1)«Naharlanmazdan öň limonly suw içmek horlanmagymyza peýda berýär».
Ýalňyş: Limonly suw biziň horlanmagymyza täsirini ýetirmeýär. Tersine ol aşgazan agyrysyndan ejir çekýän adamlar üçin zyýanlydyr.

2)«Agşam sagat 18-den soň iýilen nahar biziň semremegimize sebäp bolýar»
Ýalňyş: Agşam gündizkilere görä biraz ýeňil zatlar bilen iýmitlenmek gije rahat ýatyp bilmegimiz üçin iň esasy zerurlyklaryň biridir. Çünki gije gündizkä görä hereketimiziň azlygy sebäpli, iýenimizi siňdirmek kyn bolup biler. Gündizki sarp eden energiýamyz bizi agşamky iýen zatlarymyz sebäpli semremekden saklaýar. Sebäbi biz şol energiýanyň öwezini dolmak üçin iýip-içýäris ahbetin!

3)«Etdir ysmanak bilen birlikde gatyk içmek zyýanlydyr».
Ýalňyş: Bu ynanjyň düýp sebäbi demir bilen kalsiniň biri-birine täsirinden gelip çykýar. Ýöne demire we kalsiýe baý bolan bu azyk önümleri bile iýlende-de biri-birine o diýen täsir etmeýär. Diňe düzüminde demir ýa-da kalsiý bolan derman serişdelerinden peýdalanýan adamlara etdir ysmanagy gatyk bilen garyp iýmezlik maslahat berilýär.

4)«Çöregi ikinji ýola gyzdyryp iýmek, onuň düzümindäki witaminleri azaldýar».
Ýalňyş: Çörek hiç haçan ikinji gezek gyzdyrylmasy bilen düzümindäki witaminleri ýitirmeýär.

5)«Holesterin keseli bilen kesellänler et iýmeli däl».
Ýalňyş: Tersine etiň düzüminde B12 witamininiň bardygy üçin bu kesel bilen kesellänlere et iýmek maslahat berilýär. Ýokarky garaýyşda eti iýmegiň düzgünleri we mukdary aýdyljak bolan bolmaly. Çünki holesterin keselli adamlara eti hepdede 2 gezejik, ol hem 90 gramdan geçmeýän möçberde iýmek maslahat berilýär.

Bilim, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir