IKINJI BÖLÜM

Pygamberimiziñ dünýä gelşi we çagalyk döwri

PYGAMBERIMIZIÑ DÜNÝÄ GELŞI

Ýer ýüzüni ruhy tümlük gaplapdy. Tebigat zulum we wagşylyklardan ýaña matama bürenipdi. Gözýaş dökýän gözler däl, ruh we ýüreklerdi. Ýürek we ruhuñ bu gynanjyna älem hem goşulypdy. Edil umumy ýas yglan edilen ýalydy!..
Ýer ýüzi sagadatyñ, söýünjiñ we rahatlygyñ gözbaşy bolan ''Towhyt'' ynanjyndan mahrumdy... Küpür we köphudaýlylyk harasatlary ruh we ýürekleri gysyp gowrupdy. Köñüllerde ýeke-täk Allanyñ ýerine birnäçe batyl tañrylar ýer alypdy! Hakyky eýesini gözleýän ruhlaryñ perýady çar ýana ýañ salýardy.
Ynsanlar biri-birini iýýän haýwanlar ýaly wagşylaşyp, küpür, köphudaýlylyk, jahyllyk we zulum batgalygynda bogulmaga başlapdylar. Biçäreler zalymyñ zulum gamçysynyñ aşagynda iñleýärdiler.
Älemler gamgyn, barlyklar gamgyn, köñüller gamgyn we ýüzler gamgyndy...
Küpür we köphudaýlylyk, jahyllyk*, gam-gussa we kynçylyklar akyly, ruhy we ýürekleri dünýewi gysajynyñ agzyna alyp, bar güýji bilen gysýardy. Ynsanyñ bu gysajyñ agzynda mundan beýläk galmagyna Allanyñ soñsuz merhemeti, elbetde, ýol bermezdi!
Bularyñ ählisiniñ soñuna çykjak Allanyñ söýgüsiniñ we merhemetiniñ eseri hökmünde bir Şahsy, elbetde, iberjekdi!..
Ynha, ol Şahs gelýärdi!
Getiren nury bilen dünýäniñ ruhy görnüşini üýtgetjek ol ynsan - Allanyñ iñ soñky Pygamberi gelýärdi!
Yns we jynsa ebedi şatlygyñ ýoluny görkezjek Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem gelýärdi!

Ol wagt!

Älemler hormat we gorky bilen Serwerine garaşýardy. Her barlyk özüne mahsus dili bilen, hal we hereketi bilen bu taýsyz ynsana ''Hoş geldiñ'' diýmek üçin taýýar ýagdaýdady.
Ol gün Milady hasabyndan 571-nji ýylyñ aprel aýynyñ ýigrimisi...
Pil wakasyndan elli ýa-da elli bäş gije yz ýany...
Kamary hasabyndan Rebiulewwel aýynyñ on ikinji gijesidi...
Mekgede sadaja bir öý... Günlerden duşenbe. Wagt - wagtlaryñ soltany säher wagty.
Bu ýönekeýje öýde sähetli günde beýik we taýsyz hadysa bolup geçdi: Älemleriñ Serweri Hezreti Muhammet Sallallahu aleýhi wesellem dünýä indi...
Bu dünýä geliş bilen birlikde älem edil ýasyny unudan ýaly şatlyga doldy. Tümlükler şo bada nur bilen ýagtyldy. Älemler begenç we tolgunç içinde:
''Dogdy ol sagatda Soltanyy Din
Nurlara gark boldy asman-u Zemin''
diýip gygyrdy.

Ejesiniñ dilinden

Ýer ýüzünde hiç bir enä nesip etmeýän bu taýsyz abraýa mynasyp bolan eziz ene - Hezreti Emine ol bagtly sagat barada şeýle gürrüñ berýär:
''Hamylalygymyñ altynjy aýynda bir gije düýşümde öñüme bir adam gelip şeýle diýdi:
''Eý Emine, şuny bil, sen Älemleriñ Serwerine göwrelisiñ. Doglan wagty adyna Muhammet goý we bu syry hiç kime açma!''.
Soñra dünýä injek wagty gelip ýetdi. Gaýyn atam Abdylmuttalib Käbä gidipdi.
Öýdedim. Birden gulagyma täsin bir ses geldi. Gorkudan essim aýylan ýaly boldum. Gözlerim nämeler görýär: Bir ak guş pel-pelläp ýanyma geldi we ganatlary bilen arkamy sypalady. Ondan soñra mende gorkudan-gaýgydan hiç zat galmady. Töweregime göz aýladym: Maña bir ak käse bilen şerbet hödürleýärler. Käsädäkini içip-içmänkäm, meni bir nur deñzi dolap aldy.
We Muhammet dünýä geldi...''(1)
Eziz ene dogluşdan soñrakysyny şeýle gürrüñ berýär:
''Gündogarda bir baýdak, günbatarda bir baýdak gördüm... Doguş tamamlanypdy. Çaga seretdim: Sejdede. Barmagyny hem göge galdyrypdyr. Derrew bir ak bulut inip, çaganyñ daşyny dolady we gundady.
Bir ses eşitdim: ''Gündogarlary, günbatarlary we derýalary gezdiriñ, ähli mahluklar Muhammedi ady bilen, sypaty bilen, suraty bilen tanasynlar!''
Biraz soñra bulut gözden gaýyp bolup gitdi''(2).
Şol gije Hezreti Emine bir nuruñ ýagtysy bilen Damaskyñ köşklerini görüpdir(3).

Şypa we Patma hatynyñ gürrübleri

Älemleriñ serweri dünýä gelen wagty eziz ejesiniñ ýanynda Abdyrahman bin Awfyñ ejesi Şypa hatyn bilen Osman bin Ebul Asyñ ejesi Patma hatyn bardy.
Göbek enelik eden Şypa hatyn ol wagt görenlerini şeýle gürrüñ berýär:
''Allanyñ Resuly doglan wagty men ol ýerdedim. Derrew ýetişdim. Gulagyma bir ses geldi: ''Allanyñ rehmeti oña bolsun!'' Gündogar bilen Günbatar nur bilen doldy. Hatda Rum diýarynyñ käbir köşklerini gördüm. Soñra Allanyñ Resulyny gujagyma alyp emdirmäge durdum. Başym şeýle bir hala düşdi, tutuş göwräm titremäge başlady we gözlerimiñ öñi garañkyrady. Çagajygy gözden ýitirdim. Bir ses: ''Nirä gitdi?'' diýip sorady. ''Gündogara äkitdiler'' diýip jogap berildi.
Bu sözler hiç ýadymdan çykmady. Allanyñ Resuly Pygamberligini yglan edeninde, şo bada ylgap ýanyna gitdim we ilkinji musulmanlar bilen birlikde iman jaýyna girdim'' (4).
Patma hatyn özüniñ ýatlamasynda: ''Ol bagtly gijede dogluşa şaýat bolan öýüñ nurlar bilen dolandygyny we gökdäki ýyldyzlaryñ salkym-salkym sallanyp, üstlerine döküljek deý bolup duranyny gürrüñ berýär(5).
Pygamber Serwerimiziñ ýene bir aýratynlygy: Onuñ sünnetli we göbegi kesilen bolup dogulmagydy.**
Arkasynda iki pilçe süñküniñ arasynda, edil ýüregiñ arka tarapynda nebilik möhri ''Hatemi Nubuwwet'' bardy. Üsti tüýli, güberçek, gyzylymtylrak kiçijik meñleriñ bir ýere jemlenmeginden dörän bu möhür käkiligiñ ýumurtgasynyñ ululygynda-dy. Bu möhür Pygamberimiziñ garaşylan iñ soñky pygamberdiginiñ bir alamatydy.
Sahabadan Saib bin Ýezid Pygamber Serwerimiziñ ''Hatemi Nubuwweti'' hakynda şeýle diýýär:
''Çagakam daýzam meni Pygamberimiziñ ýanyna äkidip:
ㅡ Ýa Resulalla! Şu ýegenimiñ aýagynda ýarasy bar ㅡ diýdi. Resulalla eli bilen başymy sypalap, maña bereket doga etdi. Soñra täret kyldy. Täret suwundan içdim. Soñra arkasynda durdum we iki omzunyñ arasyndaky käkilik ýumurtgasynyñ ululygyndaky ''Hatemi Nubuwweti'' gördüm(6).
Hezreti Aly (raziallahu anh) hem Pygamberimizi suratlandyranda:
''Onuñ soñ pygamberdigi pilçeleriniñ arasynyñ giñdigi we olaryñ arasynda ýerleşen PYGAMBERLIK MÖHRÜNDEN bellidi'' diýdi.

Abdylmuttalibe buşlanmagy

Älemleriñ Serweri Pygamberimiz dünýä gelen wagtynda, atasy Abdylmuttalib Käbäniñ ýanynda Kureýşiñ ygtyýarly adamlary bilen gürleşip oturdy.
Abdylmuttalibe nur agtygynyñ bolandygy buşlandy. Buşluga çäksiz begenen Abdylmuttalib derrew öýüne geldi. Ony bagryna basdy, ogşady, ysgady. Soñra Ebu Talibe berip:
''Bu çaga saña amanadymdyr. Bu oglumyñ şan-şöhraty uly boljakdyr'' diýdi.
Abdylmuttalib bu begençli waka üçin Älemleriñ Serweriniñ doglan gününiñ ýedinji güni düýelerdir dowarlar öldürip, Mekgäniñ ilatyna üç gün toý berdi. Ýene-de şäheriñ het künjeginde düýeler gurban edip, adamlar we haýwanlar geregiçe alsyn diýip goýdy.








____________________
* Bu ýerde jahyllyk - ''dinsizlik'' manysyndadyr.

** Rowaýata görä ilkinji ynsan we ilkinji pygamber Hezreti Adam (aleýhyssalam) hem sünnetli bolup dünýä gelipdir. Ýene çeşmeler pygamberlerden Şis, Idris, Nuh, Musa, Ýusup, Süleýman, Şuaýb, Ýahýa we Nuh (aleýhissalam) hezretleriniñ hem dünýä sünnetli gelenlerini bildirýärler.

Çeşmeler:

1. Kastalani, el-Mewahibul Ledduniýýe. T-1, sah-21.
2. Şol ýerde.
3. Ibni Hişam. Sire, t-1 sah. 166. Ibn Sad Tabakat t-1. sah-102: Taberi, Taryh t-2, sah-125.
4. Kastalani, agz. eser t-1, sah. 22.
5. Kaadi Iýaz. Şypa, t-1, sah. 267.
6. Buhary, Sahyh, t-1, sah-48: Muslim Sahyh t-7, sah. 86.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir