17. Bu bölümde möminiñ hakyky ynanjy göze ilýär









Isa Şeýle diýensoñ Filip şeýle diýdi: ''Allaha hyzmat etmäge razydyrys, emma Allany hem bilmek isleýäris''. Çünki Işaýa pygamber ''Hakykatdanam sen gizlin Allahsyñ'' diýipdir we Allah öz guly Musa (pygambere): Men näme bolsam şodurun'' diýipdi.
Isa şeý diýdi: ''Filip; Allah, özi bolmazdan hiç bir haky bolmadyk bir Hakdyr. Allahyñ özi bolmazdan hiç zadyñ bolmajagy Barlygydyr. Allah özi bolmazdan ýaşaýan hiç bir zadyñ bolmajak ýaşaýyş durmuşydyr. Ol şeýle bir beýikdir, her zady doldurar we her ýerdedir. Ýeketäkdir, onuñ hiç hili deñi ýokdur. Ne başlangyjy bardyr, ne-de soñy bardyr. Ýöne hemme zada başlangyç beripdir we hemme zadyñ tamamlanşyny hem berer. Ne kakasy bardyr, ne-de ejesi; ne ogly bardyr, ne jigsi, ne-de ýan ýoldaşy. We Allahyñ hiç hili bedeni ýokdur. Şol sebäpdenem iýmez, ýatmaz, ölmez, ýöremez, gymyldamaz, ýöne adamzatda ýok bolan zady, soñsuz ömri bakydyr. Çünki jisim däldir, bileşik däldir, maddy däldir, iñ sadalygy diñe özidir.
Şeýle bir gowudyr kiý, ýagşylygy söýer diñe; şeýle bir adyldyr welin, jezalandyran wagty we bagyşlan wagty: ''Bu näme üçin beýle?'' diýmez.
Gysgaça saña aýdýaryn Filip, bu ýerde ýer ýüzünde ony takyk görüp bilmersiñ, ýöne melekutunda ony ebedi görersiñ, ol ýerde bütin şatlyklarymyz, bagtly ýaşaýyşymyz bardyr. Filip şeýle diýdi: ''Ussat, siz näme diýýärsiñiz? Gowy bilýärin, Işaýada Allanyñ kakamyz bolandygy ýazylandyr, nädip onuñ hiç hili ogly bolmasyn?
Isa jogap berdi: ''Pygamberler hakda bir giden ýazylan kyssalar bardyr, şol sebäpdenem, harplara (görä) däl, manysyna üns bermelidir. Allanyñ dünýä ugradan (sanlary) ýüz ýigrimi dört müñe baran bütin pygamberler gizlinlikde ündew edipdirler.
Ýöne menden soñra bütin pygamberleriñ we keramatly kişileriñ ULUSY geler we pygamberleriñ aýdanlarynyñ garañkylygyny ýagtyldyp, üstüne nur saçar, çünki ol Allanyñ ilçisidir''. We Isa şeýle diýeninden soñ ulydan demini alyp, (şeýle) diýdi: ''Eý Rebb(im) Allah, Ysraýyl kowmuna merhemet et we hakyky kalby bilen hyzmat etmekleri üçin Ybraýyma we zürýatlaryna nebsiñ agyrsyn''.
Şägirtleri şeý diýdiler: ''Amin, ýa Rabb, (Eý) Allahymyz!''
Isa şeýle diýdi: ''Size dogrymy aýdýaryn kiý, ýazyjylar we mugallymlar, Allanyñ kanunyny, Allahyñ hakyky pygamberleriniñ ýoluny ýalan ündewleri bilen boş (we manysyz) edip çykardylar, şol sebäpdenem Alla Ysraýyl (ýewreý) kowmuna we bu ynançsyz nesle gazap etdi. Şägirtleri şeýle diýdiler: ''Merhemet et eý Allah (ymyz), ybadathananyñ üstüne we keramatly şäheriñ üstüne merhemet et we seniñ keramatly ähdiñi hor görmeýän milletleri ondan ýigrenç görkezme''.
Isa jogap berdi: ''Amin (eý) kakalarymyzyñ Allahy Rebbimiz''.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir