Amaly maslahatyň mowzuklary: • Türkmenistanda ylym we bilim syýasatynyň soňky özgerişleri • Türkmenistanda öňdebaryjy tehnologiýanyň gazananlary • Türkmenistanda saglyk ulgamyndaky özgerişlikler • Türkmen ykdysadyýetiniň täze ugurlary • Türkmenistanda gumanitar we jemgyýetçilik ylymlary • Türkmen diliniň we edebiýatynyň döwrebap meseleleri • Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty • Türkmenistanda ylym we tehnika • Türkmen däp-dessurlary we milli mirasy XXI asyrda • Türkmen harby täliminiň gazananlary • Türkmen taryhynyň täze sahypalary • Türkmen döwlet nyşanlary • Türkmen medeniýeti we sungaty täze özgerişler zamanasynda • Türkmen tebigy baýlyklary… Mundan başga-da ylmy-amaly maslahata höwes bildirenler Türkmenistana degişli, Türkmenler bilen baglanyşykly häzirki zamanyň iň işjeň meselelerine degişli ylmy çykyşlary bilen gatnaşyp bilerler. Ylmy-amaly maslahata türkmenistanly raýatlar, mugallymlar, talyp-ýaşlar gatnaşyp bilerler. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirenler özleri barada gysgajyk maglumaty we çykyşlarynyň adyny, bir sahypalyk özenini 2008-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 31-ne çenli biziň şu aşakdaky elektron salgymyza ibermelidirler. Elektron salgymyz: tmankara@yahoo.com Ylmy çykyşyň möçberi 10-15 sahypa arasynda bolmalydyr we Baýdak aýynyň 10-yna çenli ýokarda görkezen elektron salgymyza iberilmelidir, 10-yndan soň iberilen ýazgylar hasaba alynjak däldir. Nutugyň ýazyljak dili Türkmençe, Türkçe, Rusça, Iňlisçe bolup biler. Ylmy-amaly maslahata kabul edilenlere soňra goşmaça habar beriljekdir. Ylmy-amaly maslahat 2008-nji ýylyň Baýdak aýynyň ikinji ongünlüginde Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynda geçiriljekdir. HORMATLY TÜRKMEN MUGALLYMLARY WE TALYP-ÝAŞLARY! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen bilim-ylym ulgamyny ösdürmek we dünýä ülňülerine laýyk gelýän özgerişleri durmuşa geçirmek boýunça uly işlerine jogap edip, biz Türkiýede bilim aýlan türkmen talyplar bolup, ilkinji gezek türkmen ýaş alymlarynyň 1-nji ylmy amaly maslahatyny geçirmekligi göz öňünde tutduk. Bu ylmy amaly maslahata öz ugruňyz we ylmy-döredijilik işleriňiz bilen gatnaşyp bilersiňiz. Ylmy amala maslahata täze açyşlaryňyzy, döredijilik işleriňizi, ylmy dokladlaryňyzy hödürläp bilersiňiz. SIZDEN EDILJEK ESASY TALAP: “Sen türkmen ýaş alymy hökmünde, öz ugruň, hünäriň, bilimiň we alyp barýan işiň boýunça türkmen ylmyna näme we nähili goşant goşup bilersiň?” diýen soraga jogap gözleniljekdir. Ynha, türkmen we türk alymlarynyň bilelikde döredilen maslahatynyň sizden etjek talaby şonuň ýaly boljakdyr. Siziň bu talaba oňyn jogap berjekdigiňize uly ynam bildirip, sizi ylmy amaly maslahata işeňňir gatnaşmaklyga çagyrýarys. Bu talap ýaryş görnüşli bolman, eýsem hakyky ylmy derňewden we şol derňewler netijesinde ýüze çykarylan işlerden ybarat bolmalydyr. YLMY AMALY MASLAHATYŇ GURAMAÇYLYK TOPARY

Köneler, Lider tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir