Taryhda ilkinji el telefony Dr. Martin Kuper tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Onuň oýlap tapan telefonynyň ady — Motorola. 1973-nji ýylda Kuper öz oýlap tapan telefonyny ilkinji gezek sergide görkezipdir. Ilkinji gepleşik onuň bilen telefon barlag edarasynyň başlygy Joel Engel ikisiniň arasynda bolupdyr.

Aslynda bu el telefony oýlanyp tapylmazdan öň, Golliwud kinokompaniýasynyň meşhur aktrisasy hanym Hedi Lammar 1930-njy ýylda açar bilen towlanyp işledilýän şahsy el telefonyny oýlap tapypdyr. El telefonyny oýlap tapandygyny subut etmäge onuň ömri ýetmändir.

1977-nji ýylda Bell laboratoriýalary isleg bildirýän 2000 adama el telefonynyň ilkinji nusgalaryny halka ýetiripdir. 1979-njy ýyldan başlap ýaponlaryň el telefonynyň dürli görnüşlerini elýeterli bahadan öndürip halka ýetirmegi bilen, ol dünýäde iň bir zerur närseleriň hataryna goşulýar.

Çeşme:
Trewor Gomer, «Ilkinjileriň kitaby».

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir