Asly afro-amerikan neslinden bolan Kassius Marsellus Kleý, ýagny meşhur boksçy Muhammet Aly 1942-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda ABŞ-yň Luiswill diýilýän ýerinde dünýä inýär.

Muhammet Aly 12 ýaşyndaka boks bilen tanşyp, gysga wagtyň içinde amerikan boks guramalaryna agza bolup, “Altyn ellik”ýaryşynda resmi däl duşuşyklarda tutluşyp başlaýar. Ol resmi bolmadyk duşuşyklarda 167 gezek tutluşyp, 161 duşuşykda ýeňiş gazanmagy başarypdyr. 1960-njy ýylda geçirilen Rim olimpiadasyna 18 ýaşyndaka gatnaşyp, öz agramyndaky türgenleri ýeňip, altyn medalyň eýesi bolmagy başarýar. Muhammet Aly olimpiadadan altyn medal gazanyp ýurduna dolanan döwründe, restoranda otyrka milletparazlyk sebäpli negrlere hyzmat edilmeýändigini eşidip gaharlanýar hem-de medalyny derýa taşlaýar. Şonuň ýaly ýagdaýlar sebäpli Kleýiň dünýägaraýşy hem üýtgäp başlaýar.

Kassius Marsellus Kleý milletparazlyk ýaly birnäçe wakadan soňra yslam dini bilen gyzyklanmaga başlaýar. Ol 1964-nji ýylda Sonny Liston bilen bolan tutluşygynda ýeňiş gazanmak bilen dünýäniň iň ýaş boks çempiony bolýar. Kleý şol ýeňşiň yzysüre ähli boks janköýerleriniň öňünde özüniň musulmançylygy saýlap alandygyny hem-de adyny Muhammet Aly diýip üýtgedendigini aýdýar.

1960-njy ýyllar Amerikada garatenlileriň birentek hukuklarynyň bozulyp, milletparazlyk edilýän döwri bolupdyr. Muhammet Alynyň şol döwürde musulmançylyk ýoluny saýlamagy bolsa 1966-njy ýylda Wýetnam urşuna Amerika hökümeti tarapyndan çagyrylmagyna sebäp bolupdyr. Ol her näçe söweşe çagyrylsa-da, asla Wýetnam urşuna gatnaşmandyr. Söweşe gitmekden ýüz dönderendigi sebäpli, 5 ýyl azatlykdan mahrum edilip, 10 müň dollar jeza tölemäge mejbur edilipdir. Mundan başga-da passporty, attestaty we derejeleri elinden alnypdyr. Özüne garşy alnyp barlan jeza çärelerine garşy Muhammet Aly ABŞ-yň prokuraturasyna ýüz tutup, karary bozdurýar. Öz hukuklaryny goramak üçin, kazyýetlere ýüz tutan döwürlerinde üç ýarym ýyllap ringden uzakda ýaşamaly bolupdyr. Onuň hukuklary 1971-nji ýylda ABŞ-yň Ýokary Kazyýetiniň karary esasynda yzyna gaýtarylyp berlipdir.

Muhammet Aly 1971-nji ýyldaky tutluşygynda özüni ýeňen türgen Jo Freýzer bilen 1974-nji ýylda täzeden duşuşyp, bu gezekki duşuşygynda garşydaşyny ýeňmek bilen ýene-de bir gezek dünýäniň boks boýunça çempiony bolmagy başarýar. Muhammet Aly 1972-nji hem-de 1988-nji ýyllarda Käbä gidip, haj parzyny berjaý edýär.

Ol 1977-nji ýylda Leon Spinks bilen duşuşanda, garşydaşyndan ýeňlipdir. Bary-ýogy bir ýyl geçip geçmänkä, bu garşydaşy bilenem täzeden duşuşýar we onam ýeňip, dünýäniň üçünji gezek boks boýunça çempiony bolýar. 1978-nji ýylda boks dünýäsi bilen hoşlaşan wagty dünýäniň boks boýunça çempiony derejesini entegem ol özünde saklaýardy. Muhammet Aly ringden uzaklaşandan soň, Parkinson (titreme) keseline uçraýar.

1996-njy ýyldaky Atlantada geçirilen Olimpiada oýunlarynyň başlangyç alawy gurama tarapyndan boksçy Muhammet Ala ýakdyrylýar. Şol olimpiada oýunlarynda 1960-njy ýylda Muhammet Alynyň derýa zyňan medaly hökmünde oňa dabara bilen täzeden medal gowşurylýar.

2012-nji ýylda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirilen tomusky olimpiada oýunlarynyň açylyş dabarasyndaky olimpiada baýdagyny hem Muhammet Aly göterýär.

20 ýyllap dünýäniň boks boýunça çempiony derejesini elinde saklan Muhammet Aly dem alyş ýollarynyň birahat etmegi sebäpli, ABŞ-yň Arizona welaýatynyň Fıniks diýilýän ýerindäki bir hassahanada bejergi alýarka, 2016-njy ýylyň 3-nji iýunyndaaradan çykýar.

Taýýarlan Kätip Myradow

Çeşme: Internet maglumatlary

Sport, 12 tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir