Çagalygymda beýniniň görkana güýji bilen bir hatarda, onuň gizlinligi hem ünsümi çekýärdi. Körpe akylym bilen pikirlenerdim: «Beýni nähili işleýär? Düşünjelerimiz akylymyzda nähili aýlanýar? Zehinli kişileriň gözleri has köp yşyk saçýarmyka? Hiç hili beýnisi bolmadyk jandarlaram barmy? Bar bolsa, onda olar dünýämiziň nähili ýerdigini «pikirlenýärlerkä»?»

Häzirki döwrüň çagalaryny beýni bilen baglanyşykly näme zatlaryň gyzyklandyrýandgyny bilmek isledim. Mugallym kärdeşlerimiň üsti bilen mekdep okuwçylarynyň maňa beýni barada sorag taýýarlamaklaryny haýyş etdim. Täze nesilden üýtgeşik sowallar gelip gowuşdy:

«Beýnimiziň süňki barmy?», «Beýnimiz işleýän wagty ses-üýn çykarýarmy?», «Beýnimize wirus girýärmi?», «Pikirlenýän wagtymyz näme üçin kellämizi gaşaýarys?», «Guşlar çyndanam guşkellemi?», «Eýnşteýniň beýnisiniň adaty adamlaryňkydan tapawudy näme?», «Beýnimizi ýere gaçyryp döwsek, düzedip bilersmi?».

Özi kiçi, emma täsiri ulllakan «akyl gutujygy».

Beýni transplantasiýa edip bolmaýan organdyr. Eýesine wepasy çäksiz. Ýerinden gozgandygy, özüni öçürmek bilen bolýar. Eger kimdir biriniň beýnisini başga biriniň bedenine geçirmek mümkin bolsady, kim kimiň durmuşyny ýaşardy? Bedeniň eýesi höküm ederdimi ýa-da beýniniň eýesi? Ene göwresindekä özgerýän ilkinji organ hem beýnidir. Doglan wagtymyz hem iň soňky kaddyna ýakynlaşýan organ şoldur. Ol taýýar bolmasa, biz dünýä inip bilmeýäris.

Bilşiňiz ýaly, beýnimiziň daşy hoza çalym edýär. Beýniniň gabygyna «korteks» diýilýär. Bu bölegiň ýygyrtly bolmagynyň sebäbi az meýdana köp maglumatyň sygmagydyr. Ýygyrtly beýni gowudyr. Ýygyrtlaryň bize iň gelişýän ýeri hem beýnimiziň içidir. Sebäbi şol ýygyrtlar biziň nä derejede akyllydygymyzy görkezýär.

Tekizlänimizde, beýni näçeräk ýeri eýelär? Professor Suzan Grinfild bu barada şeýle diýýär: «Tekizlänimizde, syçanyň korteksi poçta suraty ululygynda, şimpanzeniňki A4 kagyzy ýaly, ynsan beýnisi bolsa şonuň dört essesi bolar».

9000-den gowrak beýnini operasiýa eden amerikaly professor Gazi Ýaşargil beýniniň ähmiýetini şeýle beýan edýär:

«Beýniňize ynanyň we ýaltanman işläň. Bütin adamzada ýüzlenýän, mätäç bolan ähli zadyňyz beýniňizdedir! Döwrüň syýasy, ykdysady we medeni meseleleri diňe «zerur gudrat beýnimizdedir» diýlen ýörelge bilen amala aşyp biler. Beýniňizdäki göwher oňat işledilse özüňize, milletiňize, adamzada, tebigatymyza uly peýda ýetirip bolar».

Diňe okyjy hökmünde-de siz köp iş bitirip bilersiňiz. Okan zatlaryňyzy öwrenip, durmuşyňyza geçirseňizem, dünýäde akylyny oýlanyşyksyz ulanýanlaryň birini azaltdygyňyz bolar!

Okan maglumatlaryňyzy başga kişilere-de öwredip, beýniňiz arkaly «ilçi» bolup bilersiňiz. Munuň üçin ýazgydan öwrenenleriňizi 3 kişi bilen paýlaşyp bilmegiňiz ajaýyp başlangyç bolar. Içgin gyzyklanmaňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin!

Terjime eden Aýjemal Gurbanowa

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir