Türkmen halky gadym wagtdan bäri maldarçylygy, şol sanda düýedarçylygy hem ýaşaýyş hajatlaryny üpjün edýän kesp-kär hasaplapdyr. Häzirki wagtda hem, türkmen sähralaryny düýesiz göz öňüne getirmek mümkin kyn.

Hakykatdan-da, uç-gyraksyz, aňňat-aňňat gum depeli türkmen ýaýlalarynda ösüp-örňäp ýören düýe malynyň belli bahasy ýok. Düýäniň diňe bir eti däl, eýsem süýdi we ondan taýýarlanýan çal, agaran gündelik iýmitlenişde yzygiderli ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtap aýdyşy ýaly, düýe süýdi we ondan alynýan çal, agaran diňe bir teşneligi gandyrman, eýsem keselleri bejermekde we olaryň öňüni almakda hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Düýäniň süýdi sygryň süýdünden peýdalydyr. Sebäbi onuň düzümunde ýokumly maddalar sygryň süýdi bilen deňeşdirilende birnäçe esse köpdür.

Düýe çalynyň düzüminde köp mukdarda ýaglar, uglewodlar, kalsiý, magniý we beýleli makro-mikroelementler, witaminler toplumy, dokumalarda täze öýjükleriň emele gelmegine hem-de bedendäki bolup geçýän madda çalşygynyň kadaly bolup geçmegine itergi berýän beloklar (albumin, globulin, kazein) jemlenendir. Çalyň düzümindäki Ç we D witaminleri bedende ýaglaryň alyş-çalşyny hem-de turşadyjy hadysany güýçlendirýär. Düýe çaly immunoglobulinlere hem baýdyr.

Düýäniň çaly ýürek-damar, dem alyş, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň näsazlyklarynyň we birnäçe ýokanç keselleriň bejergisiniň täsirini artdyrýar. Bu şypaly içgi bedeniň gyzgynyny peseldýär, kesel sebäpli tapdan düşen näsaglaryň saglygyny dikeltmäge ýardam edýär, immunitetini pugtalandyrýar. Düýe süýdi merkezi nerw ulgamyna oňyn täsir edýär. Ol ukyny kadalaşdyrýar, ýatkeşligi berkidýär, akyl zähmetine ukyby ýokarlandyrýar.

Düýe çalyny howanyň temperaturasyna, adamyň ýaşyna we saglyk ýagdaýyna baglylykda bir günüň dowamynda bir litre çenli mukdarda içmek mümkindir. Lukmanlar dem alyş ýollarynyň we aşgazan-içege ulgamynyň kesellerinde ýaňy saglan düýe süýdüniň bir stakanyny içmegi maslahat berýärler. Yzygiderli çal içýän adamyň işdäsi hem-de şähdi açyk bolýar. Ylaýta-da, mineral duzlaryň we ýokumly maddalaryň köp ýitirilýän döwri bolan tomus paslynda düýe çalyny içmek peýdalydyr. Ol yssy howada der bilen ýitirilýän witaminlerdir makro-mikroelementleriň öwezini dolýar.

Düýäniň diňe bir eti däl, eýsem ýüňi hem peýdalydyr. Ondan gyşda ygal, tomusda Gün şöhlesini geçirmeýän agar çäkmen, biliňe kuwwat berýän guşak we mukaddes saçak dokalýar. Munuň özi düýe malynyň yrýa zadynyň ýokdugynyň kepilidir.

Çeşme: “Saglyk” žurnaly, Mart-Aprel,

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir