Kenarda öz toparynyň futbol oýnuny dolandyrýan tälimçileriň köpüsi, hatda agramly bölegi wagtynda meýdançada der döken futbolçylardyr. Näme sebäpdendigi bilinmese-de, ýyldyz futbolçylardan o diýen başarnykly tälimçi çykanok. Elbetde, ýek-tük bar hem bolsa, güýçli tälimçileriň aglabasy orta-tap futbolçylardan ybarat diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Aslynda, öz bilýän, hatda hemişe meşgullanyp ýören zadyňy başgasyna öwretmek ýeňil bolaýjak ýaly. Emma munuň hemişe şeýle däldigine, öz wagtynda super ýyldyz bolan futbolçylaryň tälimçilik karýeralaryna seredip, ymykly göz ýetirýäris.

Şol bir wagtyň özünde ömürlerinde pökgi depmän professional derejede bir gün hem futbol oýnaman, tälimçiligi kär hökmünde saýlan ýüzlerçe tälimçi-de bar. Üstesine-de şolaryň käbirleriniň diýseň başarnykly karýeralary bolup, olar köpleriň uly söýgüsini gazanan tälimçilerdir.

Ussaçylykdan talimçilige

Şotland futboly diýlende, iki topar ýadyňa düşýär – “Reýnjers” bilen “Seltik”. Maliýe taýdan çökeninden soň, aşaky ligalara düşen we geçen möwsüm täzeden ýokary liga dolanan “Reýnjers” ýurduň iň köp kubokly toparydyr. Hatda Glazgo şäheriniň bu wekili dünýäde-de kubok sany boýunça öňdebaryjylaryň hatarynda hasaplanýar. Bu topara şol kuboklaryň epeslisini gazandyran Bill Strutuň şotland futbolyna goşandy örän uludyr. Yzygiderlilikde 34 ýyllap (1920–1954) “Reýnjersiň” tälimçisi bolan Bill Strut, aslynda, daş ussasy bolup, güzeranyny görüp ýören adam. Gapdalyndanam professional derejede ýeňil atletika bilen meşgullanýar (30 ýaşdan geçýänçä). 1900-nji ýyllarda mekdepleriň birinde ýaşlara futbol öwredip başlan Strut 45 ýaşynda “Reýnjersiň” tälimçiligine bellenilýär. 1872-nji ýylda döredilen klubuň taryhyndaky 2-nji tälimçi bolan Strutuň döwründe “Reýnjers” çempionatda 18, kubok ýaryşlarynda-da 12 (Şotlandiýanyň Kubogy 10, Liga kubogy 2) gezek çempionlyk gazanýar.

* * *

Horwatiýaly Ante Çaçiç hem ussaçylykdan tälimçilige geçenleriň biri bolup, ol 1 gezegem futbol oýnamandyr. Asyl käri radio we telewizor ussasy bolan Ante Çaçiç gapdalyndanam tälimçilik gurnaklaryna gatnaşyp, onuň inçe tilsimlerini özleşdirýär. Diplomyny alanyndan soň, ussaçylygy taşlan Çaçiç 1986-njy ýyl¬da “Prigorýe Makruşewiç” toparynda tälimçilige başlaýar. Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine (2015–2017) çenli beýgelen Çaçiç onlarça klubda-da işledi.

Gündiz bankda, Gije tälimçilkde

Italiýanyň “A-Seriýasynda” geçen möwsümde çempionlygy soňky hepdelerde “Ýuwentusa” aldyran “Napoliniň” ozalky, “Çelsiniň” häzirki tälimçisi Maurizio Sarri hem ömründe futbol oýnap görmedik. Asyl käri bank işgäri bolan Sarri 1990-njy ýylda höwesjeň hökmünde aşaky ligalaryň birinde “Stia” toparynda tälimçilige başlaýar. 1999-njy ýyla çenli gündizlerine bankda işläp, agşamlaryna-da toparyna tälimçilik edýär. Şol ýyl bank işini ymykly taşlap, bar ümzügini tälimçilige berip ugraýar. 59 ýaşly Sarri aglaba “Serie B”, “Serie C” hem-de “Serie D” ligalarynda dürli klublara tälim berýär. Olaryň arasynda “Peskara”, “Werona”, “Perujja”, “Empoli” ýaly azda-kände bilinýän klublaram bar. 2015-nji ýylda-da “Napoliniň” tälimçiligine bellenen Sarri saýlap alan hüjüm futboly taktikasy bilen hemmäniň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Häzirki wagtda-da “Çelside” şowly çykyşyny dowam etdirýär.

“Milana” 2 Kubok gazandyrdy

Diňe bir italýan futbolynda däl, eýsem dünýä futbolynyň taryhynda-da Arrigo Sakkiniň aýratyn uly orny bar. Ol 1987–1991-nji ýyllar aralygyn¬da “Milana” oýnadan owadan futboly hem-de gazandyran kuboklary (Çempionlar ligasynda 2, “Serie A-da” 1, Interkontinental kubogynda 2, UEFA Super kubogynda 2) bilen uly meşhurlyk eýe bolýar. Ol kakasynyň aýakgap fabriginde işläp ýörkä, beýleki bir tarapdanam, höwesjeň toparlaryň birine tälimçilik edýär. Professional derejede tälimçilige 39 ýaşynda “Parma” (1985–87) toparynda gadam basan Sakki “Milanda” (1987–91), Italiýanyň milli ýygyndysynda (1991–96), ýene-de “Milanda” (1996–97), “Atletikoda” (1998–99) işleýär. 2001-nji ýylda-da “Parmada” 55 ýaşyndaka tälimçiligi taşlan Sakki italýanlara 1994-nji ýylda Dünýä Kubogynda kümüş medal hem gazandyrypdy.

Ilki maşkçy, soňra dünýä çempiony

Bu sanawa goşulýan tälimçilerimiziň ýene biri-de braziliýaly Karlos Alberto Parreýradyr. Karýerasy ýeňişlerden, başarnyklardan doly Parreýra tälimçilikden ozal, professional däl futbol klublaryň birinde fitnes (maşk) tälimçiligi bilen gümra bolýar. Soňlugy bilen, “Wasko da Gama”, “Fluminense” klublarynyň, hatda Braziliýanyň ýygyndysynyň fitnes tälimçisi wezipesinde-de işleýär. Dünýä Kubogyna 5 dürli ýygyndy bilen gatnaşan 2 tälimçiniň biri bolan Parreýra Braziliýanyň milli toparyna 1994-nji ýylda çempionlyk gazandyrýar. “Fluminense”, “Korintians”, “Sao Paolo”, “Internasional”, “Santos”, “Walensiýa”, “Fenerbahçe” ýaly klublarda, Gana¬nyň, Kuweýtiň, Braziliýanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Günorta Afrikanyň ýygyndylarynda işlän 75 ýaşly Parreýra hiç hili futbol oýnaman, ýöne soňlugy bilen, uly başarnyklar gazanan tälimçileriň biridir.

Iň köp kubok gazanan terjimeçi

Aslynda, Žoze Mourinio bu sanawa goşulmasa-da bolar. Her niçigem bolsa, häzirki döwrüň ussat tälimçileriniň biri hasaplanylýan Mourinionyň ýagşydan-ýamandan pesräk hem bolsa, futbolçylyk karýerasy bar. “Menden futbolçy bolmaz”diýip, futbolçylyk karýerasyny 7 ýylda, 24 ýaşyndaka tamamlan Mourinio tälimçilikde ýokary derejeler gazanýar. Kakasynyň kärini (derwezeçi) uzak dowam etdirip bilmedik Mourinio 1994-nji ýylda “Porto” toparyna tälimçilige bellenen angliýaly Ser Bobbi Robsonyň terjimeçisi bolup işe girişýär. Soňra Robson ony “Barselona” toparyna-da alyp gaýdýar. Gapdalyndanam tälimçilik gurnagyna gatnaýan Mourinio diplomyny alanyndan soň, 2000-nji ýylda “Benfikada” tälimçilige başlaýar. “Uniao de Leira”, “Porto”, “Çelsi”, “Inter”, “Real Madrid” ýene-de “Çelsi” we häzirki wagtda-da “Mançester Ýunaýtediň” tälimçisi bolan Mourinionyň gazanan kuboklary ony futbolyň taryhyndaky iň başarnykly tälimçileriň birine öwürdi.

* * *

Edil şu günlerde “Ýunaýteddäki” wezipesi sowal astynda bolan Mourinionyň mirasdüşeri diýlip görkezilen, hatda “Portoda” Çempionlar ligasynyň kubogy gazanylanda, onuň kömekçisi bolan Andre Willaş-Boaşyň hem futbolçylyk karýerasy ýok. 2009-njy ýylda “Akademikada” tälimçi bolup başlan Willaş-Boaş “Porto”, “Çelsi”, “Tottenham”, “Zenit” hem-de “Şanhaý SIPG”klublarynda işledi. “Porto” we “Zenitde” kuboklar gazanan Willaş-Boaş edil halypasynyňky ýaly uly karýera ýetip bilmedi. Ýöne muňa garamazdan, futbolyň daşyndan gelip, tälimçilikde az hem bolsa ýeňişler gazanan hünärmenleriň hataryna goşulmagy başardy.

Sport, 12 tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir