Ýakynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Žindelfingen şäherinde adaty karate (fudokan) boýunça VIII dünýä çempionaty geçirildi. 50-ä golaý ýurtdan 3000-e golaý türgeniň gatnaşmagynda geçirilen bu çempionatda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etmegi başardylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Çempionatyň eýýäm ilkinji güni milli ýygyndymyzyň türgenleri Durdymyrat Meredow bilen Didar Babaýew 16 — 18 ýaşly türgenleriň arasynda adaty karateniň en-bu görnüşinde netijeli çykyş etdiler. Karateniň bu görnüşi boýunça geçirilen ýaryşa 11 topardan 22 türgen gatnaşdy. Onda ýurdumyzdan wekilçilik eden türgenler ikinji orny eýelediler.

Durdymyrat Meredow 16 — 18 ýaşly türgenleriň arasynda adaty karateniň şahsy ku-go tutluşyk görnüşi boýunça 40 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşyň dowamynda bolsa 5 gezek tutluşyp, ýaryşyň ýene-de bürünç medalyna mynasyp boldy.

Adaty karateniň ku-go görnüşi boýunça 8 topardan 24 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen tutluşyklaryň netijesinde karateçilerimiz Durdymyrat Meredow bilen Didar Babaýew garşydaşlaryndan üstün çykyp, ýene-de bürünç medala mynasyp boldular.

Netijede, nobatdaky dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eden karateçiler 1 kümüş, 2 bürünç medal gazanyp, türkmen sportunyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy başardylar.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir