Bu usul 1990-njy ýyllarda italiýaly Françesko Sirillo tarapyndan tapylýar. Ol bu usuly talyp ýyllarynda okuwa bolan ünsüni artdyrmak üçin ulanypdyr. Soň-soňlar ony başgalar hem ulanyp başlapdyr we meşhurlyk gazanypdyr. Françesko okanda, wagt tutmak üçin tegelejik gyzyl sagat ulanandygy üçin, onuň adyna «pomodoro usuly» diýip at beripdir.

Ulanylyşy

Her bir etmeli uly işimizi kiçi böleklere bölmeli. Bu usulda-da etmeli zadymyz işimizi 25 minutlyk kiçi böleklere bölmek. Meselem: okamak, öý işlerini yerini ýetirmek we ýene şuňa meňzeş zatlary etmek islänimizde, sagadymyzda ýa-da telefonymyzda 25 minutlyk wagt tutmaly. Telefonyň peýdasynyň bolşy ýaly, zyýanly, päsgel beriji taraplary hem bar. Şonuň üçinem, bu usuly ulanan mahalymyz, telefonymyzy «uçar» ulgamynda goýmagymyz hökmanydyr. Şol wagtyň dowamynda edýän işiňizden başga hiç zada ünsem bermeli däl, zol wagta seredibem durmaly däl. 25 minutdan soň 5 minutlyk dynç almaly we okaýan ýeriňizden daşaryk çykmaly. Şular ýaly 25 minutlyk öwrümi 4 gezek gaýtalanymyzdan soň, 25 minutlyk uly arakesme bermeli.

Täze üýtgeşmeler

Elbetde, bu usula özüňize görä täze üýtgeşmelerem girizip bilersiňiz. Meselem: wideo ýa-da onlaýn sapak görýän bolsaňyz we onuň wagty 25 minutdan uzak bolsa, sapagy bölmezlik has gowudyr. Şonuň ýaly-da, okajak ýa-da başga bir zat etjek wagtyňyzy 30, 40, 45 minut görnüşinde köpeldibem bilersiňiz. Esasy zat – özüňiz üçin iň gowusyny saýlanmaly, sebäbi uzak wagtlap okamagyňam peýdasy ýok. Beýnä dynç berip durmaly.

«Pomodoro» usuly siziň üçinem peýdaly bolar diýip umyt edýärin!

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir