Donuň içinde bolmanyma şükür edýärin

Ependiniň öýüniň öňünde bir bakjasy bar eken. Günlerde bir gün aýaly kir ýuwup, Ependiniň donuny bakjanyň içinde ýüpe seripdir. Ependi mundan bihabar eken. Ependi gije garaňkyda görse, bir adam bakjada ellerini serip durmuş. Ependi aýalyna:
– Eý, keýwany! Tiz bol, okumy-ýaýymy getir. Bakjamyza bir ogry giripdir –
diýipdir. Aýaly derrew Ependiniň ok-ýaýyny onuň eline tutdurypdyr. Ependi ok-ýaýyny eline alyp nyşanalap, atyp goýberipdir. Atylan ok «ogrynyň» edil garnyndan degipdir.
Ependi hondanbärsi bolup:
– Ine, biziň bilen oýun etseň, şeýle bolar – diýipdir. Ertesi ir bilen Ependi bakja baryp görse, agşamky ogrudyr öýdüp atany öz dony eken. Ependi muny gören badyna maňlaýyny ýere urup:
– Eý, Alla, seniň rehimdarlygyňa şükür! – diýip, doga okamaga başlapdyr. Aýaly haýran galyp:
– Sen näme beýle şükür edip, yzyny üzmän, doga okaýarsyň? – diýip soranda, Ependi:
– Donuň içinde özümiň bolmanyma şükür edýärin – diýip jogap beripdir.

Çaýhanada

(degişme)

Bir gün bir ýaşuly gezim edip ýörkä, gözi çaýhananyň işiginde asylyp goýlan kagyza düşüpdir. Ol kagyzda: «Islän çaýhanamyza girsin, islän zadyny alsyn, iýsin. Ol adamdan hiç hili pul alynmaz, onuň agtygyndan alnar» diýen ýazgy bar eken.

Ýaşuly bu haty okap, öz ýanyndan: «Men-ä bir sallah adam. Oglumam ýok, gyzymam ýok, agtygymam. Gel, bir gowy edip garnymy doýraýyn-la!» diýip pikirlenipdir. Çaýhana girip, iýibilen zadyny iýipdir. Ýaşuly iýip-içip bolupdyram welin öňüne şolaryň hemmesiniň tölegini ýazyp getiripdirler.

Ýaşuly gapydaky ýazgyny görkezip: «Ho-o ýere serediň! Özüňiz bildiriş asypsyňyz-a. Siz puly menden däl-de, agtygymdan almaly ahyry!» diýipdir. Çaýhananyň işgärleri oňa: «Hawa, bildirişimiz ýalan däl. Ýöne biz siziň iýen naharlaryňyzyň puluny soramzok. Ol puly siziň agtygyňyz tölär. Biziň aljak bolýan pulumyz siziň ataňyzyň bergileri. Olam bir gün gelip, edil siziňki ýaly nahar iýip gidipdi» diýip jogap beripdirler-de, tölegi töledipdirler.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir