Metafizika 7. Hakyñ nury

Bu bölümde aýtmak isleýän pikirlerimi, söhbedimi rowaýat bilen başlamak isleýärin. Çünki rowaýat nygtamakçy, bolýan pikiriňe öwüşgin berýär, pikiriňi has düşnükli edýär.Rabiýa hatyn hakynda çuň manyly bir rowaýat bar.Bir gezek agşam çagty onuň ýol üstünde bir zatlary gözläp, başagaý bolup oturanyny görüpdirler. Rabiýa gözleri çöňňelen garry aýal bolansoň, adamlaryň oňa nebsi agyryp, kömek etmek isläpdirler. Olar:– Rabiýa, näme gözleýäň? – dýip sorapdyrlar.– Näme gözlänimde näme? – Rabiýa soraga sorag bilen jogap gaýtarypdyr. – Gep onda däl, eger maňa kömek etjek bolsaňyz, gözleşiberiň-dä!Adamlar gülşüpdirler:– Rabiýa, akylyňdan azaşdyňmy? Seniň näme ýitireniňi bilmän, nädip saňa kömekleşip bolar?– Ýeri, bolýa-da. Ýöne siziň bilmek islegiňizi kanagatlandyrmak üçin aýdaýaýyn. Men iňňe ýitirdim!Adamlaram oňa iňňe gözleşip ugrapdyrlar. Emma ýol gaty uly eken. Ol ýerden kiçijik iňňäni nädip gözläp tapjak?! Onsoň olar ýene Rabiýadan sorapdyrlar:– Sen iňňäni edil nirräkde ýitirdiň? Ýogsa bu uly ýoluň haýsy bir ýerini gözläp, seniň iňňäňi tapyp bolar?!– Siz ýene gerekmejek zat bilen gyzyklanýaňyz! Bolýa-da, eger bu siziň üçin şeýle möhüm bolsa aýdaýaýyn. Men iňňäni öýde ýitirdim.Öňki gülşen adamlar bu gezek aýak çekip, gülküniň ýerine geň galma duýgusyny ýüze çykarypdyrlar.– Sen, dogrudanam, akylyňy ýitiripsiň. Öýde ýitirilen iňňäni kim ýoldan gözlär?Şonda Rabiýa bu akyl eýelerine şeýle jogap beripdir:– Sebäbi daşary şeýle ýagty, öý bolsa gap-garaňky ahyryn!Bu çuň manyly rowaýat iň arzyly ýagtylygyň adamyň içindedigine şaýatlyk edýär. Rabiýa ýitigini daşardan gözleýär. Emma daşary diýeniň näme bolýar. Daşary bu serhet giňişlikdir. Daşarynyň çägi ýokdur. Ýöne daşary ýagty bolany üçin, biz hakykat şol ýerdedir öýdüp daşary bilen bolýarys. Aslynda-ha biz hakykat şol ýerdedir hem öýdemzok, aslynda biziň köpimiz näme gözleýändigimize ähmiýet hem beremzok. Biz diňe daşary ýagty bolany üçin şol ýerdenem, garaz, nämedir bir zady gözläp geçýäris. Diňe ýagtylygyň özi bizde gözlemek, gözlege gümra bolmak islegini we hajatyny döredýär. «Näme gözlemeli, näme üçin gözlemeli?» diýen sowallar ýöne ýaşaýan adamlar üçin hiç hili ähmiýete ýa mana eýe däldir.Içeri bolsa garaňky. Şonuň üçinem biziň aglaba köpimiz özüne, öz içerisine ýüzlenmekden gaça durýarys. Emma ähli gözlegler, hakykat diňe içeri bilen baglanyşykly bolmalydyr. Içerä göz ýetirmezden, daşdan hiç bir ýitigi tapyp bolmaz. Daşarda ýagtylygyň diňe bir görnüşi – fiziki hadysa bolan görnüşi bar. Hakyky röwşenlik – hakykat nury adamyň içindedir – kalbyndadyr.Hakykat nury ruhy närsedir. Daşarda diňe maddy barlyk bar. Içerde bolsa ruhy barlyk bar. Şonuň üçinem daşara akyl ýetirip bolýar. Içerä bolsa göz ýetirip bolýar.Adamyň içki ruhy kämilligi onuň Hakyň nuruny kabul etmäge taýýarlyk derejesidir. Bu taýýarlyk derejesi ruhuň ýokary galmagyny, ruhuň belende göterilmegini aňladýar. Bu ýokary galyşyň esasy üç basgançagy bardyr.Ilki bilen, ruh tenden ýokary göterilýär. Tenden ýokary galmak öz-özüňi oňlamak, öz adamçylyk mazmunyň asla-da ten bilen bir zat däldigine düşünmekdir. Bu basgançak tas ähli adamlara elýeterlidir. Munda içki «men» döreýär.Ikinji basgançak ruhuň nebisden ýokary galmagydyr. Nebis inçeleşen, has çylşyrymly ten ölçegidir. Munuň özi howaýylaşan tendir. Ýa-da, başgaça aýdylanda, nebis – maddylaşan, yza gaýdan, pese düşen ruhdur. Adamlaryň aglaba köplügi ruh bilen maddanyň hut şu hili gatnaşygynda, şu hili utgaşygynda ýaşaýarlar. Bu çylşyrymly hadysa bolup, ähli kynçylyklar nebsiň özge bolup görünjek bolmagyndan gelip çykýar. Adam kä ýagtylygyň yşgynda, käte-de garaňkylygyň ýesirliginde alasarmyk, iki jahan owarrasy bolup ýaşaýar.Ruhuň symrug guşunyň ganat baglap, üçünji gezek ýokary göterilende, ýeňýän zady akyldyr. Akyl hem öz gezeginde has inçeleşen nebisdir. Men häzir howaýy akyly göz öňünde tutýaryn. Howaýy akyl dünýäniň mazmunyna, maddanyň ýaşaýyş kanunlaryna ýetýär. Emma şol ýerde-de duruberýär. Ol diňe bir ýagtylygy – maddy ýagtylygy bilýär. Şonuň üçin, howaýy akylyň iň ahyrky gelýän netijesi şudur: şu maddy dünýäden başga dünýä ýokdur!Munuň özi imansyzlykdyr. Çünki iman ruhy nurdur, akyl bolsa maddanyň nurudyr. Bular düýp tebigaty boýunça başga-başga närseler, başga-başga barlyklardyr. Akyl Wagt-Giňişlik tarapyndan şertlendirilen barlykdyr. Şonuň üçinem adamzadyň akyl, açyş taryhyna göz aýlasaň, bir hakykata nazaryňyz düşer: bir akyl tarapyndan edilen açyş indiki akyl tarapyndan inkär edilýändir, olam öz gezeginde soňky akyl tarapyndan ýalana çykarylar... Şeýdip gidip oturandyr. Onsoň bu ýerde hemişelik, ähliumumy hakykatyň bolmagy asla mümkin däldir. Munuň özi ahyrky netijede adamzadyň ruhy-ahlak tebigatyna örän güýçli urgy urýar. Mutlak hakykatyň elden giderilmegi, hakykatyň ahlak-ruhy manydan, ählumumy hökmürowan gymmatlyk bolmagyndan mahrum bolmagy adamzady juda ownadýar hem-de peseldýär. Adamlar çyn ruhanalykdan mahrum bolýarlar, hakykat diýilýäni bary-ýogy wagt-giňişligiň çäklendirilen ýaşaýyş ölçegine – öz ömrüňi hamana nobat hökmünde geçirip, ýok bolup gitmegiň ölçegine öwrülýär. Adamzat özüniň iň esasy ýaşaýyş sütünini ýitirýär. Munuň özi imandan küpüre barýan ýoldur. Bu ýoluň amala aşmagynda hut howaýy akylyň aýy hyzmaty uludyr.Ruh özüniň arzyly belentligine galanda, onda üç sany mümkinçilik, üç sany belentlik, üç sany sypat peýda bolýar. Bular: wahý, ylham hem-de parasatdyr. Bularyň üçüsi-de içki hakykata göz ýetirmegiň dürli basgançaklarydyr. Olar Haka içden barmagyň ýollarydyr.Bularyň üçüsi-de Allanyň nurunyň aşak – kalba inmegidir. Hakyň nurunyň düýp manysy şundan ybaratdyr: nur – ýagtylykdyr. Ýagtylyk bolsa garaňkylygyň syrylmagy, nämälimligiň mälimlige öwrülmegi, ýapyklygyň açyklyga geçmegidir. Bilmezlik, görmezlik, uç tapmazlyk garaňkylykdyr. Hakyň nury – çözgütdir. Ol adamzada açylan ýoldur, Hakyň nury biziň ýaşaýşyň nämälimliklerine, syrlaryna barýan ýolumyzy ýagtyldýar. Şeýdip, ol bize özümize hem-de ýaşaýşa, barlyga düşünmäge ýardam edýär. Şunda Hakyň nurunyň diňe bir gnoseologik däl, eýsem ahlak we gözellik manysy-da bardyr. Ol paýhasymyza hem-de kalbymyza tükeniksiz lezzet we gözellik duýgusyny berýär. Hakykatyň hut nur diýlip kesgitlenilmeginde çuňňur many bar. Nur – energiýadyr. Hakykat – sap energiýadyr. Ol madda däldir. Energiýa bolany üçin ol aňa we kalba örän uly gujur, tükeniksiz güýç berýär. Hakykat nurunyň şeýle aksiologik ähmiýeti onuň gnoseologik manysy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bular şol bir hadysanyň iki sany esasy tarapydyr. Birinji jähetde, hakykat nury tümlügiň gapma-garşylygy ornunda, ikinji jähetde bolsa ol ruhy dirilik manysynda ölümiň gapma-garşylygy ornunda, ruhy bakylyk manysynda, paýansyzlygyň gapma-garşylygy ornunda gelýär. Hakykat nury adamzadyň ýaşaýşynyň çeşmesidir, adamzadyň paýhas we göwün ölçegleriniň çeşmesidir. Şonuň üçinem hakykatyň adamzat babatynda, esasan, dört babatdaky zeruryýeti hakynda aýtmak bolar.Birinjiden, hakykatyň ahlaky hasyllylygy bardyr. Hakykat adamzadyň hem adamyň ýaşaýşyna berk ahlak esaslaryny we daýançlaryny berýär. Şeýle esaslara daýanyp biz öz ýaşaýşymyzy we durmuşymyzy gymmatlyklar bilen mana getirýäris. Olar bize ynam, öz ýaşaýşymyzyň hem-de işimiziň hakykatlygyna esas berýär. Munsuz ýaşaýyş bimanylykdyr hem-de içgysgynçlyk, nämälimlik hem-de düşnüksizlik bolup galýar. Şeýle bolanda, adamlaryň ýüregine biperwaýlyk we owarramlyk, göwnüçökgünlik we arman aralaşýar. Başgaça aýdylanda, aň we ýürek boş giňişlige öwrülýär. Emma düýpden seredeniňde, aslynda barlykda boşluk diýen zat bolmaýar. Şonuň üçinem boş galan aňa derrew küpür, boş galan ýürege bolsa imansyzlyk aralaşýar. Netijede, adam hakykatyň – Hudaýyň ýoklugy, ýaşaýşyň tötänlikdigi we düýbüniň boşlugy baradaky her hili şowakör taglymatlary we ynançlary döredip başlaýar. Hakykatyň ornuna çynaberimsizlik gelýär. Çynaberimsizligiň ýyndamlygy samanhana çenlidir. Şondan soň kynçylyklar we erbetlikler täzeden ör-boýuna galýar.Hakykat diňe bir ahlaklylyk däl, eýsem gözellikdir hem. Hakykat ýaly gözel hem jemally zat ýokdur. Şonuň üçinem hakykatyň ikinji bähresi – gözellik artykmaçlygydyr. Biziň köne şahyrlarymyzyň Haky gözel magşuk keşbinde görendikleriniň sebäbi şundadyr. Hakykatda Wagta boýun egmeýän gözellik bar. Şonuň üçinem hakykat gözelligini tapan, oňa maýyl bolanlar Wagt içindäki gözellige pisint etmeýärler. Has dogrusy, bu hili gözellik olar üçin ikinji, kölegelik orna geçýär. Olar Wagt içiniň gözelligine ahyrky maksat, soňky duralga hökmünde seretmeýärler, eýse bu gözellik olar üçin hakykat gözelliginiň başlangyjy, alamaty, yşaraty bolup durýar. Wagt içindäki dünýä mahsus panylyk başlangyjy şeýle pikiriň nädogry däldiginiň esasy subutnamasydyr. Panylyk başlangyjy – munuň özi ikileýinlikden durýan barlykda mutlak ýeňşiň hem, mutlak ýeňlişiň hem mümkin däldigini aňladýar. Gözelligi mutlak ýok etmek mümkin däl, emma munda betnyşanlygy-da mutlak aradan aýyrmak mümkin däldir. Bu dünýäde haýry-da, şeri-de mutlak ýok etmek mümkin däldir. Bularyň bary-da Wagtyň kömegi bilen derisini täzeläp durýar. Şuňa düşünen beýik kişileriň nazary Wagtdan aňyrdaky gözellige – hakykata gönügipdir. Şol ýerdenem olar hakykatyň gözellik jemalyny görüp, şu dünýädäki gözelligiň bakylyk delilini we esaslandyrmalaryny tapypdyrlar.Diýmek, üçünjiden, hakykatyň taryhy şerg – ýol manysyndaky artykmaçlygy bardyr. Bakylyk hakykat gymmatlyklary we ölçegleri arkaly panylygy dolandyrýar. Hakykat nurundan daşlaşylan döwürlerinde azaşmaklyk başlanýar. Çünki nurdan daşlaşmak garaňkylygyň artmagyna, şowakörlügiň güýçlenmegine getirýär. Beýik hem kämil kişileriň kalbynda orun alan hakykat nury jemgyýetiň dogry ýola düşmeginiň, adalatyň rowaç bolmagynyň çeşmesidir. Beýle kişilere «nazarkerdeler» diýilýär. Adamzat, millet nazarkerdeleriň yzyna düşse, bagt we döwlet tapýar. Olar nurana we ruhana adamlardyr. Hatda bakyýete gidensoňam, nur olaryň işlerinde we taglymatlarynda saklanyp galyp, adamzadyň ýoluny ýagtylandyrmagy dowam etdirýär.Emma hakykat nurunyň esasy bähresi – onuň ruhy-ekzistensial babatydyr. Şu manyda hakykat nury diňe bir panylyk barlygyny däl, eýsem bakylyk bilen panylyk serhedini ýagtylandyrýar. Bu bolsa şahsyýet üçin esasy zatdyr. Ol ýoklugyň ýokdugyna, ýoklugyň mümkin däldigine göz ýetirýär. Ol özünde Hakyň merhemedini, Hakyň nazaryny duýýar. Hakyň nury şahsyýetiň kimdigine we nämedigine görä wahý, ylham, parasat hem-de hal bolup kalbyna inýär.Wahý – pygamberlere berilýän Hak nurudyr.Ylham – kämillere berilýän Hak nurudyr.Parasat – nazarkerdelere berilýän Hak nurudyr.Hal – welilere berilýän Hak nurudyr.Pygamberler Hakyň öz saýlan kişileridir. Olar Hakyň sözüni adamzada ýetirijilerdir. Olarda Hakyň nury adamzat üçin mümkingadarlygyň iň ýokary derejesindedir. Wahý sözüniň bir manysy «habar» diýmekdir. Habar nuruň manydaşy hökmünde ýol, ugur, çözgüt diýmegi aňladýar. Pygamberlik Hakyň habaryny getirmeklikdir. Nurlulyk bolsa habaryň mazmunyna degişli artykmaçlykdyr.Habar öňki ýol bozulyp, garaňkylyk artyp, azaşmaklyk başlananda, ýaşaýşyň, barlygyň ösüşiniň zeruryýetine öwrülýär. Şonuň üçinem habaryň nury güýçlüdir we uzaga niýetlenendir. Wahý iki hili bolýar: diliň sözlerinden ybarat wahý hem-de kalbyň sözlerinden ybarat wahý. Birinjisi seslerden, owazlardan dursa, beýlekisi dil serişdeleri arkaly aňladylmaýar, ýöne, barybir, diňlemek arkaly kabul edilýär.Wahýda Hakyň nury hem berekedi bardyr. Wahý arkaly berlen habaryň täsiri üýtgeşikdir. Muny aňlamak üçin artykmaç bilim hem gerek däl. Munuň üçin diňe zand hem üşük ýeterlikdir. Bu ýerde Gurhany kerimiň tekstiniň täsirini ýatlamak ýerlikli bolardy. Bu kitapda beýan edilýän wakalary kitabyň içinde okanyňda birhili, ondan aýry beýan edilende, tanşanyňda bütinleý başga hili täsir galdyrýar. Şu inçe tapawuda üns berip gördüňizmi? Näme üçin beýle «birhili – başga hili» tapawut ýüze çykýar? Çünki birinji halatda sen Hakyň öz mübärek sungundan dörän hakykat bilen, ikinji halatda bolsa ol hakykatyň adam diline geçirilen görnüşi bilen iş salyşýarsyň. Wahý arkaly inen aýatlaryň her bir owazyndan başlap sözlerine, mazmunyna çenli seniň süňňüňde ýatan potensiýalary başgaça oýarýar. Munuň özi Hakyň nurunyň adam kalbyna gönüden-göni täsiridir. Owaz arkaly nur, kalbyň içine girýän, görünmez, ýöne diňe kalp tarapyndan aňylýan nur arkaly bereket gelýär. Tebigaty boýunça başga barlykdan – transsendent barlykdan gelýän hakykatyň tüýsi başgadyr, hili başgadyr. Ol başga älem, başga owazdyr. Sen şonda kalbyň başga bir barlyk bilen gabatlaşýanyny duýýarsyň. Kalbyň, ruhuň, süňňüň beýik, şu dünýäde ýok, bolup hem bilmejek, hiç hili logiki aňlatma, matematiki formula salyp bolmajak bir energetika sataşýandygyny syzýarsyň, käbir alymlar bu hadysanyň entek öwrenilmedik närsedigini ýazýarlar. Meniň pikirimçe, ony logiki, howaýy serişdeler arkaly öwrenibem bolmaz. Çünki alymlar muny haýsydyr bir psihologik geň-taňlyk hasaplaýarlar. Emma beýle däl. Psihologik geň-taňlyk şu dünýäň hadysasydyr. Wahý netijesi bolan närse bolsa başga dünýäden gelýän geň-taňlykdyr.Bu keremli kitapdaky wakalardyr şahslaryň taryhda Muhammetden öňem duşýandygyna esaslanyp, olaryň çeşmesi ylhamdan ozalky edebiýatdyr diýmek iň bir ýöntem pikirdir. Munuň özi adamyň beden gurluşynyň maýmynyňka meňzeşliginiň esasynda adamyň maýmyndan gelip çykandygyny tassyklamak bilen deň zatdyr. Howaýy akylyň iň gödek hem ýöntem tarapy onuň hakykat derejesi bilen faktlar derejesini tapawutlandyryp bilmeýänligidir. Fakt diňe fakta-da şaýatlyk edip biler, hakykat bolsa başga bir, has çuňlukdaky reallykdyr ýa-da irreallykdyr. Fakt hemişe özüniň ikimanylylygyny saklaýar, şonuň üçinem ol hakykat bilen barabarlyk bolup bilmez. Fakt hemişe howaýy akyla görünýän närsedir, akyl bolsa hemme zadyň aňyrsyna ýeterden ejizdir we gödekdir. Onuň ejizliginde bolsa kütek paltanyň ejizligi bar. Akyl – ynsanyň intellektual dilidir, ynsanda bolsa bu dilden has kämil, has ukyply närseler – syzgy, üşük, iň esasy zadam, kalp hem-de ruh bardyr.Akylyň serişdesi pikir bolsa, ruhuň serişdesi ylhamdyr. Ylham döredijilik çeşmesi, bu ýerde döredijilik giň manydadyr, ylhamyň çeşmesi bolsa hakykatdyr. Ylham ruhuň energetikasynyň adatdan daşary güýçli suratda ýüze çykmagydyr. Ylham pygamberlerden başga adamlara-da berilýär.Ylhamyň berlişi, köplenç, düýş bilen baglanyşyklydyr. Didarlygyň gapma-garşylygy manysyndaky düýş özge dünýäniň alamaty ornunda gelýär. Uklan adam hamana wagtlaýyn şu dünýäden çykan ýaly bolýar. Onuň düýşleri özge dünýälere edilýän özboluşly syýahata çalym edýär. Diýmek, ylhamyň güýçli ruhy hadysa hökmündäki manysy transsendental hakykatlara barýar. Ylham bolmasa adamzadyň ruhy ösüşi mümkin bolmazdy. Düýş dünýäleriň ornunyň çalyşmagydyr. Şu hili orunçalşykdan ylham kemala gelýär.Ylhamda dolulyk bilen küýlüligiň orun çalyşmasy-da ähmiýetlidir. Adatdandaşarylyk ýok ýerinde ylham mümkin däl. Küýlülik hem düýş ýaly şu dünýäniň çäklerini ýeňip geçmegiň bir görnüşidir. Şu dünýäden däldigi üçinem düýşdür küýlülik özünde örän köp gnoseologik syrlary we estetiki geň-taňlyklary jemleýär.Düýşde alamat hem-de yşarat bar. Düýşde syrlylyk hem-de iňkise giderýän köpmanylylyk bar. Emma düýşüň esasy täsinlikleriniň biri, onuň görlüş geň-taňlygydyr. Düýşdäki wakalar we suratlar has owadanlygy, nuranalygy hem-de şuglalylygy bilen tapawutlanýar. Munda reňkler we öwüşginler durmuşdakydan has ýiti, dürli hem-de gözeilginç. Men bu täsinlige adam tehnikasynyň durmuşyň özüni owadanlaşdyrmak işidir diýip aýtmaga esas ýok hasaplaýaryn. Eýse düýşüň emele gelmeginde esasy gatanç özge dünýädir. Oraşan düýşde boljak wakalar öňünden bildirilýär. Başgaça aýdylanda, Wagtyň ykbaly öňünden aýdylýar. Munuň özi düýşüň manysynyň Wagtyň çäginden aňyrdan bir ýerden gelýändigini aňladýar. Şeýle hadysa akyp ýatan Wagt derýasyny gapdalyndan synlamak, derýanyň indiki aýlawyny öňünden görmek ýaly bir zat bolýar.Düýşde hikmet bar. Hikmet – durmuş hadysalaryny we wakalaryny, garaz, durmuş materialyny döredijilikli umumylaşdyrmak, syntgylamak, suwuny sykmak netijesinde durmuşyň düýp manysyny we mantygyny kesgitlemekdir. Özem ol diňe bir umumy häsiýete eýe bolman, eýsem anyklygy bilen tapawutlanyp, anyk wakalary-da öňünden kesgitlemek artykmaçlygyna eýedir. Hikmet, umuman, döredijiligiň netijesidir. Hikmet anyk waka degişlilikde aýan bolanda, oňa parasat diýilýär. Hikmet – düýp manyny kesgitlemek, parasat – anyklygy öňünden görmek we aýtmakdyr. Bularyň ikisiniň hem aňyrsynda ylham ýatýar. Ylham bolsa Hakyň nurunyň jilwesidir, ylham hakykatyň owazydyr. Ylham asla-da şu dünýä degişli energiýanyň haýsydyr bir transformasiýasy däldir. Onuň adatdan daşarylygy, has dogrusy, dünýäden daşarylygy juda kesgitli görünýär.Elbetde, men dünýäüze hadysalaryň gürrüňini edýärin. Durmuşdaky her hili adaty düýş görmek, ýa bolmasa, adatylyk bolan ýasama ylhamlylyk ýaly zatlar bütinleý başga meseledir. Soňkular adam paýhasynyň sagdyn manyly ýaňsysyna mynasypdyr. Ine, şol mynasyp düýşleriň biri.Bir bende goly ýukalyk sebäpli özüniň ömür arzuwyna – ulag edinmek arzuwyna ýetip bilmeýärmiş. Arzuw – atly, bendäniň durmuş mümkinçilikleri bolsa pyýadamyş. Onsoň ol mydama Alladan dileg edip gezýärmiş: «Ýa, Alllam, men bir lotereýa alsam, oňa-da bir ulag düşer ýaly etseň!» diýip. Ol gaty köp wagtlap şeýle dileg bilen ýaşapdyr. Ahyry bir günem, has dogrusy, gije onuň gulagyna Biribardan owaz gelipdir: «Eý, bendäm, sen ilki lotereýa bir satyn alsana!»Hakykat – örän köp sanly faktorlaryň, düzüjileriň, bölekleriň bize hemişe düşnükli bolmadyk utgaşygydyr. Şu hili utgaşyga düşünmek üçin wahý, ylham hem parasat gerek bolýar. Şu hili utgaşyga eýermek bolsa ruhubelentlik ýaşaýyş ýörelgesidir.

Osman Öde

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir