1. Arheologik yzlar

Aziýanyñ taryhynda Gimalaýlaryñ we Tibetiñ, Pamirleriñ demirgazygynda ýerleşen sähralygyñ aýratyn bir orny bardyr. Ural-Kngan (Kadyrgan) daglar aralygynda uzanan bu sähralar, taryhdan öñki döwürlerde köplenç gökli medeniýetiñ watany bolupdy. Altaýlarda biziñ eramyzdan öñ 3000-nji ýyllarda Oguz sypatly brakisefal ak tenli bir urug-taýpanyñ ýaşap geçendigi bellidir. Şol kowumyñ demirgazyk-gündogarynda Sibiriýanyñ araçäklerindü bolsa mongoloid urug-taýpanyñ häkimlik eden ýerleri bolupdyr. B.e.öñ 2500 ㅡ b.e.öñ 1700-nji ýyllar aralygynda Günorta Sibiriýa täsirini ýetiren ''Afanasýewa medeniýetiniñ'' Altaý medeniýetinden emele gelendigini çak edýärler. Şondan soñky asyrlarda Altaýlardaky medeniýetiñ dumly duşa ýaýrandygyny görmek bolýar. Prototürk medeniýetiniñ ilkinji temsiljileri hem şolardyr. Gepiñ gerdişine görä aýtsak medeniýetiñ ýaýylmagy netijesinde Demirgazyk Çyn-maçynda Sary derýanyñ ýokarlarynda b.e.öñ 2000-nji ýyllardan başlap ''Ýang-şao medeniýeti'' orta çykýar. B.e.öñki 1700-nji ýyllardan başlap Orta Aziýada göçüp-gonup ýören söweşjeñ kowmuñ häkimýeti görülmäge başlaýar. Antropologlar tarapyndan '' Andronowo adamy'' diýilen bu kowmuñ medeniýeti, Sibirýanyñ b.e.öñki 1700 ㅡ 1200-nji ýyllar aralygyndaky ''Brünç eýýamyna'' yş açýar. Ady agzalan şol medeniýetiñ galyndylary ilkinji gezek Ýeniseý derýasynyñ başyraklaryndaky ''Minusinsk'' diýilýän ýerde tapylypdyr. Yzygider gözlegler netije berip ''Andronowo medeniýetiniñ'' häzirki Gündogar Gazagystana hem ýaýylandygyny görkezýär.

Taryhdan öñki medeniýetlerden örän giñ ýerlere ýaýylan Andronowo medeniýetine degişli tapyndylar, iñ köp gündogar Türküstanda tapyldy. Andronowo adamlary çopançylyk edipdirler. Daşdan edilen gaplar, tokmaklar we pyçaklar bu medeniýetiñ ilkinji eýýamlaryna degişli tapyndylardyr. Eldekileşdirilen haýwanlar hökmünde iri şahly mallar we at saklapdyrlar. Doñuz saklamandyrlar.
Andronowo medeniýetiniñ üçünji döwründe bürünçden edilen tapyndylara köp duş gelindi. Soñky döwürlerde Andronowo medeniýetinde çopanlygyñ has hem ösendigini añmak bolýar. Çopançylygyñ ulanylmagy bilen haýwanlaryñ sany örän çalt köpelendigi üçin täze otluk ýerleri gözlemek gerekdi, şeýlelikde Andronowo medeniýetiniñ has giñ giñişliklere ýaýylmagy bolup geçýär.
Atyñ münülýän ulag haýwany hökmünde ulanylmagy, bu döwürde Andronowo medeniýetinden galan dünýä medeniýetine bir sowgatdyr.
Andronowo medeniýetiniñ barha kämilleşmegi we ýaýramagy, şol döwürde Prototürkleriñ ýaýylmagy biz üçin örän möhümdir. Andronowo medeniýeti Altaýlarda heniz dowam eden wagtynda Minusinsk etrabynda b.e.öñki 1000-nji ýyllarda ''Karasuk medeniýeti'' ady berilen täze medeniýet görülmäge başlaýar.
B.e.öñ 800-nji ýyllarda Altaýlarda we Minusinsk töweregindäki sähralykda atly göçüp gonup ýörenler eýe çykyp häkim bolýarlar. Käbir Mongol taýpalarynyñ atly göçüp-gonup ýörenleriñ içinde ýaşandyklary görünýär. Şol wagtlarda Karasuk medeniýeti ýerini Altaýlarda ''Maýemir medeniýeti'' we Minusinskde ''Tagar medeniýetine'' berýär. Haýwançylygyñ ýaýgyn bolan ýagdaýyny görkezýän Ordos bürünçleri hem bu döwürde orta çykypdy.

Ýewraziýada Sak-Skif problemmasy

Taryhyñ sahnasyna nä wagt orta çykandygy belli bolmadyk Saklar (Skifler) hakynda maglumatlar gynansagam örän az. Baýkal köliniñ töwereginden Gara deñiziñ demirgazygyna çenli giñ sähralyklarda ýaýrapdyrlar.
Günbatar (Grek) çeşmelerinde Skif, Alynky Aziýa çeşmelerinde Sak ady bilen tanalypdyrlar. Ýewraziýanyñ giñ sähralygynda gurulan, başga bir açyklama bilen syýasy barlygy bilinen ilkinji döwlet Saklardyr. Ýaşan ýerleri belli bir şekilde belli bolmadyk Çyn-maçyndan Balkanlara çenli giñ topraklar olaryñ ýurdy bolupdyr.
B.e.öñki VII asyryñ başlarynda Alynky Aziýa çykan saparlary bilen taryh sahnasyna çykýarlar. Olar bilen baglanyşykly bäş sany esasy taryhy wakalar belli. 1) Saklaryñ Alynky Aziýa çekilmekleri, 2) Eýran hökümdary Kuruşyñ (Guruş) Saklara eden ýörüşi, 3) Dariusyñ günbatar Saklara eden ýörüşi, 4) Isgenderiñ Eýrana ýörişi, 5) Saklaryñ Eýran hamiýeti.
Saklaryñ Alynky Aziýa eden ýörüşi wagtlarynda olaryñ başlarynda bolan hökümdaryñ ady Geredota görä Midias, Şanamada aýdylmagyna görä Afrasyýap, Türk efsanalarynda aýdylýan Alp Är Tuñadyr. Sak döwleti döwürme-döwür sarsgynlyklary başyndan geçirse-de b.e.öñki II asyryñ ortalaryna çenli barlygyny saklapdyrlar. Bu döwürlerde Hunlardan we Wesunlardan gaçan Ýüeçileriñ Pamir ýaýlasyna göçmekleri bilen ikä bölünipdirler.
Has soñralar ýene Hunlaryñ günbatara tarap süýşmekleri netijesinde ýok bolupdyrlar.
Bir kysymy Gündogar Ýewropa bir kysymy Hindistan taraplaryna göç edipdirler. Saklaryñ asyl gelip çykyşy hakynda her näçe köp çekeleşikli meseleler orta çyksa-da gündogar çeşmeleri tarapyndan Turany kowum hökmünde kabul edilendir.
Bu hem biziñ uly Ýewraziýa sähralaryna ýaýylan Saklaryñ (Skif) iñ azyndan Orta Aziýada ýaşaýanlaryñ Türk bolandyklary hakyndaky ynanjymyzy berkidýär. Aýratynam göçüp-gonma ykbalyny saýlap alan, haýwançylyk bilen meşgullanan Saklar çadyr şekilinde getirilen arabalaryñ içinde ýaşapdyrlar.
Edara merkezleriniñ daşynda şäher we galalary ýokdy. Içlerinde möwsümlik ekerançylyk bilen meşgullanan toparlar hem bardy. Egin-eşikleri çyzma balak, kaftan we özlerine laýyk bolan çüri telpekleri geýipdirler. Altyn we brons işläp çykarypdyrlar. Araba ata tirkelýän arabalary we aýratynam waza ýasamakda ussatdyrlar. Saklaryñ medeniýet aýratynlyklaryna üns berilende Türk bozgyr medeniýetiniñ aýratynlyklaryna meñzeşdigini açyk görse bolar.
Meşhur Grek dessany Odysseýde (Odessa) Kimmerler hakda agzalyp geçilende, ilkinji gezek Garadeñiziñ demirgazyk we demirgazyk-gündogaryndaky uzak sähralyklardan gürrüñ gozgalýar. Şeýlelikde Akdeñiz dünýäsinde ilkinji gezek Ýewraziýa sähralyklarynyñ çuñluklaryndan söz edilýär. Gesiodosta b.e.öñ VIII asyrdan soñ koloniýalaşdyrma hereketleriniñ başlanmagyny görkezýän maglumatlar Hesiodyñ şygyrlarynda Skiflere Skudai diýlip görkezilýär. B.e.öñki VIII asyrdan soñky çeşmelerde ýygy-ýygydan Skifleriñ adyna rastlanýar we Skytae diýilýär. Gippokrat olaryñ edim-gylymlaey hakynda maglumat berýär. Strabonyñ geografiýasynda, Tukdidesiñ, Ksenofonyñ eserlerinde-de söz edilýär.
Assyriýa çeşmelerinde (b.e.öñ 680-668 ý.ý) Gimirrai we Aşguzai atlaryna gabat gelindi. Assyriýa şasy Asarhaddon, Kimmerlere garşy Skif şasy Bartatua bilen şertnama baglaşypdyr.
Pers çeşmelerinde ady Saka diýilip agzalýar we Dariusa degişli Behistun kitabynda üç aýry ýerlerde görkezilýär: 1) Saka Tigrakhauda (Sivri başlıklı sakalar), 2, SakaTiaýParaDaraý (Deñiziñ añyrsyndaky Saklar, 3) SakaHaumawarga. Kserksiñ kitabynda bolsa biraz geografik dagynyklygy düşündirilýär. Gerodot Skifleriñ kellelerinde ýokara dogry uçly telpekleri geýýändikleri, balak geýýändikleri, ýaý, hanjar we palta ulanýandyklaryny gürrüñ berýär. Günorta Russiýada Olbia şäherinden demirgazyga tarap dogry gideniñde Kalpadaia Skiflerine duş gelinýär; demirgazykda bolsa ekerançylyk bilen meşgullanan Galizonlar bar. Bugdaý, dary, merjimek, sogan we sarymsak ösdürip ýetişdirýärler. Gippokratyñ ýazmagyna görä keçeden edilen gupbaly çadyrlarda ýaşaýarlar.
Süýtden gurt ýasap, gymyz içýärler. Gerodotyñ ýazmagyna görä bolsa aty gurban kesýärler. Toýun gabyñ içine şerap dolduryp, ganlaryny içine damdyryp onam içip, and içýärler.
Hökümdarlary ölen wagtlary dik dörtgyrañ bir mazae gazyp, jeset mumiýalanýar, ýas tutýanlar gulaklaryny, göwüslerini kesýärler, saçlaryny gazap, gollaryny dyrmalaýarlar, alynlaryny burunlaryny çyzýarlar. Gömenlerinden soñ mazaryñ üstüne toprak guýup tümmekläp goýýarlar.

Hereketleri

Ilkinji gezek Assyriýa çeşmelerinde ady agzalan Skifler Dunaý derýasynyñ kenarlaryna çenli baryp ýetdiler. Kimmerleri ýurtlaryndan kowup ýerlerini eýeleýärler. Kimmerler bolsa Kawkazlary aşyp Anadola (Kiçi Aziýa) çozup girdiler. Urartu döwletine kyn günleri saldylar. Soñra bolsa Skifler Azerbeýjana we Eýrana tarap hereket etdiler. Urartu patyşasy Rusa II (b.e.öñ 685 - b.e.öñ 645 ý.ý)
Skifler bilen şertnama baglaşsada uzak dowam etmedi. Skifler Urartu merkezlerini ýakyp ýykdylar. Urartular b.e.öñ 585-nji ýyllarda Assyriýalylar tarapyndan ýykylanda Skifler bilen Assyriýalylar goñşy boldular. Assyriýa patyşasy Asarhaddonyñ gyzyny Skif hökümdary Bartatua durmuşa çykaryp şertnama baglaşdy. Medler bilen bolan söweşde Assyriýalylara arka çykan Skifler, Palestina çenli baryp ýetdiler. Medler Assyriýa çozup girip ýeñiş gazandylar. Skifler şol döwürde Urartu etraplaryna yza çekildiler. Bu döwürde Hindistana Sko Drawidler çekildiler. Gündogarda Günbatar Türkistandaky sähralykda Pers-Skif söweşi b.e.öñ 555-nji ýyldan başlap asyrlar boýunça dowam edipdir. Bir tarapdan Skif çozuşlarynyñ Anadolydaky syýasy ýagdaýlary bozmagy Persleriñ öñüni açypdyr.
Pers patyşasy Darius b.e.öñ 513-nji ýylda Frakiýany geçip Skifleriñ üstüne çozupdyr. Skifler goñşularyndan kömek soranlarynda bir ara gelip bilmediler we yza çekildiler. Olary kowup ele salyp bilmedik Darius yza döndi. Bu saparda Skifler hakynda birnäçe maglumatlar çeşmelere yş açdy.
Skifler Sarmatlar bilen ýakyn gatnaşykda ýaşaýan bir kowumdy.
Sarmat gyzlary ata münüp, ok atypdyrlar, at üstünde gargy ulanmaga ezber bolupdyrlar. Üç duşmany öldürmezden durmuşa çykmandyrlar. Skifler günbatarda Keltleriñ çozuşyna, gündogarda bolsa Sarmatlaryñ hüjümine sezewar boldylar. B.e.öñki III asyryñ başlarynda Don derýasyna gelen Sarmatlar sebäpli II asyryñ başlaryna çenli bu ýerleriñ az bölegini eýeçiliginde saklap bildiler. Şol asyryñ soñlarynda Kelteriñ we Sarmatlaryñ gysmagy netijesinde ysgyndan gaçan Skifler biziñ eramyzdaky döwürlere çenli gelip ýetseler-de II asyrda doly suratda derbi-dagyn edilipdirler.
Olar hakda az maglumatlaryñ saklanyp galmagyna garamazdan Skifler ýa-da Saklar örän uzak wagtlap Ýewraziýa geografiýasynda esasy roly oýnapdyrlar. Orta Ýewropadaky Keltler bilen Akdeñiz dünýäsindäki kowum we döwletler bilen Alynky Aziýada Assyriýa we Urartular bilen Eýranlylar bilen göreşler alyp barypdyrlar. Olaryñ barlygynda Alynky Aziýa we Grek geografiýasy, Ýewraziýa sähralyklarynyñ çuñluklaryna çenli maglumatlary ýazyp alypdyrlar. Ýüzýyllar soñra Orta Aziýadan Ýewropa göç eden kowumlar Skif ady bilen atlandyrylypdyrlar.


Hunlaryñ atalary hakynda

B.e.öñki 2255 ㅡ b.e.öñki 318-nji ýyllar aralygynda aýdyñ bolmadyk Hunlaryñ atalaryna degişli käbir maglumatlar bar. Pyşdyllaryñ gabyklary we süñkleriniñ üstüne ýazylan ýazgylarda Hunlaryñ atalarynyñ Çyn-maçyndaky dinastiýalar bilen gatnaşyklary hakynda gür berýär. Soñraky döwürlerde-dü görnüşi ýaly Mongolystanyñ günorta taraplaryndaky Ordos-Kansu girelgesi, Hunlaryñ atalarynyñ Çyn-maçyna tarap çozuş edýän ýoly bolupdyr.
Şol çozuşlar netijesinde Çyn-maçyndaky mülk-ekinzarlyga bagly Lung-şan medeniýetiniñ ýerine bozgyr aýratynlygy bilen tanalan Ýang-şao medeniýeti emele gelipdir. Ýang-şao medeniýeti demiriñ ulanylmagy, atyñ eldekileşdirilmegi, Gök kulty ýaly harakteri gepiñ gerdişine görä aýtsak bozgyr aýratynlygyny göterýär.
Bu medeniýetiñ syýasy sahnada iñ belli temsilçisi Çu (b.e.öñ 1122-255) döwletidir.
Bozgyr aýratynlyklaryny göterýän bu döwlet wagt geçdigiçe hytaýlaşypdyr.
Bir tarapdan b.e.öñki 318-nji ýylynda bir şertnama bilen iñ bilinen Hsiung-nu transkripsiýasy ilkinji gezek ulanyşa girizilip ol şondan soñ hiç haçan ulanylmandyr we bu ýagdaý hiç haçan üýtgetmändir. Gepiñ gysgasy şeýleräk: Çyn-maçynda söweşen döwletler eýýamynda on dört beglik biri-biri bilen söweşýät ekenler. Bularyñ bäş sanysy kuwwatlydy we iñ kuwwatlysy Çyn-maçyna garşy Hunlardan esger kömegini almak maksady bilen Hunlardan ýardam sorapdyrlar. Ýöne Hunlaryñ kömegine garamazdan Çyn döwleti ýeñiş gazanypdyr. Hunlara garşy söweşlerde başarnykly bolmadyk Çyn-maçynlylar ýüz ýyla çeken harby reformalary işläp düzüpdirler, goşunlaryny bozgyr harby stilinde birleşdirip tälim berilip, ýaraglandyrylyp olary duruzmaga synanyşypdyrlar.


Çyn-maçynlylaryñ Türk goşunyny serpikdirmäge eden synanyşyklary

Bu döwürlerde Hunlar bilen ýakyn gatnaşyk içinde tanalan Çao döwleti , olaryñ çozuşlaryna garşy özlerini goramak üçin b.e.öñ 307-nji ýylda harby reformalary geçirmäge başlaýar. Patyşa Wu-lingiñ emri bilen reformalara görä Hunlaryñ esger lybaslary ýaly görnüşde goşun düzülýär. Çao halky ata münmegi ok we ýaý atmany öwrenýärdiler. Hunlaryñka meñzeş harby reformasiýa gysga wagtyñ içinde geçirilýär. Ýagny çynlylar, hunlardan köp zady öwrendiler. Netijede Çao güýçleri Hun topraklaryna aralaşyp çozmagy başarýarlar. Şol asyrda bir gezek ýene ýeñiş gazandylar. Bu günki Şan-hside Ta-tungyñ ýanlarynda ýerleşen Çao etrabynyñ demirgazyk bölekleriniñ serkerdesi Li Mu 160 müñ adamdan köp söweş arabalary, suwarylary we okçylardan ybarat garym-gatym bir goşun bilen hüjüme girişdi. Ýüz bir atlydan ybarat Hun goşununy ýeñdi. Hun bu çozuşa takat edip bilmän yza gaçmaga mejbur boldular. Soñra on ýyllap demirgazyk Çyn-maçyndaky Çao etrap taraplarynda görünmändirler. Gysga hem bolsa bu maglumatlar Hunlaryñ bu döwürlerde günorta tarapdaky üstünlikleri hun harby sungatyny öwrenen Çyn-maçynlylar tarapyndan atanak çyzyldy.


Çyn-maçyn diwary beýgelýär

Söweşýän döwletleriñ ykbalynyñ soñlanýan döwürlerinde beýleki üç sany uly döwletler (beglik) Çao, Çi we Ýen Hunlaryñ günortasynda goñşy bolup oturýardylar. Bularyñ her biri Hunlardan goranmak üçin diwar bina etdiler. Bu diwarlary çyn-maçynlylar b.e.öñki 800-780-nji ýyllarda Çyn-maçynyñ demirgazyk serhetlerinde özlerini demirgazykdakylaryñ çozuşlaryna garşy goranmak maksady bilen gurmaga başlapdylar.
Diñe Türkmenleriñ atalary däl, Mançularyñ atalary Tunguslar hem Çyn-maçyna çozup çapyp gidýärdiler. Demirgazyk sähralyklardaky ýaşaýan taýpalaryñ çozuşlaryna garşy çyn-maçyn hiç-hili alaç tapyp bilenok. Çyn döwleti birnäçe döwlet we beglik içindäki diwarlary ilkinji sapar bina etmek işini alyp barmakda esasy roly oýnapdyr. Diwaryñ b.e.öñki 324-nji ýylda ilkinji gurluşygy bina edilendigini mälim edýän maglumatlar saklanyp galypdyr. Ýöne Lunghsi (Kansu), Peiti (Kansu we Ningsiýanyñ käbir bölekleri hem) we Şang garnizonynda gurluşyk b.e.öñki 270-nji ýyla çenli dowam edipdir. Bir tarapdan Çaonyñ demirgazyk serhetlerindäki Ýün-çung (Suei-ýan), Ýen-men we Taýa (Tai) çenli uzaýan diwarlar b.e.öñki 300-nji ýyllar töwereginde bina edilipdir. Mundan on ýyl soñra Ýen döwletinden patyşa Çao, Tsaoýenden (Çahar) Haiangpinge (Liaoning) çenli uzaýan uzyn diwar serhedi diñe Hunlara garşy däl Tunguslaryñ (Dunhu) hem çozuşlaryndan goranmak üçin bina edilendi. Ahyrynda b.e.öñki 255-nji ýylda gurulan Çyn hanedanynyñ imperatory b.e.öñki 247-221-nji ýyllar aralygynda diwary gurup tamamlaýar. Çyn-maçynyñ gurluşygy we öñki abatlaýyş-rejeleýiş işleri tamamlananda Çyn-hun söweşleriniñ ykbal taryhy üýtgäpdir. Şondan soñky eýýamlarda çyn-maçyn taryhda esasy syýasy we medeni ösüşmelere gowuşýar.

Demirgazyk Hun öz güýjüni täzeden gazanmagy

Ýokarda aýdylşy ýaly Hunlar bilen Ýen döwletiniñ arasynda ýakyn syýasy gatnaşyklary bardy. B.e.öñki 227-nji ýylda Çyn döwletinib generaly Fan Ýüçi Ýen döwleti bilen şertnama baglaşmak üçin baranda bu döwletiñ mirasdüşeri hökmünde kabul edilipdi.
Bu döwletiñ üstünlikli wezirleriniñ biri şol generaly Hunlaryñ arasyna ugradylmagyny teklip etdi. Şeýlelikde iki sany uly üstünlik gazanylmalydy. Birinjisi Çyn döwletiniñ generaly Fan Ýüçiniñ özlerine gaçyp gelendigi bilinmezligi, ikinjisi soña bakalar artan Ýen duşmanlygyna garşy Hunlaryñ dostlukly gatnaşyklary emele gelip, harby birleşik emele geljekdi. Ýöne weziriñ teklibi rowa görülmedi. Bolup geçen zatlara nazar aýlasak Hunlaryñ demirgazykda esasy syýasy güýç bolandygyny bilse bolýar.
Hunlaryñ demirgazyk-günbatar Çyn-maçyndan çykarylmagy


Aslynda bu üç Çyn döwletiniñ arasynda Hunlaryñ harby güýji bilen bäsleşip biljek ýeketäk güýjüñ Çyn döwletidi. Çyn-maçynyñ b.e.öñki 221-nji ýylda Çyn-maçynlylaryñ birleşmegi Hunlaryñ häkimýet ykbalyny demirgazyga tarap çekdi. Muña mysal edip general Meng Tieniñ Ordos etraplaryny Hunlardan alandygyny bellemek gerek. Şondan soñ hem gürrüñi edilýän üç aýry döwlet tarapyndan bina edilen diwarlar birleşdirilýär. Öñki diwardan galan, döwülen we könelen ýetmezçilik rejelenip gündogardan günbatara uzady. Şeýdip Kansudaky Lin Taodan häzirki Pýong-ýangyñ demirgazygyndaky Çieşiha çenli uzaýan Çyn-maçyn diwarlary birleşdirildi. Bu sebäpden Hunlar Ordosyñ demirgazygyndaky daglara çekilmäge mejbur boldular.

Hunlaryñ goñşulary

B.e.öñki III asyryñ soñlaryna golaý döwürlerde Hunlaryñ beýleki bir goñşulary taryh sahnasynda görülýär.
Gündogaryna ''Gündogar Kesekiler'' manysyny beren Tunghular (Dunhu) ýaşaýardy. Biz bulary taryhda bilinen ady hökmünde Tunguz diýip atlandyrýarys. Günorta taraplarynda Çyn-maçynyñ demirgazyk günbatarynda Kansuda Ýüeçih (ýuweçji) kowmy ýerleşýärdi.
Bularyñ asyl-kökleri Hindi-Ýewropaly bolupdyr diýen çekeleşikli çaklamalar bar. Tinglingler günorta Sibirýada Baýkal kölünden Ýeniseý derýasyny içine almak bilen häzirki Günbatar Gazagystan sähralyklaryna çenli uzaýan giñişliklerde ýaşapdyrlar. Ýaşaýan ýerlerinde sinjabyn köp bolany sebäpli bu haýwanyñ kürküniñ söwdasynyñ edilendigi, şonuñ üçinem Tiýini (sinjaply ㅡ Tingling) söz manysynyñ gelip çykandygyny orta atýarlar.
Hunlaryñ gündogar goñşusy Tunghular (Tunguz), Wuhuan ee Hsienpiler bolup, bular esasy topara bölünýärler.
B.e.öñki III asyrda Tunghu topraklary içki Mongoliýadan Mançuriýa çenli uzaýardy. Hun topraklaryna alynyp barylan çozgunçylykda (Mete (Motu) döwründe (b.e.öñ 209-174 ý.ý.) ýöredilen syýasatdan öñ) güýçli bolupdyrlar. Ýöne b.e.öñki 206-njy ýylda Tunghulary doly diýen ýaly ýeñlişe sezewar eden Mete olaryñ halkyny, mal sürülerini ele geçirdi.
Bu ýeñilişden soñ Hsienpi we Wuhuanlar Içki Mongoliýany terk edip Mançuranyñ gündogaryna gitdiler. Häzirki Şira Müren we Liaohao derýasynyñ kenarlaryna ýerleşdiler. Ýöne olar Hunlaryñ yzarlamalaryndan, çozuşlaryndan halas bolup bilmediler. Her ýyl olara salgyt hökmünde sygyr, at, goýun we sarur kürki ýollaýar ekenler. Salgytlaryny ugratmadyk wagtlary Hunlar tarapyndan talanyp gidiler eken. Bu ýagdaý biziñ eramyza çenli döwürlere dowam edipdir. B.e. 2-nji ýylynda Han saraýy Wang Mangyñ şertnamasy bilen Wuhuanlaryñ Hunlara boýun bolmagyny kanunlaşdyrypdyr. Ýöne olar Hunlara salgyt tölemekden boýun gaçyrýardylar. Aslynda bu ýerde gürrüñi edilýän Wuhuanlaryñ indi Hun häkimýetinden çykarylyp Çyn-maçyndaky Han imperiýasyna bagly bolmagynda galmalydy.

Ady belli ilkinji Hun hökümdary

Aradan geçen ençeme ýyllar içinde Hun taryhynda esasy özgermeler emele geldi. Çünki b.e.öñki 221-nji ýylda ilkinji gezek Hun hökümdary taryhy çeşmelerde agzalmaga başlanýar. Şol hökümdaryñ ady Touman bolupdyr (bu ady Duman, Tümen, Teoman ýaly atlandyrmalar bilen gabatlaşdyrýarlar. Terj. bell.) Hunlarda hökümdarlyk lakamy ''Şanýu'' (original okalşy ㅡ Çanýü) diýilipdir.
Soñsuz beýik giñişlik manylarynda gelen sözden ybaratdygyny goldaýan pikirler bar bolmagyna garamazdan çaklamalar kän. Bu ýerde söz kelemäniñ Türkçe okalşy ''Şanýu''. Şol bir wagtyñ özünde-de bize belli ilkinji Hun hökümdary (şanýusy) Touman (Duman) bolup hökümdarlygyny b.e.öñki 209-njy ýykdaky ölümine çenli dowam edipdir. Onuñ wagtynda çyn-maçynlylar hunlary ýeñip Demirgazyk Çyn-maçyndan gysyp çykarypdyrlar. Gürrüñi edilýän yza çekilme Orhun, Selenga, Onon, Ongin ýaly derýalaryñ hanalarynda, ýagny Ötüken we Mongoliýa geografiýasynda Hunlar köpelip güýçlenipdirler. Şeýlelikde geljekgi beýik imperiýanyñ tohumy atylypdyr. Kakasy we öweý ejesiniñ dildüwişiklerine garamazdan gurulan duzaklardan halas bolan Motu (Bahadyr) b.e.öñki 209-njy ýylda kakasyny öldürip Hun tagtyna geçdi.
Şondan soñam döwletini güýçlendirmäge girişen Motu öñler gündogarda özüne howp salan Tunghulary, ondan soñam günorta taraplarda ýerleşen Ýüeçjileri basyp alýar. Demirgazyk günbatardaky Çyn-maçyndaky atalarynyñ öñki topraklaryny gaýdyp alyp döwletini ykdysady-syýasy tarapdan kuwwatlandyrypdyr. Bulardan başga-da Orta Aziýadaky Gyrgyzlar, Tinglingler ýaly ýigrimi alty taýpadan ybarat döwletçeleri öz hökümdarlygyna birikdiripdir. Aziýa Hun döwletini örän uly impriýa öwürýär. B.e.öñki 199-njy ýylda özünden iñ az dört esse goşuna eýe bolan Çyn-maçyn imperiýasynyñ güýçlerini gabap uly ýeñlişe sezewar edipdir. Bu sebäpden Çyn-maçyn (Hytaý) ýazgylarynda iñ azyndan 1000 ýyla çenli ölümsizligi gazanypdyr. Özüni ýigrimi alty döwlet we begligi boýun egdirendigini açyklaýar. Döwletiñ serhetleri Koreýadan, Aral kölüne, Baýkal kölünden Çyn-maçyn serhedine Gündogar Türküstany içine alyp Tibete aralaşypdyr. Tamam hemmesini basyp alyp biljek derejede güýji bolsa-da Çyn-maçyny eýelemändir. Ýöne ykdysadyýeti güýçlendirmek maksady bilen üstünligini äşgär edip salgyt tölemeklige mejbur edipdir.


Ahmet TAŞAGYL ''Gök tañrynyñ perzentleri'' atly kitaby.

Türk dilinden terjime eden: Jeksparro

Bilim, Jeksparro tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir