Bir­wagt­lar Sim­la­da örän owa­dan gyz ýa­şa­ýar­dy. Ol kanagatly, dogruçyl et­rap ka­zy­sy­nyň per­zen­di­di. Kit­ti Beý­ton açyk­gö­wün­li oňat­ja gyz­dy, öz güý­jü­ne on­çak­ly ynan­ma­sa-da, ze­rur ha­la­tyn­da ulan­ma­gy ba­şar­ýar­dy. Onuň eje­sem äh­li ham­rak ene­le­re mah­sus bol­şy ýa­ly, gy­zy­nyň gel­jek­ki dur­mu­şy hak­yn­da çyn­la­kaý ala­da ed­ýär­di.
Şol dö­wür­de kim­dir bi­ri ba­ka­lawr de­re­je­si­ne eýe bo­lup, we­zi­pe­li orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýän bol­sa, onuň al­tyn­dan ýa-da sa­dap­dan ne­pis ny­şan­la­ry da­kyn­ma­ga-da hu­ku­gy bar­dy. Gul­luk we­zi­pe­sin­de uly ab­ra­ýa eýe bo­lan, sö­zi geç­gin­li şeý­le adam­la­ryň bi­ri özü­ni maş­ga­la gur­ma­ga my­na­syp saý­ýar­dy. Eý­sem, sim­la­ly bu emel­dar kim­? Ol sa­da-da bol­sa, ju­da bi­görk­di, bu je­le­gaý­da­ky iň bed­roý ki­şi­le­riň bi­ri diý­se­gem, bel­ki, öte geç­di­gi­miz bol­maz. Ýü­zü­ni bir ýo­la gö­ren ada­myň ikin­ji ge­zek gö­re­si­niň gel­jek­di­gem şüb­he­li­di. Onuň Sag­got-Barr-Sag­got An­to­niý Barr-Sag­got di­ýen ýa­ly al­ty söz­den yba­rat ady bar­dy. Ol Hin­dis­tan­da iň zor emel­dar­la­ryň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar­dy. Dog­ru­sy, ol da­şyn­dan syn­la­nyň­da ünsüňi çekýän adam­pi­sint maý­my­na-da meň­ze­män du­ra­nok­dy.
Ol ha­nym Kit­ti Beý­to­ny ala­da bi­len gur­şan­da, eje­si ýa­şy­nyň so­ňun­da yk­ba­lyň özü­ne be­ren bu peş­ge­şi­ne ga­ty be­ge­nip, gö­zü­ne ýaş aý­la­dy.
Gy­zyň ka­ka­sy je­nap Beý­ton bol­sa, se­si­ni çy­kar­ma­dy. Çün­ki ol bir ýu­ka­ýü­rek yn­san­dy.
Barr-Sag­got bi­çak bar­jam­ly­dy. Onuň ga­zan­jy ba­tyr­gaý ar­zuw­lar­dan-da has ýo­kar­da­dy. Onuň pu­ly ju­da köp bo­lan­soň, eli uza­dan ýe­ri­ne ýet­ýär­di. Adat­ça, emel­dar­la­ryň ag­la­ba­sy or­ta­tap dur­muş­da ýa­şa­ýar­dy, ýö­ne Barr-Sag­got il­den üýt­ge­şik­di. Ol oňat durmuşda ýa­şap, göw­nü­ni aç­ýar­dy, at mün­me­gi go­wy gör­ýär­di, tans ed­ýär­di, ga­raz ýurt­da tä­sir­li ki­şi­le­riň bi­ri­di.
Me­niň gür­rüň ber­ýän wa­ka­la­ry­m Hin­dis­ta­nyň ta­ryh­dan ozal­ky dö­wür­le­rin­de bo­lup ge­çen­dir öý­düp pi­kir edäý­mäň! Me­ge­rem, kä­bir adam­lar ten­nis ýü­ze çyk­maz­dan ozal­ky kri­ket oý­na­ýan dö­wür­le­ri­mi­zi ýa­dy­na sa­lan bol­ma­gy-da ah­mal. Ma­ňa ynan­sa­ňyz, hat­da şo­ňa çen­li kri­ket oý­la­ny­ly­bam ta­pyl­man­dy. 1844-nji ýyl­da Ang­li­ýa­da ýa­ňa­dan­dan ýoň bo­lan ýaý­dan ny­şa­na ok at­mak edil ten­nis ýa­ly giň­den ýaý­rap­dy. Adam­lar ýaý at­mak bo­ýun­ça dür­li paý­has­ly adal­ga­la­ry ula­nyp, ol hak­da çyn­la­kaý pi­kir ýö­red­ýär­di­ler.
Ha­nym Kit­ti Beý­ton aýal-gyz­lar üçin ni­ýet­le­ni­len 60 ýard ara­lyk­dan ýaýy örän go­wy at­ýar­dy. Ol ýaý­dan ok at­mak­da Sim­la­da iň ez­ber ýaý aty­jy gyz ha­sap­la­nyl­ýar­dy. Er­kek­ler onuň ady­ny “Dia­na Ta­ra-De­wi” di­ýip tut­ýar­dy­lar.
Barr-Sag­got oňa aý­ra­tyn üns ber­ýär­di, oza­lam aý­dy­şym ýa­ly, eje­si şat­lyk­dan ýa­ňa ýü­re­gi bök­jek­läp, akyl-hu­şu­ny al­dy­ra­na ça­lym­daş­dy. Ýö­ne Kit­ti Beý­to­nuň göw­ni bir ýa­ly­dy. Ady­nyň yzyn­dan uzyn na­ma gel­ýän uly we­zi­pe­li ki­şi­niň özü­ni saý­la­ma­gy, mu­ňa-da beý­le­ki gyz­la­ryň kalp­la­ry­nyň ýa­kym­syz duý­gu­la­ra gap­lan­ma­gy oňa hoş ýak­ma­nam du­ra­nok­dy. Ýö­ne Barr-Sag­go­tuň ada­ty däl bi­görk­lü­gi ba­ra­da­ky ha­ky­ka­ty we­lin, in­kär edip bol­ma­ýar­dy. O zaň­ňa­ryň özü­ne se­ren­jam ber­mek üçin ed­ýän ta­gal­la­la­ry­nyň ba­ry, di­ňe ony has-da gül­künç gör­kez­ýär­di. Çal maý­myn di­ýen ma­ny­ny ber­ýän “lan­gur” la­ka­my­nyň oňa sug­şu­ryl­ma­gam ýö­ne ýer­den däl­di. “Ol yş­nak­sy­zy öz ga­şyň­da dy­za çö­ker­mek nä­hi­li ýa­kym­ly, ýö­ne iň go­wu­sy, Um­bal­le­dä­ki at­ly go­şun­da gul­luk ed­ýän, ge­l­je­gi nä­bel­li bo­lan, sy­rat­ly­dan ag­ras ýi­git Kub­bon bi­len ba­şy­ňy alyp ga­çyp gi­de­niň mun­dan has iba­ly bo­laý­ma­sa?” di­ýip Kit­ti öz ýa­nyn­dan pi­kir öwür­di. Kit­ti Kub­bo­ny ha­la­ýar­dy. Ýö­ne Kub­bon bü­tin dur­ky bi­len oňa ber­len-de bol­sa, mu­ny da­şy­na çy­kar­ma­ýar­dy, çün­ki ol asyl­ly ýi­git­di.
– Ýö­ne, eje, je­nap Barr-Sag­go­tuň bi­çak bed­roý­du­gy­ny özü­ňem gör­män du­ra­ňog-a – di­ýip, gy­zy eje­si­niň ýü­zü­ne gel­di.
– Jan gy­zym – di­ýip, eje­si hu­daý­hon­lyk bi­len gy­zy­nyň ugu­ny ýe­ke­le­mä­ge ça­lyş­dy. – Biz äh­li za­dyň sa­hy­by bo­lan be­ýik Bi­ri­ba­ryň ýa­ra­dy­şyn­dan öz­ge hi­li bo­lup bil­me­ýä­ris. Ga­ly­ber­se-de, meň sa­ňa di­ňe ýag­şy­lyk is­le­ýän­di­gi­me dü­şün­me­li­siň. Bu ba­ra­da ma­za­ly oý­la­nyp gör-de, aky­ly­ňa aý­lan.
Kit­ti özü­niň na­şy­ja tum­şu­ja­gy­ny gal­dy­ryp, eje­si­ne nä­ra­zy­ly­gy­ny bil­dir­di. Gy­zyň ka­ka­sy je­nap Beý­ton bir­sa­lym kel­le­si­ni ga­şap oňaý­dy, se­bä­bi ol bir ýu­ka­ýü­rek adam­dy.
Möw­sü­miň ahy­ryn­da Barr-Sag­got ni­ýe­ti­ni ama­la aşyr­ma­ga in­di amat­ly pur­sa­tyň ge­len­di­gi ba­ra­da öz ýa­nyn­dan pi­kir edip ug­ra­dy. Ol ýö­ri­te­läp me­ýil­na­ma ta­ýyn­la­dy. Bu ýag­daý öz gu­ra­ma­çy­lyk uky­by­na bo­lan sy­lag-hor­ma­ty has-da art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär­di. Ol ýaý­dan ok at­mak bo­ýun­ça di­ňe ze­nan­la­ryň ara­syn­da ýa­ryş gu­rap, gym­mat ba­ha­ly göw­her gaş­ly bi­le­zi­gi baý­rak goý­dy. Ol özü­niň şer­ti­ni şeý­le­bir ýe­ser­lik bi­len iş­läp düz­di we­lin, hem­me­ler bu bi­le­zi­giň ha­nym Kit­ti Beý­ton üçin ni­ýet­le­nen sow­gat­dy­gy­na şo­ba­da göz ýe­tir­di­ler. Bu bi­le­zi­gi ka­bul et­me­giň Barr-Sag­go­tuň eli­ni we ýü­re­gi­ni ka­bul et­mek bi­len ba­ra­bar­dy­gy öz-özün­den düş­nük­li­di. Ýa­ry­şyň şer­ti “Sent-Leo­nard” diý­lip at­lan­dy­ry­lyp, Sim­la­nyň ýaý­dan ok at­mak bo­ýun­ça jem­gy­ýe­ti­niň düz­gü­ni­ne gö­rä, ara­lyk 60 ýard1 bel­le­ni­lip, je­mi 36 ok atyl­ma­ly edil­di.
Ýa­ry­şa sim­la­ly ýa­şaý­jy­la­ryň äh­li­si ça­gy­ryl­dy. Çaý stol­la­ry An­nan­deý­liň ar­ça agaç­la­ry­nyň as­tyn­da re­je­li goý­lup­dyr. Göw­her gaş­ly bi­le­zik bol­sa, göm-gök mah­mal ga­byň için­de nur­ly Gü­nüň şöh­le­si­ne lo­wur­dap, da­ba­ra­ly ýal­kym sa­çyp dur­dy. Kit­ti Beý­ton ju­da yn­ja­lyk­syz­ly­gy se­bäp­li, ýa­ryş­ma­ga ýag­da­ýy ýok­dy. Bel­le­ni­len gün­de sim­la­ly­la­ryň äh­li­si An­nan­deý­le eň­di­ler. Kit­ti ýaş Kub­bo­nyň ýa­ny­na bar­dy, çün­ki og­la­nyň bi­yn­ja­lyk­dy­gy­ny aň­mak on­çak­ly kyn däl­di. Kit­ti sol­gun, ga­har­ly hal­da uzak wagt­lap bi­le­zi­ge tiň­ke­si­ni di­kip dur­dy. Barr-Sag­got ju­da be­ze­men geý­nen­di, Kit­tä ga­ra­nyň­da, has-da der­ga­zap­dy hem-de he­mi­şe­ki­sin­den has bet­ny­şan gö­rün­ýär­di.
Kit­ti­niň eje­si bar­jam­ly emel­da­ryň gel­jek­ki ga­ýy­ne­ne­si hök­mün­de hon­dan­bär­si­lik bi­len dy­lym-dy­lym et­di. Bäs­le­şik baş­la­dy, ýa­ry­şa gat­naş­ýan ze­nan­lar bi­ri-bi­ri­niň yzyn­dan or­ta çyk­dy­lar, to­ma­şa­çy­lar bol­sa, ola­ryň tö­we­re­gin­de ýa­rym aý­law gör­nü­şin­de se­re­di­şip dur­dy­lar. Ýaý­dan ny­şa­na ok at­mak ýa­ly sur­nuk­dy­ry­jy ýa­ryş me­ge­rem ýok bol­sa ge­rek. Olar Gün tä jül­gä­niň aň­ry­syn­da giz­len­ýän­çä, ar­ça­la­ryň ara­syn­dan ada­ja şe­mal gö­te­ril­ýän­çä do­wam­ly ýaý at­dy­lar. Jan­kö­ýer­ler ha­nym Kit­ti Beý­to­nyň ýaý at­ma no­ba­ty­na, ýe­ňiş ga­zan­ma­gy­na sa­byr­syz ga­raş­ýar­dy­lar. Kub­bon ýa­rym aý­la­wyň bir kün­jün­de, Barr-Sag­got bol­sa, beý­le­ki bir kün­jün­de dur­dy. Ha­nym Kit­ti Beý­ton sa­naw­da iň soň­ku­dy. Bäs­deş­le­ri­niň top­lan utu­gy ujyp­syz­dy, Barr-Sag­go­tuň bi­le­zi­gi gür­rüň­siz oňa gow­şaý­ma­ly­dy.
Barr-Sag­got özü­niň ber­daş­ly gol­la­ry bi­len Kit­ti­niň ýa­ýy­ny mä­käm dar­typ gör­di. Kit­ti öňe çyk­dy, bi­le­zi­ge na­za­ry­ny dik­di, onuň il­kin­ji atan peý­ka­my, “al­tyn” te­ge­le­giň gö­ni or­ta­sy­na de­gip, do­kuz utuk ga­zan­dy.
Çep ta­rap­da du­ran ýaş Kub­bo­nyň reň­ki öçüp, ýü­zi ak tam bol­dy, şol wagt şeý­tan sym­syk­lan dek, Barr-Sag­got ýyl­gyr­dy. Ol ýyl­gy­ran­da, at­lar ür­kü­şip git­di. Kit­ti onuň ýyl­gy­ra­ny­ny gör­di. Çe­pi­ne se­re­dip, Kub­bo­na bi­li­ner-bi­lin­mez baş atyp goý­ber­di-de, ýaý­dan ok at­ma­gy­ny do­wam et­dir­di.
Men on­dan soň­ky sah­na­ny bol­şy-bol­şy ýa­ly su­rat­lan­dy­ryp bi­ler­mi­käm be­ri?! Çün­ki. ol ga­ty geň hem gel­şik­siz­di. Ha­nym Kit­ti Beý­ton özü­niň nä­me ed­ýä­ni­ni hem­me­le­riň gö­re­ri ýa­ly äw­mez­lik bi­len peý­kam­la­ry­ny taý­ýar­la­dy. Ol ga­ty ök­de aty­jy­dy, ýa­ýy aň­ry­ýa­ny bi­len özü­ne la­ýyk gel­ýär­di. Onuň eser­deň­lik bi­len gö­nü­läp atan ok­la­ry ny­şa­na­nyň da­ýanç sü­tü­ni­ne yz­ly-yzy­na 4 sa­par deg­di. Ol ny­şa­na­nyň da­ýanç sü­tü­ni­niň ýo­kar­syn­dan bir ge­zek uran­da, äh­li ze­nan­lar ge­ňir­ge­ni­şip, bir-bi­ri­niň ýü­zü­ne se­re­diş­di­ler. Soň­ra onuň atan ok­la­ry gy­zyl te­ge­le­ji­ge deg­män, agy­na de­gip ug­ra­dy. Şeý­le­lik­de, onuň atan bäş oky ak te­ge­le­ji­ge ba­ryp çüm­di. Mu­ňa Barr-Sag­go­tuň ýü­zi ga­har­dan ýa­ňa edil ýa­şa­jyk su­wo­ty ýa­ly, gök-da­lak bol­dy. Kit­ti Beý­to­nuň ny­şa­na ta­rap ýe­ne-de oý­la­nyp-öl­çe­rip atan iki oky hem çep ta­ra­pa, so­wa ge­çip git­di. Şol wagt mä­re­kä­niň ara­sy­na agyr üm­süm­lik ara­laş­dy. Ha­nym Kit­ti Beý­ton el­ýag­ly­gy­ny çy­kar­dy. Soň­ra onuň ny­şa­na­nyň öňün­dä­ki ýe­re atan ok­la­ry­nyň bir­nä­çe­si pyt­rap git­di. Soň­ra ol gy­zyl, ýag­ny ýe­di utuk ga­zan­dy – ol bu ýa­ry­şyň mat­la­by göw­nün­den tu­ran­ly­gyn­da, nä­me­le­ri ba­şa­ryp bil­jek­di­gi­ni gör­kez­mek is­läp­di hem-de tol­gun­dy­ry­jy çy­ky­şy­ny ny­şa­na­nyň sü­tü­ni­ne ta­rap owa­dan­lap atan peý­ka­my bi­len ta­mam­la­dy. Ine, bu ýer­de onuň ba­ha­la­ry bel­lik edi­lip­dir:
Ha­nym Kit­ti Beý­ton.
Al­tyn-1. Gy­zyl-1. Gök-0. Ga­ra-0. Ak-5. Ur­gu­la­ryň je­mi-7. Umu­my utuk-21.
Barr-Sag­go­tuň my­sa­la­sy ha­ma­la di­ýer­siň, soň­ky aty­lan bir­nä­çe peý­ka­myň ny­şa­na däl-de, hut öz aýa­gy­na çü­men ýa­ly gö­rün­ýär­di. Ki­çi­jik, bi­görk, me­nek­li, myr­dar bir gyz, çuň­ňur üm­süm­li­gi da­ba­ra­ly şaň­ňy se­si bi­len boz­dy:
– On­da, men ýeň­dim!
Kit­ti­niň eje­si nä­çe sak­lan­jak bol­sa-da, köp­çü­li­giň öňün­de gö­zü­ne ýaş aý­la­dy. Şeý­le la­py­keç bol­dy, hiç bir hö­re-kö­şe ony ra­hat­lan­dy­ryp bil­jek däl­di. Kit­ti öz ýa­ýy­ny yz­gyt­syz dar­typ goý­ber­di-de, ony aşak sal­lap, öz ýe­ri­ne ge­çip dur­dy.
Barr-Sag­got häl­ki ýe­ňi­ji gy­zyň gö­deň­si­den çy­par go­şa­ry­na göw­her bi­le­zi­gi da­kan­da, ha­ma­la, mu­ny özü­ne ýa­ra­ýan ýa­ly edip gör­kez­mä­ge dyr­jaş­ýar­dy. Bo­lup geç­ýän zat­lar gel­şik­siz­di, ga­ty oňaý­syz­dy. Hem­me­ler dar­ga­ma­ga hem-de Kit­ti­ni eje­si bi­len dü­şü­niş­me­gi üçin iki­çäk gal­dyr­ma­ga how­luk­dy­lar.
Ýö­ne Kub­bon gy­zy aty­nyň ar­dy­na al­dy… Ga­la­ny­ny gür­rüň ber­me­giň bol­sa ze­rur­ly­gam ýok.

Edebiýat, 12 tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir