Sagbol Saňa, Sagbol Saňa Poýeziýa!
Meni meýdanyňda kään oňuşdurdyň.
Her gezek çümemde hyjuw deňzine,
Maňa öz erkime goşgy goşdurdyň!

Ýöne, näçe meýdanyňda gezsemde,
Heniz Seň diliňe düşüp bilmedim,
Ençeme sözlerden goşgy düzsemde,
Emma dür deýin söz seçip bilmedim,

Setirlemde many-mazmun bolmady,
Olaryň gyzgyn howry bolmady,
Köpleriň kalbyna girip bilmedi,
Ynsanlaryň göwünlerni almady!

Sagbol Saňa, Sagbol Saňa Poeziýa,
Meni meýdanyňda kään oňuşdurdyň,
Her gezek çümemde hyjuw deňzine,
Maňa öz erkime goşgy goşdyrdyň.


ÝolagçyTolkun

Edebiýat, Umman tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir