Gijeki ahwal

Iñrik garalyp, garañky gatlyşyp, uzakly gün öz ýiti şöhlesini bu giñ äleme saçyp surnugan Günem, bireýýäm batypdyr. A men bolsa, senli ýatlamalaryma çümüp oturşyma, garañkynyñ nädip düşenini-de bilmän galypdyryn. Penjireden daşary seretsem, Asman ýyldyzlarynyñ ýüzüni gara bulutlar tutupdyr, ýalñyz Aý bolsa, gara bulutlar tutupdyr, ýalñyz Aý bolsa, gara bulutlaryñ astyndaky tümlükden çykjak-çykjak bolýan ýaly şöhlesini has-da ýiti saçýardy. Bu ahwal meniñ senli ýatlamalardan çykyp bilmän oturyşuma meñzeýär. Birdenem Aýyñ ýagtylanan ýüzünde men seniñ näzik keşbiñi özüne çekiji, mähriban gözleriñi gördüm. Bu täsin pursady synlaýarkam şu setirler zybanymdan duýdansyz çykyp gidiberdi:

Asmanda ýyldyz ýok, diñe ýalñyz Aý,
Uzaklardan maña syrly bakyp dur.
Paýlaşasy gelýän ýaly derdimi,
Şöhlesini has-da ýiti saçyp dur.

Şu pursat uzakda bolsañ-da menden,
Aýyñ jemalynda men seni görýän.
Men seni her ýerde görýän, ezizim.
Sebäbi men seni ýürekden söýýän!

Batyrmuhammet Orazow

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir