Türkmenistanly mekdep okuwçylary GDA-nyň ýetginjekleriniň arasynda geçirilen halkara olimpiadada iki sany bürünç medal gazandylar
10 — 15-nji dekabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 16 ýaşyny doldurmadyk ýaş ýetginjekleriniň arasynda «Zehinleri taýýarlaýan tejribehana» atly halkara olimpiada geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Halkara bäsleşige Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Estoniýadan, Gruziýadan, Moldowadan şeýle hem Azerbaýjan Respublikasyndan zehinli okuwçylaryň 85-e golaýy gatnaşyp, bilim başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşik, esasan, çuňlaşdyrylan matematika, fizika, himiýa derslerinden boldy. Her bir okuwça 4 sagadyň dowamynda ady agzalan derslerden düzülen jemi 10 sany çylşyrymly mesele hödürlenildi.

Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň himiýa mugallymy Jelaletdin Rejebowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzdan halkara bäsleşige gatnaşan 3 okuwçy, ýagny bu mekdep-internatyň 9-njy synp okuwçylary Gözel Döwranowa bürünç medala, Orazmyrat Sähetmyradow höweslendiriji baýraga, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Dawut Muhammetkulyýew bürünç medala mynasyp boldular.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir