“Men näme isleýänimi, nirä barýanymy bilýärin”.

Berdiýewiň bu sözleri aýdany düýnki ýaly ýadymyzda. Hatda bu barada gazetde şeýle habar çykypdy. “Rubin Kazanyň maksady – Ýewropa ligasy çempionlygy”. Şol ýyl hakykatdanam Berdiýewiň topary diýseň üstünlikli çykyş edýärdi. Ýewropa ligasynda, Interli grupbadan birinjiik bilen çykyp, Atletiko Madridi we Lewantany ýeňip, Çelsi bilen garşylaşypdy. Çelsini Lužnikide ýeňip, abraýly şekilde Ýewropa ligasyndan hoşlaşanynda, indiki ýyl üçin diýseň umytly görkezijiler berýärdi. Garaşylyşy ýaly hem boldy. Berdiýewiň “oýny” Ýewropa ligasynda dowam etdi. Ýöne RFPL-de işler onçakly göwnejaý gitmeýänligi üçin, Rubin Kazandan ugradyldy. Şeýlelik bilen Rubin Kazan hem dargady. Ýöne Berdiýewiň oýny ýene dowam etdi.

Geliň, ilki bilen Berdiýewiň futbol-oýunçy-dolandyryş üçburçlugyndan ýola çykyp, geçmişi ýatlalyň. Rubin TV-de geçirilen giňişleýin gürrüňdeşlikde Berdiýewe şeýle soraglar berildi; Häzirki wagtda ony has gyzyklandyrýan futbol komandasy we sebäpleri soraldy. Şol wagtlar ýörgünli jogaplar, elbetde, hemişeki bolşy ýaly Barselona, Real Madrid we Mançester Ýunaýteddi. Berdiýew bolsa “Mançester Siti” diýip jogap berdi. “Gök aýylaryň” şol wagtky türgenleşdirijisi Mançininiň stilini, taktikasyny oýny dolandyryşyny gowy görýändigini we näme oýnatmak isleýändigini aňýandygyny aýtdy. Şol sezon bolsa Mançester Siti çempiýonlyk kubogyna soňky minutlarda eýe boldy. Berdiýew türgenleşdiriji topar baradaky belläp geçen zatlarynda ýene mamlady. Iň gowy görýän oýunçylary soralanda bolsa Hawi we Buskets diýip jogap beripdi. Hawi bilen ähli futbol söýüjiler ylalaşyp biler, emma Buskets jogaby diýseň geň galdyryjydy. Hawi şu wagt futbolda soňky ýyllaryny ýaşaýar. Buskets bolsa henizem köpler tarapyndan “nämälim” bolan oýny bilen Barçanyň esasy ounçylarynyň biri bolup durýar.

Rubiniň esasy oýunçylaryndan Ansaldi Kazanda oýnaýan wagty Maradonanyň ünsüni özüne çekmegi başaryp, Argentinanyň milli ýygyndysyna seçilmegi başarypdy. Rubinden Zenit futbol toparyna gidende bolsa, Berdiýew onuň üçin henizem Ýewropanyň brend toparlarynda çykyş edip biljekdigini aýdýardy. Ansaldi, Atletiko Madridden soň häzir Geneoda toparynda futbol oýnamaga dowam edýär. Diňe bir Ansaldi däl, Berdiýewiň beýleki oýunçylary bolan Iwan Markana Porto toparynda, Ýeremenko CSKA-da, Boketti Spartak Moskwada, Milanda, Solomon Rondon ilki bilen Zenitde, häzir bolsa Evertonda, Mvilla Sunderlanda, Bibras Natço bolsa CSKA-da futbol oýnamaklygy dowam etdirýärler.

Gurban Berdiýewiň Rostowda dowam edýän “şowhuny” onuň entek oýnuň dowam etjekdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Aslynda, Rostow kluby Berdiýewe Rubinden soň tizlik bilen iş teklip edipdi. Emma bu teklibiň Berdiýewiň uzak wagtdan bäri garaşyp oturan Ançelotti bilen duşuşygyna gabat gelmegi, onuň Rostow bilen amala aşyrjak “gopgunyny” biraz yza süýşürdi. Şeýlelik bilen RFPL-da iň soňky orunda barýan Rostow Berdiýewiň oýunlary bilen premýer ligada oýnamaga hukuk gazandy. Häzir Rostowda öňki Rubinden, has dogrusy Berdiýew bilen oýun oýnamagy öwrenen Buharow, Christian Noboa, Cesar Navas we Aleksandr Gatskan dowam edýär.
Rubinden kärendesine alnan Eýran türkmenlerinden, Russiýada “Iranskiý Messi” diýlip atlandyrylýan Serdar Azmoun hem Rostowa bar güýjüni gaýgyrman kömek etmäge dowam edýär. Serdar Azmoun biziň türkmen janköýerlerimize-de tanyş. Ol Daşoguz şäherinde ýurdumyzyň milli ýygyndysy bilen Eýran milli ýygyndysynyň arasynda bolan duşuşykda ilkinji bolup hasaby açmagy başarypdy.

Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Rostow RFPL-da CSKA-dan 1 utuk tapawutlylykda ikinji orna mynasyp boldy. Transfer möwsüminde bolsa, Terekden goragçy Kudrýaşow Rostow toparyna goşuldy.

Russiýanyň Milli Futbol Ýygyndysy Ýewropanyň çempionatynda ýeňlişe sezewar bolandan soňra, milli ýygyndynyň baş tälimçisi Leonid Sluskiý eýeleýän wezipesinden gitdi. Baş tälimçilige esasy dalaşgärleriň sanawyna Stanislaw Çerçesow, Waleriý Gazzaýew, Stanislaw Borodýuk, şeýle hem watandaşymyz, öz işiniň ussady bolan Gurban Berdiýew dagy girýärler. Bilermenleriň, futbol hünärmenleriniň aýtmagyna görä esasy mynasyp dalaşgärlik Çerçesow bilen Gurban Berdiýewiň arasynda bolar.
Russiýanyň Futbol Federasiýasynyň öňki Wise Prezidenti Sergeý Kapkow Baş tälimçilige iň mynasyp dalaşgäriň Gurban Berdiýewdigi baradaky pikirini aýdyp, ony aýdyň goldaýandygyny aýtdy.

Çeşme: “GNTimes” neşiriniň 2017-nji ýylda çykan sanyndan alyndy.

Sport, 12 tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir