Eýran nakyllary

Sahy adama mert bolmagyñ zerurlygy ýok.

Akmaga iñ gowy jogap dymmakdyr.

Miwesinden doýanyñdan soñ agaç baldygyny döwme.

Arzuw meýdanynyñ çägi ýokdur.

Mugtuna edilen iş, işsizlikden gowudyr.

Içýanyñ seni çakanyny gaty görme, onuñ tebigaty şeýle.

Ilki dostlaryñ bilen arañy sazla, soñra duşmana haýbat at.

Mugallymyñ gazaby atañ mährinden gymmatlydyr.

Ýylan garrasa gurbaga onuñ depesine münermiş.

Mesge ýag hamyrda zaýa bolmaýar.

Akmagyñ dostuny hem özüñe ýakynlaşdyrma.

Atylan oky yzyna dolap bolmaz.

Adamy tanamak isleseñ onuñ bilen syýahata ugra.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir