Mesawy gürrüñler 1

Ene hikmeti

Gyzykly telegepleşikleriñ birinde garry eneleriñ biri bilen söhbetdeşlik guralypdyr. Golaý-goltumynda maşgala agzybirligi, öý-ojagyna yhlasy bilen adygan bu garryja ene ýanýoldaşy ㅡ hemrasy bilen bassyr elli ýyl bagtyýar ömür sürüpdir.
Telegepleşigi alyp baryjy gyzyñ ilkinji sowaly bir ömre ýeterlik bagtyýarlygyñ syry hakda bolupdyr:
ㅡ Aýtsañyzlañ, ene, bagtyýarlygyñ syry nämede?
Nahar-tagamlary datly taýýarlamakdamy?
Ýa-da üst başyña serenjam bermekde, gözellikdemi?
Ýa-da köp perzentleri dünýä getirip, olary terbiýelemekdemi?
Ýa-da ýanýoldaşyñ diýeninden çykman, her sözüne ''hä'' berip oturmakmy?
ㅡ Diñle, balam, maşgala bagtyýarlygy owaly bilen Hudaýyñ oñuna etmegine, ondan soñra zenan maşgalanyñ hut özüne bagly bolup durýar. Zenan maşgala öz öýüni jennetede öwrüp biler, öz ojagyny dowzaha-zulmata-da çöwrüp biler. Bagtyýarlyk weşeñ-weşeñ pulda ýa-da bol-bol baýlykda däl. Köp-köp barjamly ojagyñ zenanlary bar, emma olar bir argyn, ýadaw, göwnüçökgün, dünýeden doýgun, üstesine ýanýoldaşyndan ýaña öýlerinden gaçara gelýärler. Ol ýerde bir pursat eglenmäge takat-mydary ýok. Bagtyýarlyk gözellikde hem däl. Gör, näçe görmegeý zyba zenan bar, emma ýanýoldaşy bilen aralarynda Arktikanyñ sowuklygy, dünýäniñ doñaklygy höküm sürýär. Bagtyýarlygyñ syry eliñ süýjüliginde hem däl, eli süýji, biş-düşe ökde birnäçe zenan bar, emma gözgyny haly, görýän güni görgüden başga zat däl. Bagtyýarlygyñ syry köp perzentlikde hem däl, köp çagaly näçe zenan bar, emma perzentlerinden tamasy çykman, göwni synyk, boýny buruk haldadyr ㅡ diýipdir.
Alypbaryjy gyz garry enäniñ bu sözlerine geñ galypdyr: ㅡ Onda bagtyýarlygyñ syry başga nämede bolup biler? ㅡ diýip, ýene-de sowal beripdir.
ㅡ Adamymyñ gylyk-häsiýetine hemişe üns berýärin. Özüne gerekli zady ünsden düşürseñ bolmaz ahyry?! Onsoñ, setanda seýranda gahar-gazaba münen çagy, käbir babatda özümiñ haklydygymy bilip dursamam muny onuñ ýüzüne basjak bolup durmaýaryn. Özüme basalyk berýärin. Oña gaty-gaýrym söz aýtmaýaryn. Eda bilen, başymy ýaýkap, ýüzümi aşak salyp, dymyp oñaýýaryn. Onsoñam, ýanýoldaşyñ ýanyñda gaharly otyrka, haklydygyñy mazamlajak bolup, içýakgyç dymmaklygam asla makul däldir. Akylly är oña derrew düşüner we gahary-gazaby has beter gylaw alar. Ýoldaşyñ bilen sanaşyp oturmaly däl,onuñ ýüzüni almaly däl. Onuñ hormatyny, mertebesini ykrar etmek gerek. Şeýdilende maşgala binýady berk bolýar.
ㅡ Ýanýoldaşyñyz nähak ýere ýüzüñizi alyp, herrelýän wagty, siz başga otaga çykyp gidiberseñiz bolmaýarmy? Gaýtawul bermejek bolsañyz, ol sözleri diñläp durmak nämä gerek? ㅡ diýip, alypbaryjy sorapdyr.
ㅡ Heý-de beýdip bolarmy, gyzym. Çykyp gaýtsañ, onuñ sözlerine, onuñ özüne hormat goýmadygyñ bolar ahyry. Beýtseñ, sözlerini diñläsiñ gelmeýär diýip düşünmegi mümkin. Bu ㅡ añrybaş edepsizlik. Bagtyýarlygyñ binýady ýanýoldaşyña hormat goýmakdan,ony sylamakdan başlanýandyr. Ony sylamasañ, ykbal seni hem sylamaz. Tä ol köşeşýänçä, sen uly hormat-eda bilen oña gulak asmaga, sesiñi çykarman ony diñlemäge borçlusyñ. Biraz köşeşip, özüne geleninden soñra ''Boldumy?'' diýip, mylaýymlyk bilen soraýaryn. Diñe şondan soñ usullyk bilen otagdan çykýaryn, sebäbi, beýle gylykdan soñra oña biraz rahatlyk, dem-dynç, özüni doly dürsemegi gerek. Onuñ ýanyndan çykanymdan soñra sessiz-sedasyz, hamana hiç zat bolmadyk ýaly bolup, adatdakysy ýaly öý-hojalyk işlerine meşgul bolýaryn.
ㅡ Her näme-de bolsa ýürekde bir öýkejik peýda bolýandyr. Megerem, mundan soñra bir hepdeläp, belki-de, şondan hem köpräk wagtlap oña ýüz bermän gezýänsiñiz, onuñ bilen gürleşmeýän bolsañyz gerek? ㅡ diýip, alypbaryjy sowalynyñ üstüni ýetiripdir.
ㅡ Goýaweri, gyzym, bu häsiýet iki başly ýalmawuz bir ýarag ýalydyr. Ýanýoldaşyña ýüz bermän ýörseñ, gürleşmek zerur bolup durka onuñ bilen gürleşmän gezseñ, ol bu sowuklyga, senden sowamaga barha endik ediner. Öz diýenini gögertjek, öz hökümini ýöretjek bolup, barha kejine tutar. Agzynyñ ajy sözi artmasa, azalmaz. Gaýta senden has köp zatlary talap edip başlar.
ㅡ Ýeri onda siz şeýle ýagdaýlarda nähili hereket edýäñiz?ㅡ diýip, alypbaryjy gyz sorapdyr.
ㅡ Bir sagat çemesi soñra oña miwe şerbedini ýa-da kofe taýýarlap berýärin. Emaý bilen öñünde goýup: ''Al, noş bolsun!'' diýýärin. Şol wagt ýoldaşym her näme-de bolsa ol eýýäm gahar-gazabyndan köşeşýär, ''Gaharyñy getirip, seniñem göwnüñi ýykaýdym öýdýän'' diýip habar gatýar. ''Ýok. Men gaharly däl'' diýenimden soñra, ol hälki öte geçmeleri üçin menden ötünç soraýar. Meniñ adyma ýagş-ýakymly sözleri aýdyp başlaýar.
ㅡ Näme, siz onsoñ onuñ bu sözlerine ynanýañyzmy? ㅡ diýip, alypbaryjy gyz geñ galyp sorapdyr.
ㅡ Elbetde ynanýaryn ㅡ diýip, garry ene ýylgyrypdyr. Näme, gaharly wagty men oña ynanmaly-da, asuda-parahat wagty aýdan sözlerine ynanmaly dälmi?
ㅡ A siziñ mertebäñiz..?
ㅡ Mertebe diýýäñizmi?! Meniñ mertebäm ýanýoldaşymyñ göwnüni tapyp, ony razy etmekde. Öz öý-ojagymyñ hormatyny saklamakda. Aýtsana, gyzym, egninde edep lybasy bolmadyk ýalañaç mertebe meniñ nämäme gerek?

Birinji sapak:

Ýaşaýyş sungaty ㅡ bu nähili ýaşamalydygyny bilmekdir.
Bagtyýarlyga eltýän sebäpleri öwrenmek, bilmek örän möhüm, ýöne bagtly ýaşamaga bolan beýik isleg has möhümdir. Ünsi-tiñkesi ýanýoldaşynyñ bärden gaýdýan ýerlerine, säwliklerine dikilen adam, onuñ gowy taraplaryny görmäge wagt tapmaz. Hemrasynyñ hemişe gowy häsiýetlerine, ýagşy gylyklaryna ünsi jemleýän adama bolsa, onuñ ownuk-uşak bärden gaýdýan ýerleri göze ilibem durmaz. Nämäni görmek isleýän bolsak, ilki bilen gözümize şol ilýär. Bakyşlarymyza görä garaýyşlarymyz üýtgeýär. Bu babatda ynsanlary iki topara bölüp bolar. Goý, olaryñ ikisi-de ganatly diýeli, emma olaryñ biri edil balarysy ýalydyr, gülden-güle gonar, diñe bal-şire çöplär. Beýlekisi siñege meñzär, hemişe hapa-hapysa ýerlerde eglener. Balarysy ýaly adamlar beýlekilerden diñe gowy häsiýetleri gözlärler. Şol gowularyñ hemişe öz ýanlarynda bolmagyny islärler. Siñek häsiýetli adamlar bolsa özgeleriñ aýby-nogsany, ýaramazlygy bilen gyzyklanyp, ýüregedüşgünç hereketlerini gaýtalarlar. Yrsaramaga, göwün ýykmaga, sähel säwligini patladyp, ýüzüne basmaga pursat-maý gözlärler. Balarysy ýaly ýaşamak, durmuşymyza öwüşgin çaýýar, onuñ her pursadyna lezzet-tagam berýär. Siñek kysmy deprenmek bolsa, ýaşaýşy, durmuşy dawa-jeñ, bimany zat edip goýýar. Sen nirede, nähili ýaşajakdygyñy kesgitläp bilersiñ: balarysy ýaly bolup, bagy-bossanlyklarda ㅡ sapaly durmuşdamyñ ýa-da siñek ýaly bolup zir-zibillerde ㅡ çüýrük düşünjeleriñ we ýaramaz duýgularyñ içindemiñ?!

Ikinji sapak

Ýerine ýetirmeseñem, ýüregiñde bir ýagşy niýet göter.
Niýet, kiçijik bir amaly bagta uzaýan basgançaga öwürýär. Bir ýazykly gyz köwşi bilen bir teşne ite suw içirendigi üçin uly sogaba eýe boldy. Bu ýönekeý amalyñ arkasynda päkize we beýik niýet bardy. Ynsa-jynsa rehim-şepagat etmegem ýagşy amaldyr. Dünýäde üç adamyñ söhbedi köp edilýändir. Söweşiji, alym we köp sadaka berýän adam. Emma edilýän beýik amallaryñ añyrsynda ýaramaz niýet ýatan bolsa, bar gazanan sogabyñ ahyry puç bolmagy ähtimal. Rowaýatlara görä, bir ýerde bu üçüsiniñ başy çatylypdyr. Özara gürrüñ edipdirler. Eden amllary üçin il-günden alan öwgüli sözleriniñ täsirine çümüp, uka batypdyrlar. Ukularynda üçüsi hem birmeñzeş manyly düýş görüpdir. Ylla diýersiñ, olary bir meýdana çykarypdyrlar. Ilki bilen janyny orta goýup söweşýän söweşijiden: ''Hany, sen aýt, geçen günleriñde, öten ömrüñde nähili amallar etdiñ?'' diýip sorapdyrlar. Ol: ''Gije-gündiz diýmän, hiç zatdan çekinmän, yza çekilmän, hak zadyñ hatyrasyna janymy orta goýup söweşdim'' diýip, söweşiji jogap beripdir. ''Sen ýalan sözleýärsiñ. Sen hak zat üçin söweşmediñ, diñe özüñe ''ökde söweşiji'' diýmekleri, özüni öwmekleri üçin söweşdiñ. Il-gün eýýäm saña ol sözleri diýdi. Indi ol amallaryñ üçin saña bu ýerde sogap-nesibe ýok. Jaýyñy başga ýerden gözle'' diýip, ony ol ýerden kowupdyrlar. Soñra alymdan: ''Hany, sen aýt, öten ömrüñde, geçen günleriñde nähili amallar etdiñ?'' diýip sorapdyrlar. ''Iññe bilen guýy gazyp diýen ýaly, ylym öwrendim. Öwrenen zadymam özgelere öwretdim. Kitaby elimden düşürmän, gije-gündiz okadym'' diýip, alym hem eden işlerini beýan edipdir. ''Sen ýalan sözleýärsiñ. Sen bu zatlary diñe özüñe ''ökde, ussat alym'' diýmekleri, özüñi öwmekleri üçin etdiñ. Il-gün saña eýýäm ol zatlary diýdi, seni ''Ökde'' diýip öwdüler. Ol amallaryñ üçin-ä bu ýerde saña ýüz berilmez. Ornuñy-jaýyñy başga ýerden gözle'' diýip, ony hem kowupdyrlar. Soñra gaýta-gaýta sadaka berýän adamdan sorapdyrlar: ''Hany, senem aýdyp otur, ol ýerde, öten ömrüñde nämelere meşgul bolduñ?'' diýipdirler. ''Men ýagşylyk etmegi, sadaka bermegi söýýän adam. Ýagşylyk edeniñe degýän ýerinde zadymy gysganmadym, elimi açdym, eçildim'' diýip, ol adam hem öz amallaryny ýañzydypdyr. ''Asla beýle däl. Sen ol işleri ýagşylyk bolsun, mätäjiñ göwni galkynsyn diýip etmediñ. ''Şu adam köp sadaka edýär, ýagşylyk edýär'' diýip, özüñi öwmekleri üçin etdiñ. Il-gün seni ol işleriñ üçin eýýäm öwdi. Ol amallaryñdan saña jinnek ýaly sogap gelmedi. Bu ýere eliñ boş geldiñ. Senem ornuñy, jaýyñy başga ýerden gözle'' diýip, ony-da başga ýere ugradypdyrlar.
Dogry, amallar, hereketler beden bilen ýerine ýetirilýär, niýet el-aýaga däl, ýürege dahylly zat, ýöne niýet bozulsa, ynsanyñ niýeti bozuk bolsa, el-aýagyñ edýän işleriniñ hem ahyry bozuk bolýar. Niýet ýagşy bolsa, hat-da ol şony amal etmese-de, ol niýet eýesine ummasyz haýyr-yhsan, sogap-sylag getirýär. Şeýle bir rowaýat bar: Musa Pygamberiñ zamanynda açlyk, gahatçylyk, gytçylyk ýüz beripdir. Pukara bendeleriñ biri belent dagyñ ýanyndan geçip barýan mahaly şoç daga nazar aýlap: ''Şu dag ýaly altynym bolsady, olaryñ ählisini sadaka bererdim, il-güne paýlardym'' diýipdir. Pukara bendäniñ bu sözi diýerine mähetdel, onuñ kalbyna ''Seniñ sadakañ kabul boldy'' diýen owaz dolupdyr.

Üçünji sapak

Araplaryñ gadymdan gelýän ýörgünli bir aýtgysy bar. ''Hemmeleriñ göwnüni tapmak mümkin däl''. Bu arap akyldarlarynyñ, danalarynyñ dilinden dökülen paýhas däbeleriniñ biri.
Hernäçe hoşamaý, eziz boluber, il içinde seni ýigrenen tapylar.
Hernäçe üstünlikli, işbaşarjañ boluber, gadryñy bilmejekler tapylar.
Hernäçe halal, arassa, tämiz boluber, arassalygyña güman bilen bakjaklar, ýersiz-ýere dil uzatjaklar tapylar.
Aýalyñ göwnüni tapmaga yhlas etseñ, saña ''goýun'' diýen tapylar.
Birine geçirimlilik etseñ, adyñ yzyna ''gorkak'' sözüni ýanajaklar tapylar.
Hakyñy talap edip dikleşseñ, haklydygyñy subut etmäge ymtylsañ, seni ''duşman, görip'' diýip, kabul etjekler tapylar.
Milli lybaslara bürenseñ, ''döwürden, modadan bihabar'' diýip, ýañsylajaklar tapylar.
Ýanýoldaşyñ bilen agzybir gopup ýörseñ, ''saly gowşak, erki ejiz'' diýjekler tapylar.
Dost ýanyna salama barsañ, ''bir bähbidi bardyr, ýogsam gatnamazdy'' diýjekler tapylar.
Bir mätäje ýardam etseñ, ''göz üçin edýär'' diýjekler tapylar.
Birini goramaga, arkasyny almaga çalyşsañ, ''ýaranjañlyk edýär'' diýjekler tapylar.
Galplyk bilen gyrp-çyrp etmeseñ, ''omaçany nädip iýmelisini bilenok-da'' diýjekler tapylar.
...Şonuñ üçin hem hemmeleriñ berjek bahasy seni gyzyklandyrmasyn. Sen öz etmeli ýagşy işleriñe turuwbaşdan giriş, yhlasly dowam et we kämil berjaý et.

Dördünji sapak

Owadan zatlar ýaşyrynlykda, pynhanlykda has-da owadan görünýär.
Ýagşy adamlardan dost maslahatyny gysganmaga, ýöne seresap bol, köpçülikde ýañzydylan nesihat onuñ ruhy dünýäsine agram salmasyn. Ýagşy ýoluñ ýörelgesini belent tut, ýöne ätiýaçly bol, märekäniñ öñünde berlen pent, bir kimsäniñ ýüregine ýara salmasyn. Kömege mätäç birine ýardam goluny uzatsañ, oña haýyr etseñ ol begener, emma hemmeleriñ göz öñünde şeýtmek ony utanç-gyjalata goýup, özüni müýnli duýmagyna sebäp bolup biler. Onsoñam, ýagşylygy ýaşyryn edip bolýan ýerinde, ony il arasynda, köpçüligiñ içinde aç-açan etmekden saklanyñ. Hiç kime bildirmän edilýän ýagşylygyñ mertebe-derejesi has beýikdir. Bu babatda abraý-nesibäñ üçinem birjik-de howatyrlanma. Ýagşylygyñ mukdary birnäçe esse bolup özüñe dolanar.
Pürlerini seçeläp ýörmese-de, hemmeler gülüñ hoşboý ysyna maýyldyr.
Howanyñ ýüzi gamaşyk bolsa-da, Güneşiñ çoguny duýup, şöhlesini görmek mümkidir.
Ýagyş belli biriniñ üstüne ýagýan däldir, emma ýürege salýan begenji, berekedi hemmelere mälimdir.
Derýalar dymyp akyp ýatandyr, ýöne onuñ akar suwy üçin hemmeler oña minnetdardyr.
Miwesini ýolýandyklary üçin daragtlardan üýn çykmaz, emma minnetsiz eçilýän miwesi üçin olar gowy görülýändir.
Diýmek, ýaşyryn edilýän ýagşylygyñ gadyry hem barybir bilinýändir.

(Dowamy bar)

Edhem Şarkawi
(Kus ibn Saide)

Arap dilinden terjime eden: Rahmet GYLYJOW

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir