Türkmen türgenleri guşakly göreş boýunça Gazagystanda geçirilen dünýä çempionatynda 5 medal gazandylar
Ýakynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy altyn medallaryň üçüsine we iki sany bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginden berlen maglumata görä, türkmen türgenleriniň altyn medallaryny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Abdyresul Durdyýew (62 kilograma çenli), Azymmuhammet Orazmuhammedow (68 kilograma çenli) we Türkmenistanyň Ižener tehnologika we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Pälwan Gurbangeldiýew (82 kilogram) dagylar gazandy.

Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Agajan Täçmuhammedow (75 kilograma çenli) bilen Jemal Öwlüýagulyýewa (65 kilograma çenli) bolsa ýaryşy bürünç medal bilen tamamladylar.

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir