Watikan däl-de Lateran

Häzirki wagtda bize belli bolan Watikan şäheriniñ ýerleşen ýeri ýer ýüzündäki ''Tañry şäheri'' statusyny göterýär.
Şonuñ üçinem Watikan ''Keramatly şäher'' hasap edilýär.
Tañry şäheri Watikan şol bir wagtyñ özünde bir ''Döwleti'' esaslandyran şäherden ybarat. Watikan ýer ýüzündäki (hristiýanlygyñ ㅡ terjimeçiniñ belligi.) ýeketäk Tañry şäheri we döwletidir.
Watikan başga-da ''Tañry döwleti'' teokrasiýasy ýokdur, ýöne ol integem keramatly hasaplanylýan birnäçe şäherler bardyr. (Meselem: Kuddus, Kom, Hindileriñ we Şintoisleriñ keramatly şäherleri ýaly). Watikanyñ häzirki statusy 1870-nji ýylda Italiýada ýerleşen Papa döwletleriniñ, Italýan halk respublikasynyñ gurulmagy esasynda döredilipdir. Ýöne weli ol Faşist diktator Missolini bilen Watikanyñ Daşary işler Ministri Kardinal Gaspari arasynda 1926-njy ýylyñ 26-njy Oktýabrynda baglaşylan şertnama gol çeken ''Concordat'' (Mukavele) bilen yzyna alynypdyr. Şeýlelik bilen Watikan Italiýada ''döwlet içinde döwlet statusy edinipdir.
Ýene bir bellemeli zatlaryñ biri hem Watikan Italýa döwletiniñ hemme işlerinden peýdalanýar. Ýöne özüniñ baýdagyna we häkimligine eýe bolan döwletdir. Watikan ady hriatiýanlygyñ ilkinji 1350-nji ýyllarynda hiç hili ýatlanylmandyr.
Sebäbi 1267-nji ýyla çenli turuwbaşdan keramatly saýylan hiç ýer ýokdy. Şol döwre çenli Papalar Watikanda däl-de Lateran diýlip atlandyrylýan ýerde oturýardylar.
Papalar 1000 ýyllap şol ýerde dinleriniñ katolik älemini dolandyrýardylar. XIV asyrda papalar Fransiýanyñ häzirki (treatries) gözelligi bilen tanalan Awignon şäherinde ýaşaýardylar. Olar hristiýanlygyñ iñ çekeleşikli meseleleri gozgap biljek papalarydyrlar. Fransuz karollary tarapyndan goralyp saklanylýan bu papalar XIII we XIV asyrlarda öz ýollaryny döretmäge başlapdyrlar. Papalaryñ Watikana geçişleri 1377-nji ýylda Awignondanky papalaryñ dargamagyndan soñ bolup geçipdir.
Şol sebäpdenem ''Lateran buthana kararlary'' hemişe Watikanyñ kada-kanunlarynyñ esasyny goýupdyr.
Häzirki wagtda bolsa Watikanyñ täsiri bilen ýene Lateran gürrüñleri (treatries) dowam edýär.

Aýtunç Altyndalyñ ''Bilinmeýän Watikan'' atly kitabyndan terjime edildi.
Taýýarlan: Jeksparro

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir