Dünýä futbol taryhynda iň meşhur futbolçylaryň biri Peledir. Hakyky ady Edson Arantes do Nascimento Pele bolup, ol 1940-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Braziliýanyň “Três Corações” diýilýän ýerinde Dondinho we Celeste Nascimentolaryň garyp maşgalasynda dünýä inýär.

Pele 11 ýaşyna çenli Bauru Atletic futbol klubunda oýnap, boş wagtlary bolsa maşgalasyna kömek etmek üçin aýakgap boýagçylygyny edýär. Braziliýanyň meşhur futbolçylarynyň biri bolan Waldemar de Brito Peläniň 11 ýaşyndaka ussatlyk bilen oýnaýan oýnuna göwni ýetip, ony Sao Paulo şäherine alyp gidýär hem-de şol ýerde Santos futbol toparynyň tälimçilerine ony reklama edip, şol toparyň düzümine goşýar. Eýýäm ol 16 ýaşyna gelende, futbolçylaryň arasynda aýratyn orna eýe bolýar. 1956-njy ýylda Santos futbol toparynyň esasy ýygyndysynda oýnamaga başlamagy bilen, ol ilkinji duşuşygynda Corinthianstoparynyň derwezesine bir gol atmagy başarýar. Şol duşuşykda görkezen oýny bilen Pele futbol janköýerleriň söýgüsine mynasyp bolýar.

Pele bary-ýogy 17 ýaşyndaka, 1958-nji ýylda Şwesiýada geçirilen futbol boýunça Dünýä çempionatynda Braziliýanyň milli ýygyndysynyň esasy ätiýaçdaky oýunçylarynyň düzüminde orun alyp, geçiren birnäçe duşuşyklarynda bolsa, iň oňat oýunlaryň birini görkezmeginiň netijesinde garşydaşlarynyň derwezesine 6 gol geçirip, tapawutlanmagy başarýar. Şol ýaryşyň final duşuşyklarynda Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ilkinji 11-lik düzüminde orun almaga başlaýar (1958-nji ýylda geçirilen futbol boýunça dünýä çempiony hem Braziliýanyň milli ýygyndysy bolýar).

Dünýä futbol janköýerleriniň aýratyn hormatyna eýe bolan Pele 1962-nji ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna şikes alandygy sepäpli gatnaşyp bilmeýär.

Edson Arantes do Nascimento Pele 1966-njy ýylda Angliýada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda bolsa Bolgariýa we Portugaliýa bilen bolan duşuşyklarda şikes alandygy sebäpli, ýaryş tamamlanmanka meýdançany terk etmeli bolýar. Her näçe şikes alsa-da, taryha adyny altyn harplar bilen ýazdyran bu oýunçy futbol meýdançasyndan asla daşlaşmaýar.

1967-1970-nji ýyllar aralygynda Nigeriýadaky raýatlyk urşy dowam edýän wagty Peläniň oýnajak bolýan duşuşygy üçin taraplar urşy wagtlaýynça 48 sagatlyk ýatyrýar.

1969-njy ýylda Braziliýa bilen Kolumbiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda bolan duşuşykda emin bilen dawalaşandygy sebäpli, Pele meýdançadan kowulýar. Eminleriň gelen bu kararyna Kolumbiýanyň futbol toparynyň janköýerleri gaharlanyp, tribunadan meýdança howply bolup biljek tapan-tupan zatlaryny zyňyp başlaýarlar. Şol duşuşykda janköýerleriň galmagalyny ýatyrmak üçin, polisiýanyň haýyş etmegi bilen Pele täzeden oýna girip, duşuşyga dowam edýär.

Meksikada geçirilen 1970-nji ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen Italiýanyň arasynda bolan oýunda, italýanlar braziliýalylardan 4-1 hasabynda ýeňilýär. Pele şol duşuşykda Braziliýanyň milli ýygyndysynyň futbol boýunça dünýä çempionatlaryndaky ýüzünji goluny garşydaşynyň derwezesine geçirmegi başarýar.

Ýewropa futbol toparlary Peläni her näçe öz toparlaryna goşmak isleselerem, Braziliýa hökümeti ony başga ýerlere ugratmajak bolup, şol ýyllarda ellerinde baryny edip töleg töläp, ony öz ýurtlarynda saklaýarlar. Şeýle ýagdaýlar bilen birlikde, 1974-nji ýylda Pele futbol bilen hoşlaşýar. Futbol meýdançasyndan uzaklaşanyndan bary-ýogy bir ýyl soňra, ol täzeden ýaşyl meýdança gaýdyp gelýär. Demirgazyk Amerikanyň futbol ligasyndaky Nýu-Ýork Kosmos toparynda oýnamak maksady bilen, 7 million dollara 3 ýyllyk şertnama baglaşýar.

Futbol kariýerasynda Pele üç gezek dünýä kubogyny gazanmagy başarýar. 1956-1974-nji ýyllar aralygynda Santos futbol toparynda oýnan wagty 1265 duşuşykda 1124 topy garşydaş toparyň derwezesine geçirmegi başarýar. 1975-1977-nji ýyllar aralygynda Kosmos futbol toparynda oýnan wagty bolsa 111 duşuşykda 65 pökgini garşy tora geçirmegi başardy.

Futbol kariýerasy boýunça ähli oýnan resmi duşuşyklarynda jemi 1360 oýun oýnap, 1280 gol geçirip, öz kariýerasynda iň köp gol atan oýunçy rekordyny häzirem öz elinde saklaýan oýunçydyr. 1977-nji ýylda Pele futbol bilen hemişelik hoşlaşýar.

Ol 1994-1998-nji ýyllar aralygynda Braziliýanyň sport ministri hem boldy.

Çeşme: Internet maglumatlary

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir