HATYNLARYŇ HAKY ÄRINIŇ BOÝNUNDA BOLMAGYNYŇ BEÝaNY   Resul alaýhyssalam aýtdy. Her kim hatyn alsa, ol hatyna çykdajy bermese, ol äriň jaýyny dowzahda eder. Äriniň boýnunda hatynyň bäş haky bardyr. Owwal - hatyna öý içinde iş buýurgaý. Ikinjiden - näme öwretse kadasy bilen öwretgeý. Üçünjiden - halal tagam bergeý. Dördünjiden - «dünýä (mal) toplap ber» diýmegeý. Bäşinjiden - dünýä üçin urmagaý. «Emma şerigat bilen ursa günä etmez. Rowaýat etdiler: Omaryň (Alla ondan razy bolsun) işigine geldi. Hatynyndan söz aýtmak üçin bir adam bardy. Hezreti Omar belent owaz bilen hatynlaryny urardy. Ol är ol wakany gördi-de gaýdyberdi. Omaryň gözi ol kişä düşdi. Omar aýtdy: — Eý, adam, näme üçin gelipdiň. Ol adam aýtdy: — Hatynymdan gören yzamy size aýdaýyn - diýip geldim. Sizler hem biziň dek ekeniňiz-diýdi. Hezreti Omar: — Çagalaryň barmy? diýip sorady. Ol aýtdy: — Bar-diýdi. Onuň ýaly bolsa talak etme. Ol hatyny kowanyňdan soň çagalaryňy agladyp perwaý edip bilmez sen. Biz hem naçar sözüni bilýäris. Ol çagalary biz ýatdan çykaryp bilmeris. Don alyp geýdirmäge dünýämiz ýok, öý saklap oturan kişimiz ýok diýip bilmeris. Eger sen baý bolsaň, bazardan zat alyp bilersiň. Öý saklamaga çory alyp bilersiň. Emma biz saňa hatynyňy saklama diýip aýdyp bilmeris. Her niçik hem bolsa aýalyňy saklagyl. Emma, ýaman häsiýetli hatyna behişt haramdyr. Resul alaýhyssalam aýtdy. Bir bölek hatyny almaň. Owwal - ärden galan. Ikinjiden - çagaly hatyny. Üçünjiden - edeni we eden işini minnet eden hatyny. Dördünjiden - halklar halamaýan hatyny almaň. Bäşinjiden - zyýada hoşroý bolsa, ony hem almaň. Onuň üçin kim halklaryň agzyna düşenden soň, ol hatynyň özi bozuk bolar. Altynjydan - dili ýalan hatyny almaň. Ýedinjiden - ýaman hüýli (häsiýeti) hatyny almaň. Sekizinjiden - ýamanlyk bilen ärine garaýjy hatyny almaň. Dokuzynjydan - ärine wagtynda tagam bermeýän hatyny almaň. Resul alaýhyssalam aýtdy: Hatyn almak üç zat bilen dürsdir. Owwal - är-hatyna syýasatly bolgaý. Är hatyna syýasatly bolsa, ol hatyn Hudaýtagalanyň buýran işlerini ýerbe-ýer getirer we buýurmadyk işlerinden gaçar. Eger är syýasatly bolmasa hatyn äriniň syýasatyndan gorkmasa, kyýamat güni ol hatyndan Hudaýtagala bizar bolar, perişdeler bizar bolar, pygamberler bizar bolar. Behişdiň duşmany bolar. Dowzahyň dosty bolar. Ikinjiden - är hatyna öý içindäki işleri eline bergeý. Tagam bişirer bolsa öz ygtyýaryna görä bişirgeý. Gelen kişä niçik tagam berse gadagan etme. «Tagamy köp, ýa az bişirdiň» diýmegeý. Meger, ol hatyn özüňiň ýagşy gören kişisine ýagşy tagam berse, ol kişi binamaz bolsa, ýaman gören kişisine ýaman tagam berse, ol kişi alym ulamalardan bolsa şol iki wagt äri "Binamaza ýagşy tagam bermegil, ýagşylara bergil" diýip gadagan etse dürstdür. Ol hatyn Hudaýtagalanyň emrinden çykmasa, namaz okasa we oraza tutsa, biminnet ogry bolmasa, özüniň owazyny kişä eşitdirmese, kişiniň owazyny eşitmese, nämähremi görmese, äriniň barynda, hem ýogunda hem razy bolsa, ärinden gybat etmese, äriniň sözüni adama ýetirmese, ärine töhmet etmese, onda är onuň ýaly hatyn bilen mähribanlyk bilen bir ýerde ýatsyn, bir çanakda tagam iýsin. Her iş eder bolsa ol hatyna maslahat bersin. Onuň ýaly hatynyň üstüne hatyn almasyn. Çünki ol hatyndan dünýä we ahyryýetde Hudaýtagala razydyr. Resul Huda hem razy bolar we perişdeler hem razy bolar. Uçmah içindäki halklar hem razy bolar. Eger hatyn bir mömin äre hyzmat etse, ol är ol hatyndan razy bolsa, ol hatynyň hyzmaty ýagşy durar. Uly welilere hyzmat edenden, şunuň ýaly hatyna är pul harç enjam berse, ol enjam diýip beren harjyň her dänesi üçin Haktagalanyň sogaplaryň hiç hasaby bolmaz. Onuň ýaly hatyna dürli zatlar sarp etse, Haktagala ol güni hasaba tutmaz. Resul alaýhyssalam aýtdy: Üç zada pul ýardam beren hasaba almaz. Birinži - gaza (urşa) baran kişä töläp mal berene, ikinji - remezan aýynda mal harç edene, üçünji - maşgalasyna harç edene hasaba alynmaz. Rowaýat etdiler: Ymam Hüseýinden (Alla ondan razy bolsun). Aýtdylar: Eger är hatyny bilen jem bolsa Haktagala ol är-hatyna iki müň ýagşylylyk ýazar, iki müň günäsini ýok eder. Hatyn özüni ärine söhbet kyldyrmaga barsa on müň günäni ýok eder we on müň sogap ýazar. Är-aýal gusul alsa, Haktagala Kirama Kätibeýne - ol är-hatynyň endamynyň tüýüniň sanyça sogap ýazyň, şonça mukdar günälerini ýok ediň, uçmahdan müň dereje ýazyň we müň hüýr al-aýn beriň» diýip buýrar. Bu aýdylan dereje makamlar, sogaplar bäş wagt namazyny okaýan, otuz gün orazasyny tutýan, är-hatyna degişlidir. Eger är-hatyn namazyny okamasa, orazasyny tutmasa, olara bu sogaplar ýokdur. Olar belki, doňuz bir-birine jemlenen ýaly bolar.


''Ajaýyplyklaryñ düri'' kitabyndan alyndy

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir