Bir patyşa täze Nusaýy saldyrýarka, işe ýekeje pursat gijä galany diriligine palçygyň arasyna oklap, üstündenem palçygy guýduryberýän ekeni. Şeýle zalym ekeni, şeýle bir zulumdar ekeni.

Günlerde bir gün, Gurban nähilidir bir sebäp bilen işe gijä galyp baraýmazmy! Atly aýlanyp ýören patyşa biçäräni ýanyna çagyrypdyr-da:

— Gijä galanlary nädýändigimi bilmeýärmiň? — diýip, gala tarap gamçysyny uzadypdyr.

Ýazykly Gurban gaýtargy berip bilmän, ýuwdunyp durmuş. Patyşa at üstünden gamçysy bilen guluň ýalaňaç ýagyrnysyna yzly-yzyna saýgylap:

— Senden soralýar! Gijä galanlary nädýändigimi bilmeýärmiň? — diýip, gamçyny şol eňterip durmuşyn.

Gurban näçe mert durjak bolsa-da iki elini gamçynyň öňüne tutanyny duýman galypdyr. Indi ol gyzyp duran kebzesini gaşap, näme bolsa şol bolsuna urupdyr.

— Bilýän. Gowy bilýän! — diýipdir.

Onda patyşa dergazap bolup:

— Bilýän bolsaň näme üçin işe gijä galdyň? Häziriň özünde seni laýyň içine ataryn — diýipdir.

Gurban biçäre patyşa ýüzlenip:

— «Almany ýokary zyň, ýere gaçýança ýa pelek!» diýipdirler, ygtyýar sizde, bizem guluňyz — diýipdir.

Onda patyşa:

— Biderek samahyllamany hem öwrendim diýsene. Heý, ýasawullar! Hany tizden tiz almany getiriň, bu hyzmatkär Gurbanyň diýeniniň ýalandygyny gözüne görkezeýin — diýipdir.

Ýasawullar derrew bir sebet akly-gyzylly almany getirip, patyşanyň dergähinde goýupdyrlar.

Tylla-kümüş esbabyny jugurdadyp, başyny silkeläp, oýnaklap duran bedewiň üstünde oturan patyşa egilip, bir ullakan, ýalkym saçyp duran gyzyl almany alypdyr-da, ýokary zyňyp:

— Ine, alma pelege sary gitdi — diýip, tiňkesini asmana dikipdir.

Zyňylan alma aşak gelýärkä, patyşanyň atynyň çat maňlaýyna degipdir. Duýdansyz zarba zähresi ýarylan çus bedew ürküp, çarpaýa galýar-da, öňe bir towusýar. Beýle zada garaşman oturan patyşa patlap ýere gaçypdyr. Onuň kellesi dagyň gara daşyna degip, tapba jany çykypdyr.



* * *



Isgenderiň «aldy-aldysy» bir aý öňüňden, «geldi-geldisi» iki hepde öňüňden eşidiler eken. «Geldi-geldisini» eşiden handyr patyşa bada-bat akyldarlaryny, emeldarlaryny köşge ýygnap, maslahat geçirer eken.

Hökümdarlar ilki-ilkiler Isgender bilen söweşipdirler. Ýigitler her daban ýer üçin janyny orta goýupdyrlar. Meýit meýde çaknyşyp, depeler döräpdir, suw ýerine gan akypdyr. Her gezek, Alla tarapyn Isgender söweşde üstün çykypdyr. Basyp alan ýerini dine salyp, beýleki ýurtlary basyp almaga ýöriş edipdir.

Onuň batyrlygy, edermenligi, akyl-paýhasy, keramatlydygy hakda rowaýatlar aýdylyp çar tarapa ýaýrapdyr. Men-men diýen hökümdarlar Isgenderiň öňünde baş egipdirler. Ahyry hökümdarlar pida çekmezligiň tärini tapypdyrlar. «Isgender pylan ýurdy alypdyr» diýenden halta-halta gyzyl-kümüşleri, gymmatbaha zer matalary alyp, bir günlük ýolda goýupdyrlar. Al-elwan geýimli gyzlary, syrdam atly ýigitleri hödürläpdirler. Ýurduň patyşasy wezir-wekilleri, gojalar bilen Isgenderi garşylap, sowgatlary, gyzlary, ýigitleri, atlary peşgeş berer eken.

Isgender atdan düşmän, hatar-hatar haltadaky gyzyl-kümüşi, owadan gyzlary, edermen ýigitleri, gamyş gulak, ýyndam bedewleri, nurana gojalary görüp, göwni hoş ýagdaýda ýurduň adalatly patyşasyny sorar eken. Patyşa tagzym bilen ýurdunyň adyny we öz adyny aýdar eken. Isgender atda oturan ýerinde:

— Sen şalygyňy ediber — diýip, esgerleriniň birini patyşa görkezip:

— Şu pajyňy ýygnar. Sowgadyňa eýeçilik eder — diýip, galanyň daşyny aýlanyp geçip gider eken.

Günlerde bir gün «Isgender patyşa Sarahsy alypdyr» diýen habar Nusaýa ýaýrapdyr. Ertesi «Isgender patyşa Abywerdi alypdyr» diýen habar gelipdir.

Nusaýyň pähimli dana patyşasy bar eken. Ol Isgenderli gürrüňi akyl eleginde eläp, emeldarlaryny, wezir-wekillerini, dana gojalary köşgüne çagyrypdyr:

— Isgender aňyrsy birki günden Nusaýa geler. Heniz bu patyşanyň ýeňlen ýeri ýok. Alla Isgender tarapynda, ol alan ýurduny dine salyp gelýärmiş. Nusaý uly ýurt. Nätsek gowy bolar?! — diýip, patyşa dana kişilere ýüzlenipdir.

Oturanlaryň bir topary:

— Nusaý güýçli ýurt, batyr ýigitlerimiz bar. Olar nijeme söweşde Nusaýy duşmandan halas etdi, il-ýurduň namysyny gorady. Isgender güýçli bolsa, biz hem peslärli däl. Henize çenli ýeňlen ýerimiz ýok. Söweşeliň, belki ýeňeris — diýipdir.

— Uruş pidasyz bolmaz. Iliň edişi ýaly, altyn-kümüş ýygnap, gyzlarymyzy, ýigitlerimizi sowgat berip, janymyzy aman saklalyň — diýip, beýleki topar öz teklibini orta atypdyr.

Jedel uzaga çekipdir. Her kim bir zat diýipdir. Maslahatyň arasynda ýaşy togsany sermäp barýan bir goja bar eken. Ol ertirden bäri gürrüňe goşulman, bir çetde aýdylanlary akyl eleginden geçirip otyr eken. Ol ahyry hiç kimiň oýlanmadyk teklibini orta atypdyr:

— Patyşam, aýdylan teklipler erbet däl. Urşulsa, iki tarap hem egsik däl, köp gan döküljek. Altyn-kümüş, ýigit-gyz hödürlesek, namysa galarys. Patyşam, men şeýle teklibi aýdasym gelýär. Ertir irden şäherde hiç kim galmasyn, halaýyk daga-daşa, çöle siňip gitsin. Bir özüm Nusaýy Isgenderden halas edeýin — diýipdir.

— Sen dünýäni alyp gelýän Isgenderi nädip ýeňjek? — diýip, patyşa gojanyň aýdanyna geň galypdyr.

Dana goja:

— Patyşam, ony size aýtsam «Tamda gulak bar» diýenleri bolar, älem eşider. Isgenderem siziň ýaly dana patyşadyr — diýipdir.

Ýarygije patyşanyň permany bilen Nusaý boşap, gugaryp galypdyr. Aýagy ýer tutýan raýat daga-daşa, çöle siňip gidipdir.

Nusaýda ýeke özi galan dana goja Gün derek boýy galanda galadan çykyp, Isgenderiň geljek ýolunyň ugruna Güne garap oturyberipdir.

Isgender Nusaýyň howalasyny, şan-şöhratyny, edermen halkynyň söweşlerde görkezen gahrymançylygyny eşidip: «Nusaý näderkä, uruşarmyka, mal-dünýä berermikä?» diýip, leşgerlerini söweşe taýýarlap gelýär eken. Änewden geçipdir. Ne leşger bar, ne-de altyn-kümüş, hiç zat ýokmuş. Uzakdan Nusaýyň sudury göze ilipdir. Daş-töwerekde iňlär siňek ýokmuş. Isgender ömründe geň ýagdaýa düşüpdir. Şeýle uly şäherli patyşalykda iňlär siňegiň ýoklugy ony iňkise goýupdyr. Leşgerbaşyny çagyryp, leşgerleri saklapdyr. Diňçileri ugradypdyrlar. Az salymda olar Nusaýda janly-jandaryň ýokdugyny, diňe bir garrynyň galadan çykyp oturandygyny aýdypdyrlar.

Isgenderde müň leşgeriň güýji bar eken. Ol bu habary eşidenden garra tarap at salypdyr. Özüne göwni ýetýän patyşa aty bilen geläge-de garrynyň öňünde Güne böwet bolup duruberipdir. Isgenderde müň akyldaryň akylam jemlenenmiş. Ol garrynyň ýönelige galadan çykyp oturmandygyny bada-bat aňyp:

— Eý garry, men ýüzlerçe ýurdy aldym. Men-men diýen patyşalar maňa boýun sundy, paç berdi. Ýöne ömrümde seniň ýaly ýeke garryny çykaran ýurda duş gelmedim. Mertlik menden galsyn, aýt dilegiňi — diýipdir.

— Eý jahan patyşasy, meniň artykmaç dilegim ýok. Men häzir Güne çoýunyp otyryn. Bir dilegim, Günüň öňünden aýrylsaň bolýar — diýipdir.

Garrydan bu sözi eşiden Isgender garryň aýdan sözüne düşünip, yzyna gaýdypdyr-da, goşunyna Nusaýyň daşyndan aýlanyp geçmäge perman beripdir.

Leşgerbaşy Isgenderiň Nusaýdan aýlanyp geçmeginiň sebäbini soramaga ejap edipdir. Emma danalaryň danasy Aristotel Isgender Jahangirden bu wakanyň sebäbini sorapdyr. Isgender Aristotele şeýle diýipdir:

— Aristotel, men ömrümde senden soň ikinji dana kişä duşdum. Ol ýeke söz bilen ýurduny, halkyny, ar-namysyny halas etdi.

Onda Aristotel:

— Patyşam, men düşünmedim. Ol nähili Nusaýy halas etdi? — diýip sorapdyr.

Isgender munuň sebäbini şeýle düşündiripdir:

— Garrynyň Nusaýdan sesýetim arada ýöne ýere oturmandygyny aňdym-da: «Dilegiňi aýt» diýdim. Ol: «Bir dilegim bar. Güne çoýunyp otyryn, öňümden aýryl» diýdi. Men bada-bat onuň: «Eý Isgender, sen dünýäni alyp, güne perde bolup bilmersiň» diýenini aňyp, yzyma dolandym. Nusaýdan şonuň üçin aýlanyp geçdim — diýipdir.

Isgender geçip gidenden soň, dana goja Nusaý ilatyny gala çagyrypdyr. Nusaýy ýeke özi halas eden bu dana goja ýüz töweregi ýaşap dünýäden ötüpdir. Onuň Nusaýy Isgenderden halas edişi baradaky gürrüňler rowaýata öwrülip, nesilden nesle geçipdir.

Çeşme: Türkmen galalary hakynda rowaýatlar. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir