DÖRDÜNJI BAP: IL IÇINDE ÖZÜŇI ALYP BARMAKLYGYŇ EDEPLERI BARADA — Hormatly adama äsgermezçilik, akylsyza ýykgyn etme, erbet görülýän ýigrenji sözleri diliňe alma we halanmaýan işlerden hem özüňi daş tut. Eger kimde-kim hormatly, abraýly adamy äsgermän, onuň üstünden gülmek islese, ol adamyň öz ata-babasyna dil ýetirdigidir. Kim akylsyza meýil edip, onuň bilen dostlaşsa, özüniň akylynyň azdygyny we ejizdigini aýan etdigidir. Kimde-kim ýigrenji sözleri diline alsa, onuň adamlaryň ýanynda gadyr-gymmaty gaçar we halanmaýan işler bilen meşgullanan adamy bolsa adamlar elmydama erbetlikde ýatlarlar. — Her bir adam özüne ters bolan zatlardan gaçýandyr we özüniň häsiýetine meňzeş zatlary bolsa isleýändir we her bir adam öz maksadyna ýetmekligi we her kişi bolsa-da, işlerini öz bildigiçe we akylynyň ýetdigiçe etmek isleýändir. — Ýaramaz sözleriň we erbet işleriň üçin gowy dostlaryň ýa-da gizlin duşmanlaryň saňa käemezinden öň özüňe özüň temmi ber. — Her bir işiňde öz tarapyňy tutýan adamlardan daşlaşma, saňa hökmürowan bolan adamlary äsgermezlik etme. Kimde kim başgalaryň pikirine ähmiýet bermän, mydama öz diýenli bolsa, ol adam ýoldan azaşar we her kim öz hökmürowanyny äsgermesizlik etse, ol adam il içinde har tutular. Eger patyşalaň mejlisinde bolsaň, diliňi, gözüňi nädogry zatlardan sakla, yzyndan gürleme, sebäbi, olaryň mejlisiniň hormaty özleri barka nähili saklanýan bolsa, olar ýok wagty hem şeýle saklanmalydyr we seniň yzyňda habaryňy we syrlaryňy ýetirip duran gözleriniň bardygyny hem unutma. Eger patyşalaryň saçagynda otursaň, lal ýaly bolup gürlemän otur, nahara ilden öň eliňi uzatma we haçan-da patyşalar bir zat hakynda gürleseler, olara gulak salyp, şolara we haçan-da seni öz ýakyn adamlarynyň hataryna goşup, seniň bilen içgin gatnaşyp başlasa, oňardygyňça  onuň çakylygyndan daş durjak bol we eger köpçülik ýerinde asgyraýsa hem köpçülik ýerinde hal-ýagdaýyň nähili diýip ýa-da öliňe Alla rehmet etsin diýip ýa-da özüňi görkezjek bolup ilden öň gelip salam berip ýa-da bolmasa, ilden öňürti bir zatlar hakynda söz açyp ýa-da bir işiňde soralmaka maslahat berip ýa-da bir işiňde ýalňyşanyny görseň, oňa närazyçylygyňy aýdyp, onuň gözünden düşäýmeginiň. — Haçan-da patyşalar degşip, seniň bilen oýun etseler, sen hem olar bilen edeplije bolup oýun et, ýöne çenden çykma. Özleri ýalyrak bol. Ýöne seniň bilen oýun etmekleri we ýakyn gatnaşykda bolmaklary  seni arkaýynlaşdyrmasyn. Olar bilen gaty sesli gürleşmäge ýa-da halanmaýanyň orta çykmagyna ýol bermegin. — Hiç haçan patyşalaryň aýbyny gözlemegin. Eger olaryň patyşalyk döwri ötüp gidenem bolsa, olaryň aýbyny gözlemekligiň seniň günäň artmagynyň we ötünç soramaklygyň hemem  erbet häsiýetliligiň sebäbidir. Şonuň üçin bir adam geçen nygmatlara şükür etmän, ony inkär etse, ol adam geljek nygmatlary hijem kabul etmez. Gaýtam elmydam inkärde bolar. Eger patyşalar öz ýakyn adamlarynyň hataryna goşup, seni özlerine gürrüňdeş we syrdaş ýa-da maslahatçy etseler, özüň hergiz ýerliksiz ýerden söze başlaýjy bolaýma ýa-da bir diýeniňi tutup, şol diýeniňi gaýtalap ýörme. Eger bir zat diýip habar berse, onuň garşysyna gitme. Şonuň ýaly hem bir zatlar hakynda senden habar sorasa, oňa gysgadan düşnükli edip jogap ber. Gürrüňiňi uzaldyp durma ýa bolmasa gürläp sözüňi tamamlamaka, onuň sözüni bölme, hemem gürlejek sözleriňi pikirlenip, dogry we ýakymly sözler bilen ýüzlen. Hergiz ony eşidip irmez ýaly. Patyşalaryň mejlisinde bir adamynyň günäsi we eden etmişi köpem bolsa, onuň gybatyny etme, hileli sözleri sözleme. Ýogsam, seniň bu etmişiň il içinde at-abraýyňy pese düşürer we günä iş etdigiň bolar. Bir adamyň gybatyny etmeklik, bolsa ýa-ha gybatdyr ýa-da töhmet. Olaryň birinjisi-hä aýypdyr, ikinjisi bolsa adamlaryň arasynda halanýan zat däldir. — Haçan-da, patyşalar bir zat tabşyryp, seni bir ýere iberseler, sen olaryň diýeniniň üstüne artdyryp habar berme, olaryň saňa eden nesihatlaryny hem taşlama we hiç haçan dogruçyllykdan we hakykatdan daş düşme. Habar ýetiren adamynyň ýaramazlygy onuň diýmedigini diýdirip we etmedigini etdirip ony ýaramaz görmeklige getirmesin. Ýogsam, seniň bu etmişiň ýalan sözüň üçin diliň kesilmegine ýa-da soltanyňa hyýanat edeniň üçin oňa bir zyýanyň ýetmegine sebäp bolar. — Soltanyňa boýun bolmaly ýerde öz nebsiň tersine git-de, nebsiň islegini bermeginiň we başyňy diliňden geljek belalardan sakla. Diliňi tutmaklyk bilen dünúelik nesibäňden ahmal etme we öz nebsiňi özüň soraga çekip dur. Her bir ölçäp-kesýän işleriňde akyly we paýhasy özüňe görelde, takwalygy hem jylaw edin.  Eger saňa soltandan bir zat gerek bolsa, tä onuň keýpi kök, güler ýüzli, ynjalykly we hiç bir zadyň pikirini etmän, arkaýyn oturan wagtyny tapýançaň soramagyn. Soraýan zadyň hem seniň islegiňe däl-de, saňa bolan hormaty we söýgüsine görä bolsun. Haçan-da ondan bir zatlar isleseň, «ol meni gowy görýär-le» diýip, gepiňi köpeltme we zerur bolmadyk zatlaryňy hem sorap durma. Soralmadyk ýerden söze başlama. Haýsy bir adam soltanlaryň  mejlisinde arkaýynlaşyp, dogry hereket etmese, ol adamyň hormaty we derejesi pese düşer. Haçan-da patyşalar bir zat hakynda gürleseler, sen olary nazarlap, diýilýän zatlara üns berip, olardan ünsüňi sowma. Şonuň üçin hem haçan-da olar bilen bir mejlisde otursaň, dymyp, diýlenini diňläp otur. Eger bir zatlar hakynda gürleseň hem, sesiňi gaty beýgeltme we özüňi agras alyp bar. Olaryň syrlaryny hiç haçan paş etmegin. Seniň bilen oýun etmekleri hem degşip ýörmekleri siziň araňyzda bolan araçägi, oňa bolan hormaty aradan aýyrmasyn. Eger-de ol araçäk araňyzdan aýrylaýsa, onda siziň araňyzda gahar-gazap we birek-birege hormatsyzlyk  ýüze çykar. Bu bolsa sizi heläkçilige elter.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir