Türkmenistanly erkin göreşçiler Eýranda ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda iki medal gazandylar
Aşgabadyň ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ysmaýyl Muhammedow Eýranyň Kazwin şäherinde ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça geçirilen halkara ýaryşda 41 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Bu barada «Turkmenportala» Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginden habar berildi.

Ýene bir ildeşimiz ― Türkmenistanyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçysy Soltansanjar Begenjow 68 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, bürünç medal gazandy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu halkara ýaryşa 9 türgen bilen gatnaşýar. Halkara ýaryş 14-nji dekabrda tamamlanar.

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir