Adagan han

Adagan han (Adagyn han) Türk-türkmen we Altaý mifologiýasynda Daglaryñ tañrysy bolupdyr. Atagan han we Adahan han hem diýilýär eken. Daglary we onuñ üstünde ýaşaýanlary gorap saklaýar.
Aýratynam daglardaky at we sygyr sürülerini gorap saklaýar. Bu ýerlerdäki jandarlara zyýan berenlere gahar eder ekenler.
Gadymy wagtlarda oña Pataghan hem diýipdirler. Goraýan zatlaryny gabanyp-gysganýandygy hakda aýdylýar[1].
Etimologiýasy:
(Ad/ At) kökünden döräpdir. Ad we At sözleri bilen we Adamak sözi bilen baglanyşykly. Ata sözi bilen baglanyşykly bolmagam mümkim. Atagham sözi mongolça gysganç, gabanjañ diýen manyny berýär[2].
Ýatagan atly gylyç bar bolup onuñ başgaça aýdylşy Atagandyr. Şol sebäplem bu iki sözüñ aslynyñ bir bolmagy mümkin.

Çeşme:

1. Türk Söylence Sözlüğü, Deniz Karakurt, Türkiye, 2011, (OTRS: CC BY-SA 3.0) (türkçe)

2. Mongolian Dictionary, Andras Rajki ("ataa") (Iñlisçe)

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir