Mek­dep sa­pak­la­ry­nyň tamamlanýan pur­sa­tyn­dan baş­ga wagt De­mir­ga­zyk Riç­mond kö­çe­si üm­sümlikdi. Kö­çä­niň gu­tar­ýan ýe­rin­de, öz goň­şu­la­ryn­dan bir­ne­me uzak­da­ky meý­dan­ça­da iki gat­ly boş jaý bar­dy. Öz için­dä­ki sa­pa­ly dur­mu­şy­na buý­san­ýan beý­le­ki öý­ler bolsa, gy­zy­lym­tyl-go­ňur, pa­ra­hat durky bi­len bi­ri-bi­ri­ne ba­ky­şyp dur­dy­lar.
Bi­ziň öýü­mi­ziň ozal­ky eýesi bo­lan keşiş iç­ki myh­man ja­ýyn­da ýa­şan eke­ni. Uzak wagt­lap ýa­pyk du­ran­ly­gy üçin äh­li otag­la­ryň ho­wa­sy dy­myl­jyk­dy, aş­ha­na­nyň gap­da­lyn­da­ky na­har iýil­ýän otag­da ge­rek­me­jek kö­ne ka­gyz­lar dar­ga­şyp ýa­tyr­dy. Men ola­ryň ara­syn­dan sa­hy­pa­la­ry çyg çe­kip, ýyg­ry­lan ka­gyz sa­hap­ly bir­nä­çe ki­tap tap­dym: olar Wal­ter Skot­tuň “Ab­bat”, “Wi­do­ka­nyň ýat­la­ma­la­ry” ýa­ly eser­le­ri eken. Ma­ňa sa­hy­pa­la­ry sa­ra­lyp gi­den soň­ky ki­tap has-da ýa­ra­dy. Öýü­mi­ziň ar­ka­syn­da­ky ideg edil­me­ýän bag­da ýe­ke-täk al­ma aga­jy ösüp otyr­dy, tö­we­re­gin­de bol­sa, biri-birine çyrmaşyp gi­den bir­nä­çe agaç bar­dy. Men ola­ryň bi­ri­niň düý­bün­den ozal­ky öý eýesiniň pos­lap gi­den we­lo­si­ped na­so­sy­ny tap­dym. Ol re­him-şe­pa­gat­ly ke­şiş­di, ölen­den soň äh­li pul­la­ry­ny ha­ýyr-sa­ha­wat eda­ra­sy­na, öýü­niň goş­la­ry­ny bol­sa, aýal do­ga­ny­na mi­ras gal­dy­ryp­dy.
Gy­şyň bir tu­tam gün­le­ri bo­lan­soň, şam­ly­gy­my­zy he­niz oň­ly iýip ýe­tiş­män­käk, iň­rik ga­ra­lyp ug­ra­dy. Biz kö­çä çy­ka­ny­myz­da, öý­ler tüm ga­raň­ky­ly­ga bü­re­nip­di. As­man gi­ňiş­li­gi he­mi­şe üýt­gäp du­ran be­new­şe reň­ke gi­rip­di, kö­çä­niň çy­ra­la­ry öçüg­si ýag­ty­lyk ber­ýär­di. So­wuk ho­wa en­da­my­ňy jüm­şül­ded­ýär­di. Biz gy­zyş­ýan­çak oý­na­dyk. Gy­ky­ly­gy­myz bu üm­süm kö­çe­de bat­ly ýaň­lan­ýar­dy. Oýun bi­zi ga­raň­ky ge­çel­ge­ler bi­len öý­le­riň ýeň­se­si­ne ge­tir­di, biz ol ýer­dä­ki kül­be­ler­de ýa­şa­ýan­la­ryň gö­dek­si da­raş­ma­la­ry­na se­ze­war bol­duk. Şol ýerde paý­tun­çy teb­le­ha­na­da­ky aty­ny ga­şaw bi­len aras­sa­lap dur­ka, be­de­wiň zy­nat­ly es­bap­la­ry­nyň ne­ga­da saz­la­şyk­ly jyň­ňyr­dy­sy eşi­dil­ýär­di. Biz kö­çä do­la­nyp ge­le­ni­miz­de, aş­ha­na pen­ji­re­le­ri­niň ýag­ty­ly­gy eý­ýäm köçäni dol­du­ryp­dy. Eger-de, da­ýym öw­rüm­de ga­ra ber­se, sag-sa­la­mat öýe gir­ýän­çä ga­raň­ky­ly­ga du­wlan­ýar­dyk. Bir­den­kä Men­ga­nyň uýa­sy do­ga­ny­ny ça­ýa ça­gyr­mak üçin bo­sa­ga çy­kaý­sa, ala­ga­raň­ky­ly­ga bu­ku­lyp, onuň kö­çä­ni baş­dan-aýak üns be­rip syn­laý­şy­na to­ma­şa ed­ýär­dik. Biz onuň bo­sa­ga­da­ky bas­gan­çak­da du­ra­ry­na ýa-da öýe gi­re­ri­ne ga­raş­ýar­dyk, eger-de şol ýer­de sak­lan­sa, öz tüm­lü­gi­miz­den çy­kyp, ses­siz-üýn­süz Men­ga­nyň öý­le­ri­ne ba­kan ýö­ne­ler­dik. Ol bi­ze ga­ra­şar du­rar­dy, onuň su­du­ry­ny ýa­rym açyk ga­py­nyň ýag­ty­ly­gy­na saý­ga­ryp bol­ýar­dy. Do­ga­ny oňa gu­lak as­man, he­mi­şe ga­ha­ry­ny ge­tir­ýär­di, men oňa se­re­dip, bosagadaky basgançagyň gap­da­lyn­da dur­ýar­dym. Köý­ne­gi be­de­ni­niň he­re­ke­ti­ne tol­kun at­ýar­dy, my­my­jak sa­çy­nyň örü­mi bol­sa, bir eg­ni­ne aty­lan­dy.
Men her gün ir­den myh­man ota­gyn­dan ola­ryň öý­le­ri­niň işi­gi­ne ga­ra­ýar­dym. Pen­ji­rä­niň ete­gi­ne per­dä­niň ýe­ter-ýet­mez edilip çe­ki­len­li­gi ze­rar­ly, kö­çe­den gö­rün­me­ýär­dim. Gyz bo­sa­ga çy­kan­dan, ýü­re­gim gür­sül­däp ug­ra­dy. Men daşky otaga aty­lyp çyk­dym, ki­tap­la­ry­my al­dym-da, yzyn­dan ýö­räp ug­ra­dym. Men he­mi­şe onuň go­ňur ge­ýim­li sy­ra­ty­ny göz­den syp­dyr­ma­ýar­dym. Biz ýo­lu­my­zyň aý­ra düş­ýän öw­rü­mi­ne ba­ryp ýe­te­ni­miz­de, ädim­le­ri­mi ýyg­jam­lat­dym-da on­dan ozup geç­dim. Şeý­le ýagdaý tas her gün di­ýen ýa­ly gaý­ta­lan­ýar­dy. Men tö­tän­den ke­lam agyz bo­laý­ma­sa, onuň bi­len hiç ma­hal gür­leş­män­dim. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, onuň ady me­niň aşyk kal­bym­da aý­dym bo­lup ýaň­lan­ýar­dy.
Onuň keş­bi hat-da söý­gi bi­len has çap­raz gel­ýän ýer­ler­de-de ýa­ra­nym­dy. Şen­be ag­şa­my daý­zam ba­za­ra gi­den­de, my­da­ma onuň tor­ba­la­ry­ny gö­te­riş­ýär­dim. Biz giň ba­za­ryň içi bi­len bar­ýar­kak, söw­da bi­len ber-ba­şa­gaý bolýan aýal­la­ra ga­bat gel­dik, ola­ryň gal­ma­gal­la­ry­nyň, içi­ne et sal­nan çe­lek­le­riň gap­da­lyn­da äti­ýaç­ly du­ran sa­ty­jy­la­ryň şaň­ňy ses­le­ri­niň hem-de kö­çe aý­dym­çy­la­ry­nyň hiň­len­ýän ses­le­ri­niň için­den ge­çip git­dik. Bu şa­ga­laň me­ni dur­muş hak­da ýe­ke-täk duý­ga atar­dy; men yşkyň pyýalasyny bir­gi­den mä­hel­lä­niň için­den sag-aman ge­çir­dim di­ýip oý­la­dym. Onuň ady me­niň özü­mi­ňem dü­şün­me­ýän tä­sin do­ga-di­leg­le­rim­de zy­ba­nym­dan sy­zyp baş­la­dy. Kä­te ýü­re­gim­den gaýd­ýan sil­ler gur­sa­gy­my ýa­ra­ra ge­tir­ýär­di. Men bu işiň so­ňu­nyň nä­hi­li ta­mam­lan­ja­gy ba­ra­da pi­kir et­me­ýär­dim. Onuň bi­len bir gün gür­le­şip bil­je­gi­me in­çe­jik umy­dym bar­dy. Eger-de gür­le­şäý­sem, öz gar­ja­şyk söý­gi­mi nä­dip duý­du­rar­kam? Me­niň be­de­nim ar­fa ýa­ly bol­sa, onuň söz­le­ri­dir he­re­ket­le­ri tar­la­ry­myň üs­tün­de ýü­wür­ýän bar­mak­lar my­sa­ly­dy.
Bir gi­je ke­şi­şiň ýa­şan şol myh­man ja­ýy­na gir­dim. Ga­raň­ky, ýa­gyş­ly gi­je­di, öý­de ses-üýn ýok­dy. Men pen­ji­re­le­riň döw­len aý­na­sy­nyň bi­rin­den ýag­şyň ze­mi­ne düş­ýän şy­byr­dy­sy­ny eşit­dim, tü­ke­nik­siz ow­nuk iň­ňe­pi­sint dam­ja­lar ezi­len jo­ýa­lar­da to­wus­ýar­dy­lar. Duý­gu­la­ry­myň äh­li­si özü­ni buk­ma­ga me­ýil­li ýa­ly­dy, olar­dan sy­pyp gaç­mak­çy ýa­ly, el­le­ri­miň aýa­sy­ny tä saň­ňyl­da­ýan­ça bi­ri-bi­ri­ne gy­syp, öz ýa­nym­dan bir­nä­çe ge­zek onuň ady­ny tu­tup py­şyr­da­dym.
Ol ahy­ry bir gün ma­ňa ha­bar gat­dy. Ha­çan-da, ol ma­ňa il­kin­ji söz bi­len ýüz­le­nen­de, şeý­le bir al­jy­raň­ňy­ly­ga düş­düm we­lin, nä­me jo­gap ber­je­gi­mem bil­me­dim. Ol men­den Ara­bi­ýa1 ba­za­ry­na gi­dip-git­män­li­gi­mi so­ra­dy. Me­niň oňa “ha­wa” ýa-da “ýok” di­ýip, jo­gap be­re­ni­mem ýa­dy­ma dü­şe­nok.
– Ju­da üýt­ge­şik ba­zar – di­ýip, ol dil­len­di. Ol özü­niň ba­za­ra ba­ryp gö­re­si­niň gel­ýän­di­gi­ni syz­dyr­dy.
– Özüň nä­me üçin gi­deň­ok? – di­ýip, men on­dan so­ra­dym. Ol gür­le­ýär­kä go­şa­ryn­da­ky kü­müş bi­le­zi­gi­ni üz­nük­siz pyr­lap dur­şu­na, bu hep­de ders­le­ri­niň kän­di­gi se­bäp­li gi­dip bil­me­ýän­di­gi­ni ýaň­zyt­dy. Onuň iki og­lan do­ga­ny pa­pa­gyň üs­tün­de çe­ke­leş­ýär­kä, men bo­sa­ga­da­ky bas­gan­ça­gyň gap­da­lyn­da dur­dym. Ol ger­me­jiň de­mir­le­ri­niň bi­rin­den ýa­py­şyp, kel­le­si­ni ma­ňa ta­rap egip dur­dy. Ga­py­my­zyň öňün­dä­ki çy­ra­nyň ýag­ty­sy onuň ap-ak boý­nu­na, eg­nin­den aşak dü­şüp du­ran zülp­le­ri­ne, ger­me­jiň üs­tün­dä­ki el­le­ri­ne düş­ýär­di. Yşyk gy­zyň bir ta­ra­py­ny, köý­ne­gi­niň ak­ja keş­de­li jä­he­gi­ni ýag­tylt­ýar­dy. Ol ma­ňa:
– Şo ba­za­ry se­nem ha­lar­syň – diý­di.
– Eger men gi­däý­sem, sa­ňa-da bir zat­lar ge­ti­re­rin – diý­dim.
Şol gi­je­den soň, bir­gi­den oý­lan­ma­lar pi­kir­le­ri­miň ba­ry­ny bu­laş­dyr­dy. Men iri­ze­gen, ýü­re­ge­düş­günç küý­ler­den sap­lan­ma­ga ça­lyş­ýar­dym. Gi­je­le­ri­ne ota­gym­da, gün­diz­le­ri­ne sa­pak­da, onuň keş­bi beý­ni­me ag­ram sa­lyp, oka­ýan sa­hy­pa­myň ara­syn­da per­de bol­ýar­dy. “Ara­bi­ýa” sö­zü­niň bo­gun­la­ry ru­hum­da­ky üm­süm­li­giň jüm­mü­şin­den eşi­dil­di, me­ni maş­ry­gyň ow­su­ny bi­len özü­ne ýe­sir et­di. Men şen­be gü­ni ba­za­ra git­mä­ge rug­sat so­ra­dym. Daý­zam ju­da ge­ňir­ge­nip, mu­nuň haý­sy­dyr bir sy­ry­nyň ýok­du­gy­na umyt bil­dir­di.
Sa­pak­da di­ňe bir­nä­çe so­wal­la­ra jo­gap be­rip bil­dim. Men mu­gal­ly­my­myň ýü­zün­dä­ki mäh­ri­ban­ly­gyň, gy­ňyr­lyk bi­len or­nu­ny ça­lyş­ýan­dy­gy­ny aň­dym. Ol ýal­ta­çy­ly­ga ýüz ur­maz­ly­gy­my sar­ga­dy. Gar­ja­şyk pi­kir­le­ri­miň ba­şy­ny bir ýe­re bi­rik­di­rip bil­me­dim. In­di me­niň hem-de arzuwlarymyň ara­syn­da du­ran dur­mu­şyň çyn­la­kaý oý­nu­na sa­byr-ta­ka­dym ýok­dy.
Şen­be gü­ni ir­den da­ýym­dan ikindinara ba­za­ra git­mek­çi­di­gi­mi duý­du­ryp, pul so­ra­dym. Ol şlýa­pa­sy üçin çot­ga göz­läp, eşik gys­dy­ryl­ýan ýer­de ba­şa­gaý bo­lup dur­ka, ma­ňa gys­ga­ça jo­gap gaý­tar­dy:
– Bor, ýe­gen, iş­den ge­lem­soň be­rä­ýe­rin.
Ol daşky otagdaka, myh­man ja­ýa gi­rip, pen­ji­rä­niň öňün­de otu­ryp bil­me­ýär­dim. Öý­den keýp­siz çyk­dym-da, ha­ýal­lyk bi­len mek­de­be ýö­nel­dim. Ho­wa diý­seň ga­ma­şyk­dy, bir yn­ja­lyk­syz­lyk ýü­re­gi­mi gur­şan ýa­ly­dy.
Nahar edin­mek üçin öýe ge­lem­de, da­ýym he­niz gel­män eken. Ýö­ne en­tek ir­di. Men bi­raz otur­dym, sa­ga­da si­ňe se­ret­dim, jyk­gyl­dy ýü­re­gi­me dü­şü­be­ren­de otag­dan çyk­dym. Bas­gan­çak­dan öýüň ýo­kar­ky ga­ty­na ga­lyp ug­ra­dym. Be­lent, so­wuk, boş, ýü­rek­gys­dy­ry­jy otag­lar me­ni er­kin­li­ge çy­kar­dy­lar. Aý­dy­ma hiň­le­nip, ol otag­dan beý­le­ki ota­ga ge­zim et­dim. Pen­ji­rä­niň ga­ba­dyn­da kö­çe­de oý­nap ýö­ren dost­la­ry­my syn­la­dym. Ola­ryň pes­saý, düş­nük­siz se­si eşi­dil­di, maň­la­ýy­my so­wuk aý­na di­räp, onuň ýa­şa­ýan gar­şym­da­ky ja­ýy­na na­zar aý­la­dym. Men diňe onuň göz öňüne getirmelerim bilen janlandyrylan goňur geýnen kaddy-kamatyndan, çala yşyk düşýän boýnundan, germejiň üstündäki elinden we köýneginiň keşdeli jäheginden başga hiç zat görmän ol ýerde köp wagtlap irikge boldum.
Soň­ra men aşak düş­düm we ota­gyň için­de iki-ba­ka gez­me­läp ug­ra­dym. Daý­zam şeý­le diý­di:
– Gy­nan­sak-da, ba­zar­lyk işi­ňi ertä goý­ma­ly bo­laý­ma­gy­ňam ah­mal.
Sa­gat sekiziň ýarynda da­ýy­myň daşky otagyň ga­py­sy­ny aç­ýan şa­kyr­dy­sy eşi­dil­di. Men onuň öz-özi bi­len gep­leş­ýä­ni­ni, pal­to­sy­nyň ag­ra­myn­dan ýa­ňa eşik asyl­ýa­nyň yraň at­ýan­dy­gy­ny eşit­dim. Bu ala­mat­lar­dan özüm­çe ma­ny çy­kar­dym. Ha­çan-da, da­ýym na­ha­ryň ba­şy­na ge­çen­de, on­dan ýe­ne-de ba­za­ra git­mä­ge pul so­ra­dym. Ol äh­li za­dy unu­dan eken.
– In­di giç däl­mi – di­ýip, ol köp ma­ny­ly gep­le­di.
Men se­si­mi çy­kar­ma­dym. Daý­zam azm­ly­lyk bi­len:
– Oňa be­re­re pu­luň ýok­my? Goý, git­sin! Ony şeý­le hem ga­raş­dyr­mak ke­mi­ni goý­ma­dyň ahy­ryn – diý­di.
Da­ýym me­niň bu ha­ýy­şy­my unu­dan­ly­gy­na gy­nan­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, ha­la­ýan ga­dy­my bir na­ky­ly­ny my­sal ge­tir­di: “Oýun­syz bir iş Je­ki­ňem ýü­re­gi­ne düş­ýär”. Ol ni­rä bar­ýa­ny­my so­ra­dy, ikin­ji ge­zek gaý­ta­la­nym­da bol­sa, –“Arap­la­ryň öz be­de­wi bi­len hoş­la­şy­gy­ny” bil­me­ýär­miň – diý­di. Aş­ha­na­dan çy­ka­nym­da, daý­za­ma bu goş­gy­nyň bi­rin­ji se­ti­ri­ni la­byz­ly aý­dyp ber­di. Men onuň uza­dan şa­ýy pul­la­ry­ny elim­de mä­käm gy­syp, Ba­kingem kö­çe­si­niň ug­ry bi­len de­mir ýol men­zi­li­ne ug­ra­dym. Gaz çy­ra­la­ry bi­len ýi­ti ýag­ty­lan­dy­ry­lan kö­çäniň dur­ky, sy­ýa­ha­ty­myň mak­sa­dy­ny aý­dyň­laş­dyr­ýar­dy. Men ot­ly­nyň üçün­ji de­re­je­li boş wa­go­nyn­da or­naş­dym. Ot­ly teý ug­ra­man­soň içim by­jyk­la­ýar­dy. Otly ahyry men­zil­den ýu­waş­lyk bi­len goz­gan­dy. Ol kö­ne jaý­la­ryň ara­syn­dan, lo­wur­da­ýan der­ýa­la­ryň üs­tün­den as­sy­ryn­lyk bi­len öňe üm­zük at­ýar­dy. “West­land Row” men­zi­lin­de je­men­de ba­ry wa­gon­la­ra kür­säp ur­dy, ýö­ne ýol­be­let­ler mu­nuň ba­zar­dan aň­ry git­me­ýän­di­gi­ni aý­dyp, ola­ry yzy­na gaý­tar­dy­lar. Boş wa­gon­da ýe­ke özüm gal­dym. Bi­raz sa­lym­dan ot­ly ki­çi­räk be­ket­de tog­ta­dy. Gün ba­tan ça­gy ot­lu­dan dü­şem­de ýag­ty­lan­dy­ry­lan sa­gat dil­le­ri dokuza on mi­nut ga­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär­di. Me­niň gö­ni gar­şym­da, uly bi­na­nyň çat maň­la­ýyn­da ja­dy­ly ýaz­gy şöh­le­len­ýär­di.
Men ba­za­ryň ýa­py­la­ryn­dan äti­ýaç edip, al­ňa­sa­dym. Men üsti ýa­rsy­na çen­li ba­sy­ry­lan uly ba­za­ra gir­dim. Dü­kan­la­ryň äh­li­si di­ýen ýa­ly ýa­pyk­dy, ba­za­ryň ýa­rysyn­dan gow­rak ýe­ri ga­raň­ky­dy. Şu­nuň ýa­ly üm­süm­li­giň ki­tap­ha­na­da bol­ýan­dy­gy­ny bil­ýär­dim. Men ba­za­ryň or­ta­sy­na çen­li çe­ki­nib­räk bar­dym. He­niz açyk du­ran dü­kan­la­ryň tö­we­re­gin­de bir­nä­çe adam üý­şüp dur­dy. Ýü­zü­ne reňk­li çy­ra­lar bi­len “Café Chan­tant” diý­lip ýa­zy­lan per­dä­niň öňün­de bol­sa, iki ki­şi mej­mä­niň üs­tün­dä­ki pul­la­ry sa­na­ýar­dy.
Men dü­kan­la­ryň bi­ri­niň öňün­de aýak çek­dim, çi­ni gül­dan­la­ra, gül­li çaý top­lu­my­na göz aý­la­dym. Dü­ka­nyň ga­py­sy­nyň ag­zyn­da bir ju­wan gyz iki sa­ny geý­nüw­li boý ýi­git bi­len gül­şüp gür­leş­ýär­di. Ola­ryň çal­gyrt iň­lis­çe­si ün­sü­mi çek­di. Bi­yg­ty­ýar gür­rüň­le­ri­ne diň­şir­gen­dim.
– Men hiç haçan beý­le za­dy diý­me­dim!
– Sen diý­diň!
– Men diý­me­sem nä­me!
– Dogrudan hem, ol mu­ny diý­me­di­mi?
– Ha­wa, men ony eşit­dim.
– Sen… al­daw­çy!
Ju­wan gy­zyň göz­le­ri ma­ňa kak­lyş­dy. Go­la­ýy­ma ge­lip:
– Sa­ňa nä­me ge­rek? – di­ýip, gö­deg­si­räk so­ra­dy. Onuň ähe­ňi so­wuk-sa­la­dy; mu­ny di­ňe bor­jy bo­lan­ly­gy üçin so­ra­ýan ýa­ly­dy. Men ýu­waş­lyk bi­len, edil maş­ry­gyň iki sak­çy­sy ki­min dü­ka­nyň ga­raň­ky gi­rel­ge­si­niň iki ta­ra­pyn­da du­ran uly küý­ze­le­re se­re­dip:
– Ýok, sag bo­luň! – di­ýip py­şyr­da­dym.
Gyz gül­dan­la­ryň bi­ri­niň ýe­ri­ni üýt­ge­dip, og­lan­la­ryň ýa­ny­na gys­san­dy. Olar ýe­ne-de şol bir zat hak­da gür­rüň et­mä­ge dur­dy­lar. Ol ýe­ne-de bir-iki sa­par gaň­ry­lyp ma­ňa se­ret­di.
Men beý­dip dur­ma­gyň peý­da­syz­dy­gy­ny bil­ýän-de bol­sam, onuň ha­ryt­la­ry­na is­le­gi­miň ha­ky­ka­ta has-da go­laý ýa­ly bo­lup gö­rün­me­gi üçin dü­ka­nyň öňün­de bir­ne­me dur­dum. Soň­ra as­sa-as­sa­dan yzy­ma öw­rül­dim-de, ba­za­ryň çe­ti­ne bar­dym. Elim­dä­ki şa­ýy pul­la­ry­my ki­sä­me ok­la­dym. Men ba­za­ryň bir kün­jün­den çy­ra­la­ryň öçü­ril­ýän­di­gi­ ba­ra­da mä­lim ed­ýän kim­dir bi­ri­niň se­si­ni eşit­dim. Ba­za­ryň köp bö­le­gi in­di bü­tin­leý ga­raň­ky­dy. Men ga­raň­ky­ly­ga ga­rap, me­niň is­le­gi­mi unu­dan­la­ryň bol­şu­na ga­ty gy­nan­dym we ol ýer­den elim boş yzy­ma do­lan­dym.

Ter­ji­me eden Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew.
«Zaman-Türkmenistan».

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir