Doga dileg etmekligiñ ýollary


Euzubillähi mineş şeýtan irrajiým .

Bismillähirrahmänirrahiýýým .

SUBHANELLAHU   WEL-HAMDU-LILLÄHI  WE  LÄÄÄÄ   ILÄHE ILLELLAHU   WALLAHU   EKBER .  WELÄ   HAWLE  WELÄ   KUWWETE  ,  ILLÄ  BILLÄHIL –ALIÝÝYL-AZYÝM ,,

''Menden  dilänleriň  dogasyny  kabul  ederin'' ㅡ diýen  aýatyň  hormatyna, Beýikligiň, Jomartlygyň  hormatyna ,pygambermiz  Muhammet  aleýhisselamyň  hormatyna, ähli  kuran  aýatlarynyň  hormatyna, dört  çaryýarlaryň , ähli  sahabalaryň  hormatyna,  ötüp  geçen  pirleriň-welileriň  hormatyna, “ Ähli  derdi  dermany  bilen  berdim.”—diýen  aýatyň  we  eşşyfa, eşşyfa, eşşyfa  adyň  hormatyna  dileg-dogalarymy  kabul  et  we  derdime  şyfa  ber  !! «Eý, bary-Hudaý, ýa Biribar! Seniň hakyňa, seniň ylahylygyň hakyna, rebbligiň, azymatyň, jelalyň, gudratyň, beýikligiň we hökümdarlygyň hakyna, soltanlygyň we subhanlygyň hakyna, saňa ak ýürek bilen ýalbarýaryn, sen her bir mätäje ýürek matlabyny berdiň, olaryň islemedik we olaryň akyllarynyň ýetmedik zatlaryny hem olaryň kalplaryna guýduň, seniň ylym hazynaňa ýygnanan bu baýlykdan adamlar bihabardyrlar, oňa barýan ýoly hiç kim bilmeýär, senden başganyň oňa akyly ýetmeýär we tanamaýar. Eý, Allam, bu bendäňi ol baýlykdan mahrum etme, meni köňül maksadyma ýetir» .  (Mänebaba pirimiziň  dilegi) “Bizi  enemize-atamyza,  kökümize, ata-babalarymyza, milletimize  we  bütin  ynsanyýete  ýaramly  eýle.  Ýagşy  işlerinde  enemi, atamy gora, menide  hem  olara,  hem  bütin  musulman  doganlarymyza, ähli  tämiz  kalply  ynsanlara  haýyrly  kyl.  Eý, beýik  Allahym !  Seniň  açanlaryňy  hiç  kim  ýapyp  bilmez.  Seniň  ýapanlaryňy  hiç  kim  açyp  bilmez.  Seniň  hökümleriňi  hiç  kim  bozup  bilmez.  Seniň  berenleriňi  hiç  kişi  alyp  bilmez.  Sen  bermeseň  hiç  kim  berip  bilmez.  Seniň  ulaldanlaryňy  hiç  kim  kiçeldip  bilmez.  Seniň  kiçeldenleriňi  bolsa,  hiç  kim  ulaldyp  bilmez.     Sen  bize  enemizden  hem  has  köp  rehimlisiň.  Sen  tämiz  bendeleriň  dogasyny  kabul  edersiň.  Seniň  rehmetiň,  Seniň  hazynalaryň,  Seniň  güýjüň  soňsuzdyr,  tükeniksizdir.  Kiçijik  ellerimi  saňa  açdym, bütin  kalbym  bilen  saňa    sygyndym . Meni  merhemetsizlik, hormatsyzlyk  we  nähaklyk  etmekden  Özüň  gora.  Bilibu-bilmezden  eden  günälerimizi  öt  we  bizi  bagyşla, eziz  Allahym !.  Seni  söýeýin,  Seniň  söýenleriňi-de  söýeýin.  Ädimlerimi  dogry ädeýin, düşünjelerimi  dogry  tutaýyn. Her  bir  niýetimi  gowulyga  gönükdireýin.  Her  işimiň  başy-da, soňy-da  haýyrly  bolsun. Rysgymyzy  beren  Sensiň  we  mundan  soňra-da  berjek  diňe  Sensiň, eziz  Allahym. Ejeme  , kakama, meni  ulaldyp  ýetişdirenlere, maňa  ýagşy  zatlary  öwredenlere, bütin  ulularymyza  gowuluklar  ber.  Olara  bolan  hormaty  we  söýgini  artdyr.  Olaryň  meniň  üçin  siňdiren  zähmetleri  boşuna  gitmesin.  Olary  maňa,  meni-de  olara  bagyş  et.! Meni  (bizi) hor-zar  etme!!    Allahym !  Köňlümde  galan  boşluklary  doldur, kuwwatlandyr.  Nämäni  söýýän  bolsaň,  men  hem  olary  söýeýin.  Saňa  barýan  gös-döni  ýoluň  üstünden  ýöräýin.  Rebbim,  bizi  dogry  ýola  ulaşdyr  we  ol  ýoldan  hiç  haçan  aýyrma.  Haky ( dogry, kämil,  wepaly  bolmalysy  ýaly)  bilen  gulluk  etmegi,  namaz  kylmagy,  oraza  tutmagy  we  Seniň  üçin  etmegimiz  gerek  bolan  her  dürli  ybadaty,  ömürboýy  tagamyna  eýerip,  lezzetinden  gana-gana  berjaý  etmegi  maňa (bize)  nesip  eýle.!  Iň  köp  söýen  bendeleriň  kimler  bolsa,  meni-de  (bizi-de) olaryň  ýolunda  goý.  Olaryň  söýgüsini  bizden  uzak  etme. ! “ Salawat   “Tewsirjiýe”:   “Allahümme  salli  salaaten  kaamileten  we  sellim  selaamen  taammen  alää  seýýidinää  muhammedinillezi  tenhallü  bihil  ukadü  we  tenferijü   bihil   kürabü   we   tukdaa   bihil   hawaaijü   we   tünaalü  bihir  regaaibü   we   husnül   hawaatimi   we   ýüsteeskal  gamaamü   bi   wejhihil   keriými   we   alää   äälihii   we   sahbihii   fii   külli  lemhatin  we  nefesin  bi  adedi  külli  ma’luumin  lek.” 1.----Salawat-y  şerife  başlamazdan  öň, hakyky  iman  bilen  we yhlas  bilen  21-gezek  “ Estagfirullahel  azyýme  we  etuubü  ileýh “—diýip, istygfar  getirmeli.  Ondan  soňra  näme  üçin  okaýan  bolsaň  çyn  ýürekden  Allanyň  razylygy  üçin  oňa  niýet  etmeli.  Mysal  üçin, “ bergiden  dynmagyň, garyplykdan  çykmagyň, işiň  ugruna  bolmagy   we  şuňa  meňzeşler....”   .   Bu  salawaty  namzdan  soň  21 gezek, 41 gezek, 100 gezek  okasaň  has gowy.  Jemi  doly  okamak  üçin  dowamly  ýa-da  bölekleýin  dynç  alyp  4444 gezek  okamak  has  işiň  peýdalysy.
Eger  hak  Subhana  we  Tagala  bir  kimsäniň  nesibesini  şol  topraga  ýazyp, bu  keramatly  ýerlere  zyýarat  etse (mysal: Mäne  baba, Hojaýusup  baba, Sarahs  baba, Şiwli  baba, Nejimeddin  Kubra,  we ş. m. )Allanyň  bereketinden  mahrum  galmaz  we  bu  toprakda  keramatlary  bilen  jahany  baglan  beýik  ulamalaryň  gadamynyň  gudratyna  göz  ýetirer.

Sorag-jogap, Jeksparro tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir