Taryhda ilkinji sagady miladydan öňki 4000-3500-nji ýyllarda müsürliler oýlap tapypdyr. Olar ilkinji ulanan sagatlaryny “güneş sagady” diýip atlandyrypdyr. Günüň süýşüşine görä dik duran jisimiň emele gelýän kölegesine seredip, olar wagty hasaplapdyrlar. Bu sagadyň kemçiligi: ol gijelerine garaňky bolansoň işlemeýärdi. Şonuň üçinem, wagtyň geçmegi bilen olar gum sagady bilen suw sagadyny oýlap tapypdyrlar.

1524-nji ýylda ilkinji mehaniki tow berilýän sagat nemes gulp ussasy Peter Henliein tarapyndan ýasalypdyr.

1600-nji ýyllarda ilkinji jübi sagady öndürilip başlanypdyr.

1810-njy ýylda ilkinji goşar sagady Nýapold korolynyň aýaly üçin niýetlenip, Abraham Luis Breguet tarapyndan ýasalypdyr.

Çeşme: Trewor Gomer, “Ilkinjileriň kitaby”

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir