Barnabasyñ injili 2

Perişdeleriñ Isanyñ dogulşyny çopanlara habar bermegi we çopanlaryñ çagany görmegi we ony äşgär etmekleri


Şol wagtyñ däpleri boýunça çopanlar sürülerine bakýardylar. Üns berseñiz Rebbiñ ugradan perişdesiniñ görnüşi daş töwerege ýalkym salyp durandyr.
Çopanlar bu ýalkymly perişdäni görüp gorkdylar. Şondan soñ Rebbiñ perişdesi şeýle diýip olary rahatlandyrdy: ''Serediñ, size ullakan bir buşlugy habar berýärin. Çünki Dawudyñ şäherinde Rebbiñ pygamberi bolan bir çaga dogdy; Ysraýylyñ maşgalasyny halas eder. Çagany Allany tagzym eden ejesi bilen birlikde görersiñiz'' diýdi. We ol bulary aýdan wagty, haýyrly arzuwlary bolanlara salam berip, Allany tagzym eden birnäçe perişdeler geldiler. Perişdeler gideninden soñ biri-birlerine şeýle diýdiler: ''Beýtullahyma çenli gideliñ we Rebbiñ perişdeleriniñ aralykda durmagy bilen bize aýdan sözlerini eşideliñ''.
Beýtullahyma täze dogan çagany gözlemäge gaty kän çopanlar geldi we şäher daşynda perişdeleriñ sözlerine görä çatmada ýatan täze dogan çagany tapdylar. Ony hormatlap, ejesine gören eşidenlerini aýdyp berip ellerinde getiren sowgatlaryny berdiler.
Merýem bütin bulary kalbynda saklady we Ýusup hem Allaha şükr etdi. Çopanlar sürüleriniñ başyna döndüler we gören täsinliklerini öñünden çykana aýdyp berdiler. Şeýdip bütin Ýahudy depeleri gürrüñe gaplandy. Hemmeler içinden ''Bu çaga nähili çaga bolup ýetişerkä?''

5. Isanyñ sünnet edilmegi

Musanyñ kitabynda ýazylşy ýaly, Rebbiñ kanunyna görä, sekiz gün dolan wagty, çagany alyp sünnet edilmegi üçin ybadathana äkitdiler. Çagany sünnet etdiler we Rebbiñ perişdesiniñ (intek çaga dogulmanka) aýdyşy ýaly Isa adyny dakdylar. Merýem we Ýusup çaganyñ birnäçeleriñ derdine derman boljakdygyny, birnäçeleriñem başyna bela boljakdygyny añýardylar. Şol sebäpdenem Alladan gorkýardylar we çagany Alla gorkusy bilen gorajak bolýardylar.

6. Ýahudanyñ gündogaryndaky bir ýyldyzyñ ýol görkezmegi bilen gelip, Isany gözläp tapyp sylag hormat bilen sowgatlar beren üç sany müneçjim

Ýahudy patyşasy Hirodesiñ häkim bolan wagtlary, Isa dogulypdy gündogar etraplarda üç müneçjim asmandaky ýyldyzlara syn edýärdiler. Soñ örän parlak bir ýyldyzy gördüler. Şondan soñ öz aralarynda maslahat edip öñlerindäki ýyldyzyñ salgysy bilen Ýahuda geldiler we Kuddusa baryp Ýahudylaryñ patyşasynyñ nirededigini soradylar. Hirodes muny eşidip gorkdy. Şondan soñ Hirodes bilgiçleri we bilgiç ýazyjy ýahudy din adamlaryny toplap ''Mesih nirede dogmaly?'' diýip sorady.
Olar: ''Beýtullahmda dogmaly, çünki pygamber tarapyndan şeýle ýazylypdyr: We, sen Beýtullahym, Ýehuda baştutanlarynyñ arasynda kiçi dälsiñ, çünki senden kowmum Ysraýyla baş boljak bir baştutan geler'' diýip jogap berdiler. Hirodes şondan soñ müneçjimleri toplap, gelişlerini sorady. Gündogarda özlerini bu tarapa getiren bir ýyldyz görendiklerini, sowgat getirendiklerini, ýyldyz alamatyndan bolan bu täze patyşaha ybadat etmekçidiklerini aýtdylar.
Olary diñläp Hirodes şeýle diýdi: ''Beýtullahyma gidiñ we hemme ünsüñiz çagalarda bolsun. Şol dogulan çagany tapyñ, tapan wagtyñyz gelip maña aýdyñ, çünki menem oñ ýanyna barjak we oña sejde etjek'' diýip ol ýalandan äht eden boldy.

7. Müneçjimleriñ Isany görmäge barmagy we Isanyñ düýşlerine girip köp zatlardan aman saklamanmaklary üçin yzlaryna dolanmaklary

Müneçjimler Kuddustan aýryldylar we ýene seretdiler, ýyldyz olary ýene özüne çekip durmy? Ýyldyzy gören müneçjimler ýene-de begendiler. We şeýlelikde Beýtyllahyma gelip şäheriñ daşynda ýyldyzyñ Isanyñ dogulan ýeriniñ üstünde durandygyny gördüler. Şondan soñ müneçjimler ol tarapa ýönelip, içeri girip çagany ejesi bilen birlikde gördüler we oña tagzym edip hormatladylar. We müneçjimler astynda altyn we kümüş bilen ýalkym saçyp gören zatlaryny Merýeme aýdyp berdiler.
Soñ olar uklap dynç aldylar. Düýşünde Isa intek çagajykga dil açyp olara ýüzlenip Hirodesiñ ýanyna barmazlygy nygtady. Şoñ üçinem müneçjimler gaýdyşyn başga ýoldan yzlaryna dönüp Ýahudyýada näme gören bolsalar öñünden çykana aýdyp berdiler.

8. Isa Müsüre äkidilýär we Hirodes bigünä çagalaryñ ganyna galýar

Müneçjimleriñ dolanyp gelmändigini gören Hirodes muny özüne edilen sylag-hormatsyzlyk hasaplap şol wagtlar täze dogulan çagylary öldürtmegi ýüregine düwdi.
Ýöne seret! Uklap ýatyrka Ýusuba Rebbiñ perişdesi göründi we: ''Tiz ýeriñden tur we çagany ejesi bilen birlikde alyp Müsüre git, çünki Hirodes ony öldürtjek bolýar'' diýdi.
Ýusup howsalaly ukysyndan oýanyp Merýem we çagany alyp Müsüre bardy we müneçjimleriñ özlerini satandygyny düşünip, Beýtyllahymda bütin täze dogulan çagalary öldürmek üçin esgerlerini ugradan Hirodes ölýänçä şol ýerde boldy.
Esgerler Beýtyllahyma gelip Hirodesiñ emri bilen ol ýerde bütin çagalary bogazlap, bogup öldürdiler.
Şeýlelikde pygamberiñ şu sözleri geldi: ''Romada (Rimde) pygan we ahy-nalalar bar Rahel ogullary üçin ýas tutýar, ýöne oña teselli berilmez, çünki olar ýokdur''.

9. Ýahuda dönen Isa on iki ýaşyndaka, mugallymlar bilen harikulda çekeleşip başlaýar

Hirodea ölen soñ, Rebbiñ perişdesi Ýusubuñ düýşüne girdi we şeý diýdi: ''Ýahuda tarap yza dolan, çünki, çagajygyñ (Isanyñ) ölümini görjek bolanyñ özi öldi''. Ýusup Merýem bilen (ýedi ýaşyndaky) çagany alyp Ýahuda yzlaryna dolandylar. Bu sapar Hirodesiñ ogly Arhedousyñ Ýahudyda höküm sürüp başlandygyny eşidip Ýahudyda galmakdan gorkup Galileýe gitdi we Nasyrada ýerleşmek üçin aýryldylar.
Oglanjyk adamlaryñ öñünde we Allanyñ öñünde kerem we hikmetler içinde ulalyp ýetişdi.
Şeýdip on iki ýaşan Isa, Musanyñ kitabynda ýazylan Rebbiñ kanunyna görä ybadat etmek üçin Merýem we Ýusup bilen birlikde Kuddusa geldi.
Ybadatlary tamamlananda Isany öz ugryna goýberip aýryldylar, çünki, ýakynlary bilen öýe geler diýip pikir edýärdiler. Şol sebäpdenem Merýem ýakynlarynyñ we tanaýanlarynyñ arasynda Isany gözlemek üçin Kuddusa yzlaryna dolandylar. Üçünji gün oglany mabetde mugallymlar arasynda kanunlar bilen baglanyşykly çürt-kesik ylalaşmazlyga girişip başlady. Hemmeleriñ soran soraglaryna we olara beren jogaplaryna haýran galyp şeý diýýärdiler: ''Şular ýaly kiçjikligine garamazdan, okamagy bilmeýän bir oglanjyk şeýle akydany nireden öwrendi?''.
Merýem Isany görüp ýagdaýlaryny düşündürdi: Oglum, bize görkezen azaplaryñy göreñokmy? Seret, kakañ we men, seni üç günläp gözlemedik ýerimiz galmady''. Isa olara şeýle jogap berdi: ''Ejeden we kakadan öñ hemme zatdan beter Rebbime hyzmat etmelidigini bileñizokmy?'' Soñra Isa ejesi we Ýusup bilen birlikde Nasyra baryp olary sylap ejesiniñ aýdanlaryny edip gezdi.

(dowamy bar)

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir