusy, öz paýymdan inimiň paýyna birnäçe halta galla eltip goşaýyn».Aýdyldy – edildi.Ertir turup iki dogan ammaryna göz aýlapdyr welin, görseler, gallalaryndan ýeke halta-da azalmandyr. Olar geň galyp haltalary sanapdyrlar. Düýnki haltalar. Doganlaryň ikisem gijeki aýran haltalarynyň ýene dolanyp gelmesiniň hikmetine teý düşünip bilmändirler. Gije doganynyň ammaryna birnäçe halta galla geçirselerem, ertir gallalarynyň birjigem egsilmän şol öňküsi ýaly bolmasynyň hikmetine iki dogan ençe ýyllardan soň hem düşünip bilmändirler.Türkmen halkynda kanagat hakda rowaýat juda köp. Türkmeniň özem aslynda kanagatly halk. Öz döreden rowaýatlaryna diň salsaň hem halkyň içki dünýäsi äşgär görünýär. Rast, gürrüňi rowaýatdan başlanyma görä, ýene bir rowaýaty aýdyp bereýin.Döwründe ady ile meşgul bolan bir piri ýurduň patyşasy söhbetdeşlige çagyrypdyr. Birnäçe sagatlyk manyly, lezzetli hem gyzykly gürrüňden soň, patyşa piriň özünden gün-güzeran üçin harçlyk sowgat almagyny isläpdir. Pir özüne ýekeje tylla ýeterlikdigini aýdanda, patyşa:– Saňa bir halta tylla bermek pikirim bardy – diýipdir. Pir:– Bir halta tyllany harç edýänçäm, meniň ömür tanapymyň kesilmejekdigine kepil geçseň, tyllalaryňy alaýyn – diýip aýdypdyr.«Kanagat», «şükür», «sabyr» ýaly düşünjeler çagalykdan gulagymyza guýlan, her birimize tanyş sözlerdir. Ata-babalarymyz olary aňymyza we düşünjämize elýeterli etmek bilen, biziň hakyky Adam bolup ýetişmegimizi, Adam şekilli ýaşamagymyzy gazanmak isläpdirler. Emma düşünjeleriň bir häsiýeti bar: olar gulakdan aňryk geçip beýnä, beýnidenem aňryk geçip, köňle siňende, janly gymmatlyklara öwrülýär. Şu hili «geçişler» bolsa her bir adamyň öz durmuşynda, öz ömründe ýaşaýyş, dünýä bilen kä sazlaşykly, käte agyryly çyn gatnaşyklara girende, diňe şonda amal bolýar, diňe şonda olar adamyň öz gazanan, özüne eziz we mähriban gymmatlyklar derejesine ýetip bilýär.Kanagat menziliniň uzynlygy adamyň ömür tanapynyň uzynlygyna barabardyr. Şahsyýetiň ahlak we akyl ýaşaýşynda kanagatyň aýratyn möhüm orny bardyr. Hut şonuň üçinem ol ömür baradaky pelsepämizde çuňňur kök urup, biziň ýaşaýyş hereketlerimizi kesgitleýän ruhy-ahlak güýje öwrülipdir.Töwekgelligiň dowamy kanagatdyr.Kanagatyň bezegi hem-de netijesi bereketdir. Ömür pelsepesinde ömrüň bereketliligi esasy pursatlaryň biridir. Bereketlilik ähli gizlin mümkinçilikleriň soňuna çenli ýüze çykarylmagyny aňladýar. Dünýä bolan gatnaşykda kanagat öz isleglerini çäklendirmegi göz öňünde tutýar. Çünki çäklilik adam şahsyna owal-başda berlen ölçegdir. Ilkinji nobatda, adam ömri çäklidir. Adamyň wagt hem giňişlikdäki hususy «mülki» çäklidir. Bu – bir tarapdan.Emma beýleki tarapdan adamyň pikir-hyýallary çäksizdir. Çäklilik bilen çäksizligiň şeýle gapma-garşy utgaşygynda adamzat ýaşaýşy düýpli meseleleri we kynçylyklary öňe çykarýar. Olary çözmegiň we aradan aýyrmagyň serişdesi hökmünde «kanagat» kemala getirilipdir.Adam Ýer ýüzündäki ýeke-täk dünýäüze (metafiziki) jandardyr. Haýwanatdan tapawutlylykda, adamyň bu dünýäde «ýüregi gysýar». Ol hemişe şu ýaşaýan wagt – giňişlik dünýäsinden başga bir dünýä geçmäge ümzügip, üm alyp ýaşaýar. Wagt hem giňişlik diýmek tükeniklilik diýmekdir. Adam tükeniklilikden tükeniksizlige ymtylýar. Tükeniksizligi göwnüne hem akylyna makul, göwnüne hem akylyna amatly, göwnüne hem akylyna ýeterli «bakylyk» düşünjesi görnüşinde howaýylykdan janlylyga geçirmek üçin işleýär. Şu işde onuň esasy ruhy we amaly diregleriniň biri «kanagatdyr». Degişlilikde «kanagatyň» bütinleý amaly-ahlaky we ruhy-pelsepewi barlyk bolup ýüze çykmasy bardyr.Biziň köpimiz üçin bu hadysanyň düşnükli manysy şol birinji ýüze çykmadyr. Şonda kanagata güzeran ýaşaýşynda nebis isleglerini çäklendirmegiň ýörelgesi manysynda düşünilýär. Haýwanatdan tapawutlylykda, adamyň garny doýsa-da, gözi doýanok.Şonda näme etmeli?! Eýse, adama daşyndan mejbury çäklendirme bolan ahlaky gadaganlyklary onuň boýnuna dakjak bolmak bu işde netijeli bolup bilmez. Adamyň içinden özgerdilmegi zerurdyr. «Gözüň doýanok» diýip adamyň gözüni kör etmek asla-da çykalga däldir. Adamy içinden özgertmezden, onuň gulagyna kanagat, şükür, sabyr baradaky nesihatlary guýmak, bary-ýogy ony ikiýüzli närsä öwrer: ol dilinde bir taraplyk, amalynda başga taraplyk bolar.Çykalga şundan ybaratdyr: tükenikli dünýäde özüne berlen tükenikli ýaşaýyş mümkinçiliklerini tükeniksizlik üzre ömri döretmegiň zerurdygyna we mümkindigine adamyň gözüni açmaly. Adamyň doýmaýan gözüni ruhy gymmatlyklara tarap açyp goýmaly. Göz diňe paýhasdan doýup biler. Diňe şonda adam maddy baýlykdan doýup, onuň öňünde peselmän durup biler. Diňe şonda adam bagt hem ynjalyk tapyp biler. Gözüň paýhasdan doýmak amalyýetini kanagat diýip kesgitlemek dogry bolardy.Diniň adamzada beren gymmatlygy şundan ybaratdyr: maddy dünýä adamzadyň ösüşinde asla-da soňky duralga däldir!Indiki duralgalara geçmek üçin adama maddy isleglerinde çäklilik, ruhy küýseglerinde we gözleglerinde bolsa çäksizlik zerurdyr. Başgaça aýdylanda, adam ýüzüni, ümzügini dünýäden bakylyga tarap öwürmelidir. Kanagat – şertdir, bereket – işdir. Adamy yza – maddy ölçeglere tarap çekýän islegleriň kesilmegi manysyndaky kanagat kämilleşmegiň şertidir we dowamatydyr.Kanagat adamyň madda bilen bäsleşiginde beýik ahlak we ruhy serişdesidir. Pelsepe jähetinden seredeniňde, iki hili adam ýaşaýşy bardyr: maddanyň çägindäki we maddanyň rüstemligindäki ýaşaýyş hem-de ol çäkden daşardaky we ruhuň rüstemligindäki ýaşaýyş.Elbetde, bularyň birinjisini ýöntemleşdirmek bolmaz: şol hili ýaşaýyşda-da adam adam bolmagyny bes etmeýär, şonda-da ol ruhy ýa ahlak barlygyndan binesip galmaýar. «Adamyň haýwanlarça ýaşaýşy» diýsegem, adam haýwan bolaýyn diýse-de, bolup bilmez, ýokarky söz şeýle ýaşaýşa ahlaky kesgitleme bermegiň göçme manydaky usulydyr. Emma ol adam ýaşaýşyň şumlugy şundan ybaratdyr: ol adama mundan beýlägem ösmäge mümkinçilik berenok.Ikinji hili ýaşaýyşda ruhy ölçegleri öz ýaşaýşynyň kesgitleýji esaslary hökmünde kabul edýär. Şonda kanagat menzili ösüşiň esasy şertine öwrülýär. Panylykdan kemala gelen zatlar ahyrsoňy panylyga-da öwrülmelidir. Kanagat menzili – panylyk meýdanynda bakylyk nahalyny oturdyp başlamagyň menzilidir. Şonuň üçinem bu menzilde adam panylyk sypatlaryndan kem-kemden saplanyp, bakylyga tarap ümzügip başlaýar. Munuň manysy:Adam akyl ýetirişiň we ruhy ahwalatyň şeýle bir derejesine ýeter, şonda ol maddy «meniniň» panylygyny we wagtyň – giňişligiň şumlugyny aýnada gören ýaly görer. Öz şahsyýetini bary-ýogy maddanyň şahsy bolan nebis bilen aýnylaşdyrmagyny bes eder we wagt – giňişligiň seni ýene öňki duran nokadyna alyp gelýän ýollaryndan özge ýola çykar. Kanagat menziline ýetmedik adamyň ruhy maddadan maza almaga meşguldyr. Ol maddany ruhy şekillere salyp, oňa many we gözellik çaýmaga çalyşýar. Emma bu öz-özüňi aldamakdyr. Bu diňe wagtlaýyn hezillikdir. Töräniň orny maddanyň elindekä, ruhy bary-ýogy hyzmatkärdir. Maddy, ten islegleriniň inçelik bilen kanagatlandyrylmagy ýaşaýşyň ruhanalygyny aňlatmaýar. Gowudan-gowy iýmek, gowudan-gowy geýmek, bularyň üstesine bularyň ýeterlik däldigini duýubam, maddylygyň dilinde ruhypisint sözlemek, akyl otarmak ruhanalygy aňlatmaýar. Orunlaryň düýpli çalşylmagy zerurdyr: Ruh – töre, madda –  hyzmatkär bolmalydyr.Zat, madda adamyň ruhy şahsyýet bolmagy üçin nägadar we nä derejede zerur bolsa, ol şol gadar we şol derejede-de alynmalydyr.Adamyň şol gadary we şol derejäni kesgitläp bilmek ukybyna kanagat diýilýär.Adamyň şol derejäniň çäginde ýaşamak ukybyna-da kanagatlylyk diýilýär.Şondan soň adamyň öz hakyky «menini» – ruhy «menini» tapmak işi başlanýar.Pirimiz Baýezit Bistamy öýünde otyrka, daşardan biri salam berip giripdir. Salamdan soň ol:– Baýezit niredekä? – diýip sorapdyr. Pirimiz şonda:– Menem otuz ýyl bäri Baýezidi gözleýärin, enteg-ä tapamok – diýip jogap beripdir.Beýik sopy Baýezidiň «pany» ýörelgesiniň manysy şundan ybaratdyr: öz ýalan, pany, maddy «meniňi» ýok etmek. Özem ony akyl-paýhasyň bilen ýok etmek.Beýik sopy Jüneýdiň «baky» ýörelgesiniň manysy şundan ybaratdyr: öz hakyky, baky, ruhy «meniňi» tapmakdyr. Akyl-paýhasyň bilen tapmak.Beýik Hallajyň «Anal-hak» diýip gygyrmagynyň manysy şudur: ol: «Men özümi, bakylygymy, ruhy şahsyýetimi tapdym» diýip dünýä jar edýär. Adam özüni öz teni bilen bir zatdyryn diýip düşünse, tenliginde-de galar.Adam özüni dünýä bilen bir zatdyr öýtse, dünýäniň çäginde-de galar. Ruh teniň kölegesidir diýip hasaplamak, dünýäden çykma ýok hasaplamak ejizlikdir. Ejizligiň baş sypaty kanagatsyzlykdyr. Iý-iç, mün-guç, wagtyňy göwnühoşlukda geçir, yzyň – düýş, öňüň – hyýal – ine, kanagatsyzlygyň baş şygary. Munuň özi göçme manyda aýdylanda, gepläp hem pikir edip bilýän haýwanyň durmuş ýörelgesidir. Onuň ömrüniň manysy ýokdur.Many ruhuň ýoluna düşmekdedir. Ruhy şahsyýet kanagaty manysyzlyk ýaşaýşy bilen öz arasynda goýlan serhet hökmünde kesgitleýär. Şu manyda kanagat beýik ruhy gahrymançylykdyr. Ruh öz garşydaşyny kesgitleýär we ölüm, panylyk, soňsuzlyk bilen bäsleşige çykýar.Bu dünýäden gözüň doýmaz, dok bolmaz.Nebsiňi kanagatlandyrmak işi diňe teniň ýok bolmagy bilen tamam bolar.Nebis – teniň, akyl – ruhuň keşbidir.Nebsiň soňy – puç, petik, akylyň soňy täze menzilleriň we ýollaryň açylmagydyr.Adam kanagat menziline ýetende, täze ýaşaýyş mümkinçilikleri açylýar. Men bu çuňňur hadysany şeýle bir deňeşdirme arkaly düşnükli edesim gelýär. Biziň her birimiz basgançakly demir halka salnan alakany görendiris. Alaka näçe ylgasa-da, näçe hereket etse-de, oňa şol halkadan çykma ýokdur. Kanagat menziline ýetmegi bilen adama biweç hem şum ýaşaýyş halkasyndan sypmak mümkinçiligi açylýar. Ol bakylyga tarap ugur alýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan wagtdan daşgarynlyk we giňişlikden daşgarynlyk mekanynyň alyslygyny syzyp ugraýar. Bu duýgy onda uly umytlary döredýär, çünki ol bakylygyň gury öz-özüňi aldamaklyk, özüňi köşeşdirmek, ynjan çagany diňdirmek ýaly bir oýun däl-de, maddanyň aňyrsyndaky çynlakaý hakykatdygyny syzyp başlaýar.Dünýäden doýmak, dünýäden aňryk gadam goýmak – ine, kanagat manysy şudur. Munuň özi adam aňyna täze älemleriň we biserhet giňişlikleriň açylmagydyr.Eýse, dünýäden nädip doýmaly?Köne akyldarlarymyz bu sowala şeýle jogap beripdirler: dünýäden göwnüňi ýokary goýup, doýup bolar! Şeýle sada jogap akyldarlarymyzyň dünýä, madda bilen ruhuň, göwnüň durmuşy (ontologik) mynasybetine bolan çuňňur garaýşyna esaslanýar. Bu mynasybet barasynda olar hakyky pelsepä mahsus bolan göçme manyda gürleýärler. Jan, göwün – jöwher (substansiýa), madda, dünýä bolsa çüýrük samandyr. Jöwhere bakylyk substansiýasy, samana bolsa panylyk atributy mahsusdyr.Umuman, islendik ahlaky gymmatlyk ýa ahlaky ýörelge, şol sanda kanagat gymmatlygy-da diňe çuňňur ontologiki esasa daýananda, janly güýje eýe bolup biler. Boş howada asylyp duran esassyz ahlaky ýörelgäniň güýji ýokdur. Beýle boşsözlülik adamzadyň düýpli akyl-ruhy ýaşaýşynyň hadysasy däldir. Şonuň üçinem ol çynlakaý ruhy ýaşaýyşda mynasyp orun alyp bilmez.Adam ruhy şahsyýetdir, beýle şahsyýetiň özeni-de jöwheri jandyr. Diňe şu hakykata göz ýetirip, ynanyp bilen adam beýleki ahlak gymmatlyklary bilen bir hatarda kanagatyňam janly, anyk ýörelgedigine ynanyp biler.Bitewi ruhy şahsyýetiň içki baglanyşyklary şeýledir: diliň aňyrsynda göwün bardyr, göwnüň aňyrsynda bolsa beýik paýhas durandyr. Beýle kämillik şahsyýeti gutarnyklylyga we bitewülige getirýär. Diliň göwnüňde ýok sözleri sözleýän bolsa, göwnüň paýhasa esaslanmaýan we ejazasyny almadyk pikirlere gümra bolsa, onda sen bikemal şahsyýetsiň.Adam öz özeninden pes, egsik bolan dünýäden üstün çykmak üçin kanagat serişdesini edinmelidir. Kanagatsyz kişi özünden pesiň hyzmatyndaky kişidir. Ol meýletin ýeňlijidir. Beýle meýletinlik paýhassyzlyk, adamyň asylbaşky, düýp tebigatyna düşünmezlik ýa-da nädogry düşünmek sebäplidir. Akyldarlarymyz paýhasyň tarapyna geçmegi beden şahsyýetinden ruh şahsyýetine geçmek hökmünde göz öňüne getiripdirler.Güzeran gatnaşyklarynda-da, durmuş gatnaşyklarynda-da kanagat kämillige ymtylýan, kämillige gol beren adamyň ynamly galkanydyr. Güzeran gatnaşyklary diýenimde men adamyň eklenç üçin töweregi bilen edýän işlerini, durmuş gatnaşyklary diýenimde bolsa onuň özüni ykrar etmek üçin jemgyýet bilen edýän gatnaşyklaryny göz öňünde tutýaryn. Kanagatly kişi bularyň ikisinde-de özüni adama mynasyp alyp barar. Kanagat oňa her hili kyn hem amatsyz gazanç, eklenç pişesinde-de öz ahlaky ýörelgelerini basgylatman, döwüm çörek ýa esgi-şal üçin mertebesinden geçmän ýaşamaga kömek eder. Kanagat oňa durmuş günemasynda wezipe ýa maddy-jemgyýetçilik jähetinde özgeden özüni wagtlaýyn ýokary göterjek, soňam ýokary göterip, ýere urjak hereketlerden aman galmaga pursat berer. Şonda adam özüni madda bilen, onuň dürli ýüze çykmalary bolan puldarlyk, emeldarlyk keşpleri bilen baglanyşdyrmagyny bes eder. Şu tarapdan K.Marksyň: «Adam jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň şahsyýetleşmegidir» diýýäni nädogrudyr we juda adalatsyzdyr. Şahsyýet jemgyýetiň önümi hem däldir, onuň suratlanmasy hem däldir. Şahsyýet jemgyýetçilik gatnaşyklaryny oňyn ýa tersin jähetden gurnaýjydyr, onuň hereketine bat berijidir. Diňe şeýle derejä ýeteni biz sözüň hakyky manysyndaky ruhy şahsyýet, ýagny çyn adam şahsyýeti diýip ykrar edip bileris.Güzeran diýilýäni hem, durmuş-jemgyýet diýilýäni hem barlygyň çäkleridir. Kanagat edinip, kanagat menziline ýetip, adam ol çäklerden özüni weýran etdirmän, sag-aman geçenden soň, öňde barlygyň soňky, üçünji çäksiz jäheti açylýar. Oňa ýaşaýyş gatnaşyklary diýilýär. Ýaşaýyş gatnaşyklary külli Älem, tutuş Dünýä bilen ikiçäkleşmek, ýüzbe-ýüzleşmekdir. Munuň özi adam üçin mümkin bolan iň ýokary ruhy barlyk ýa-da iň çuňňur ontologiki barlykdyr. Munda adam ogluna özge älem, başga bir owaz berilýändir. Meniň gürrüňini edýän barlyk çäklerimiň düýp manysyna we biri-birinden tapawudyna dogry akyl ýetirmek gerek. «Güzeranda-da, durmuşda-da adam maddy şahsyýetdir» diýilmegine: «Olarda ruha orun ýokdur» diýen manyda düşünmeli däl. Gep şol ýerlerde madda bilen ruhuň mynasybetindedir, gep mukdarda däl, hildedir. Başky çäklerde adam üçin ruhuň ikinjilik ähmiýeti we orny bardyr, rüstemlik madda degişlidir. Onda adama ruh öz-özüňi aldaman, öz düýp manysyna nädogry düşünmek üçin gerek bolýar. Madda adamy aýlap ýere urýar. Adam özünde galan ejiz ruh bilen oňňut edýär, göwni maddanyň yşkynda, aslynda madda maýyl bolsa-da, ol özüni ruhduryn öýdýär. Bu çäklerde madda asbolýutlyk, ruh bolsa diňe aýry-aýry pursatlar ýa-da pursatjyklar bolup durýar. Adama ahlaky-ontologik ýörelge bolan kanagat ýetmese, ol şol çäkleriň çäginde-de bulaşyp galýar. Şeýdip, Allatagalanyň özüne niýetlän belentliklerine ýetmän galýar. Ol tebigatyň bir bölegi bolup galýar. Munuň özi adama niýetlenen beýikligiň jähetinden seredilende, uly pajygadyr. Göz öňüne getirip görüň: seýis bedew aty uly aralyga niýetleýär, ol bolsa çaman ýabynyň deňinden ötüp bilmän, surnugyp galýar.Ýaşaýyş gatnaşyklary tekizligine çykyp bilen şahsyýet üçin dünýäniň düýbi görünýär. Ol külli älem bilen barabarlygyny, hatda ondanam uly ontologik bitewülikdigini aňlaýar. Bu derejäni beýik şahyrymyz Nesimi oňat beýan edipdir: «Iki jahan maňa sygar, men bu jahana sygmazam!» Ýaşaýyş barlygynyň ontologik düýbünde iki sany uly şahsyýet biri-biri bilen ýüzbe-ýüzleşip dur: Adam hem Dünýä, Kanagat menzilini geçmegiň pelsepewi manysy şudur: Adam özündäki Wagt hem Giňişlik çäkleri bilen baglanyşykly sypatlardan saplanýar. Ol belli bir giňişlige, belli bir döwre örklenen adam däldir, ol külli adamzadyň biologiki-ruhy jyns hökmündäki ähli belentliklerini özünde jemläp, Dünýä bilen başa-başlyga giren şahsyýetdir. Ol giden bir dünýädir.X asyrda ýaşap geçen türkmen ulamasy, şahyr, aýdym-sazyň ussady Muhammet al-Faraby ilkinji bolup sazy nota geçirenem bolsa, öz zatlaryny halk çeşmelerinden susup alypdyr. Halkdan alnan sazyň halkydygyny hem aýdypdyr. Ýeri gelende aýtsak, Muhammet al-Faraby we onuň şirin sazlarynyň keramaty barada şeýle rowaýat bar.Muhammet al-Farabynyň at-owazasyna aşyk bolan, Reý şäheriniň häkimi ony bir görmegi arzuw edipdir. Ulamany toýa çagyrypdyr. Toý çakylygyndan ýüz öwrüp bilmedik Muhammet al-Faraby myhmançylyga ugrapdyr.Horaşaja geýimdäki ulamany hiç kim tanamandyr. Olam salam-aleýikden soň märekäniň bir çetjagazynda ornaşypdyr. Bagşylar saz çalypdyrlar, aýdym aýdypdyrlar.Öý eýesi sypaýy geýnen, arkasy dutarly myhmana ýüzlenipdir:– Myhman, seniňem arkaňda dutar bar-a. Belki, bir-iki heň edip berersiň?!Muhammet al-Faraby: «Bolýa» diýipdir-de, saz çalmaga başlapdyr. Şeýle bir gussaly saz çalypdyr welin, oturanlar gözýaşlaryny saklap bilmändirler. Soň Faraby şadyýan heňlerden tutup başlapdyr. Adamlaryň ýüzleri açylyşyp, ýylgyryşyp ugrapdyrlar. Soňra tutuş märekäni şadyýanlyk gurşap alypdyr.Muhammet al-Faraby üçünji sazynda märekäniň erkini doly ele alypdyr. Adamlar meýmiräp, melul bolup uklap galypdyrlar. Ulama bolsa bir bölek kagyzyň ýüzüne: «Size Muhammet al-Faraby gelip gitdi» diýip ýazypdyr, dutaryny hem öý eýesine ýadygärlik galdyrypdyr.Reýiň häkimi melullykdan açylyp-açylmanka hälki myhmany gözläpdir. Emma Farabydan derek tapmandyr. Onuň ýazyp giden hatyny okap, häkim ahmyr bilen:– Bagty görmänkäň gaýyp bolýar ekeni – diýipdir.Köne akyldarlarymyzyň dilinde aýdylanda, kanagat menzilini geçen adam jan gözüni, jan gulagyny edinýär. Adam ruhy taýdan kämilleşmegiň şeýle bir derejesine ýetýär, şonda onuň beden şahsyýet esasynda ruhy şahsyýet gutarnykly kemala gelýär. Munuň özi miweli agajyň gül açyşy pisint bir zatdyr. Emma miwe entek öňdedir. Jan gözi oňa wagt – madda bilen baglanyşykly çäkleri saýgarmaga, jan gulagy oňa ol çäkleriň aňyrsyndaky owazlary eşitmäge mümkinçilik berýär.Kanagat menziliniň manysy çäksizlige ýetmekden ötri çäklenmegi başarmakdyr. Kanagat menziliniň artykmaçlygy miwäniň dady däl, gülüň gözelligidir we hoşboýlygydyr. Kanagat menziline ýetip bilmedik adamyň ömri gül açyp bilmeýän agajyňky ýalydyr.Kanagat menziliniň göz öňüne getirilişi şeýledir: bu menzil Ýeriň togalak çäkliliginden çykyp, özge ýyldyzlara we saýýaralara tarap uzan menzildir.Kanagat menziliniň adamy – Älemiň ýaşaýjysy bolmaga taýýarlyk derejesine ýeten adamdyr.

Osman Öde

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir