Syryp alys ýyllañ örten perdesin,
Seni göresim gelýär.
Halyñ niçik, asla häzir nirdesiñ?
Seni göresim gelýär.

Ýürek şol bir ýerde tapanok karar,
Umyt dürbüsinden ýoluña garap.
Günleriñ matally ýumagyn sarap,
Seni göresim gelýär.

Gülşüñde göwnümiñ güllenmesi bar,
Dup-dury çeşmiñden öllenmesi bar,
Ýekeje suratyñ ellenmesi bar,
Seni göresim gelýär.

Dag aşyp gel,Perhat kimin ýarma sen,
Çöl aşyp gel, Mejnun bolup ýörme sen,
Gelseñ bolýar, hassa döndüm görmesem,
Seni göresim gelýär.

''Men bärde, señ bagtyñ'' diýäý, mähriban,
Bilýäñmi, bolanym munda mähre zar,
Kalpda soltan, goşgularma gahryman,
Seni göresim gelýär.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir