Iň­lis ýa­zy­jy­sy, şa­hy­ry we no­wel­la­çy­sy Jo­zef Red­ýard Kip­lin­giň as­ly ang­li­ýa­ly gurply daý­han maş­ga­la­­dan bo­lup­dyr. Gel­jek­ki ýa­zy­jy 1865-nji ýy­lyň 30-njy de­kab­ryn­da Hin­dis­ta­nyň Bom­beý şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Şol wagt­lar onuň ka­ka­sy Jon Lok­wud Kip­ling Bom­be­ýiň sun­gat mek­de­bi­niň rek­to­ry we pro­fes­so­ry eken. Eje­si Ali­sa Mak­do­nal­dyň ede­bi­ýa­ta öz­bo­luş­ly üşü­gi bo­lup, dür­li ne­şir­ler­de eser­le­ri çap edi­lip­dir. Şeý­le­lik­de, maş­ga­la­da­ky ede­bi dö­re­di­ji­lik ça­ga­nyň ru­hy ösü­şin­de oňaý­ly şert­le­ri dö­re­dip­dir. Ene-ata­sy Red­ýar­dy 6 ýa­şyn­da­ka ki­çi uýa­sy bi­len bir­lik­de aras­sa iň­lis di­li­ni öz­leş­dir­me­gi üçin Ang­li­ýa ug­rad­ýar. Ola­ry ça­ga ter­bi­ýe­si bi­len meş­gul­lan­ýan hu­su­sy okuw mek­de­bi­ne ýer­leş­di­rýär­ler. Og­lan­jy­gyň bu ýer­de baş­dan ge­çi­ren kyn­çy­lyk­la­ry soň­ra onuň “Go­tur go­ýun” at­ly he­ka­ýa­syn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
12 ýa­şy­na ba­ra­n­da Kip­lin­gi De­won graf­ly­gyn­da­ky “West­ward-Ho” mek­de­bi­ne be­rýär­ler. Bu ýer­de ab­raý­ly har­by aka­de­mi­ýa gir­mek üçin gel­jek­ki ser­ker­de­ler taý­ýar­la­ny­lyp­dyr. Kip­ling bu ba­ra­da “Stalky & Co.” at­ly ki­ta­byn­da be­ýan ed­ýär. Kip­ling 1882-nji ýyl­da uzak­dan gör­me­ýän­li­gi se­bäp­li, bu mek­de­bi taş­la­ma­ly bol­ýar.
Red­ýard Ang­li­ýa­da 11 ýyl ýa­şap, Hin­dis­ta­na do­lan­ýar. Ol öwrenişen ýerinden git­mek is­le­me­ýär. Ol özü­niň il­kin­ji söý­gü­si bo­lan Flo­rens Ger­rar­dy hem go­ýup git­mä­ge mej­bur bo­lýar. Bu gyz soň­ra onuň “Sönen şamçyrag” ro­ma­ny­nyň gah­ry­man­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­ýär.
Red­ýard Hin­dis­ta­na tiz uý­gun­laş­ýar. Ol ba­sym ýer­li “hin­dus­ta­ni” di­lin­de er­kin gür­läp ug­ra­ýar. Dö­re­di­ji­lik işi Red­ýar­da ga­la­my­ny ýi­telt­mä­ge we Hin­dis­ta­ny has go­wy ta­na­tma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. He­ka­ýa­la­ry we goş­gu­la­ry oňa meş­hur­lyk ge­tir­ýär. Kip­lin­giň gah­ry­man­la­ry köp­lenç, emel­dar­lar, luk­man­lar, es­ger­ler we ser­ker­de­ler bo­lup­dyr.
Kip­ling ýa­zy­jy hök­mün­de Hin­dis­tan­da ke­ma­la gel­ýär. Me­ge­rem, iň­lis­le­re Kip­ling­siz XIX asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da Hin­dis­ta­nyň ne­neň­si ýurt­du­gy­ny ta­na­mak ba­şart­ma­sa-da ba­şart­maz­dy. Ýa­zy­jy iň­lis­ler üçin bu ýur­dy açan­da, ol eje­si­niň aý­dan “Di­ňe Ang­li­ýa­ny bil­ýän, ony bil­ýän däl­dir” di­ýen söz­le­ri­ni he­mi­şe ýat­lap­dyr.
Kip­ling şol bir wag­tyň özün­de şa­hyr we pro­za­çy hök­mün­de ady­gyp ug­ra­ýar. Onuň 1886-njy ýyl­da ne­şir edi­len “De­per­ta­ment aý­dy­my” at­ly il­kin­ji goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy, şeý­le tiz sa­ty­lyp gu­ta­ryp­dyr we­lin, şol ýy­lyň özün­de gaý­ta­dan çap edi­lip­dir. Iki ýyl soň­ra bol­sa, “Ba­ýyr­lar ba­ra­da ýö­ne­keý he­ka­ýa­lar” at­ly no­wel­la­lar ýy­gyn­dy­sy peý­da bol­ýar. 1887-nji ýyl­dan 1889-njy ýy­la çen­li Kip­lingiň gys­ga he­ka­ýa­la­rdan yba­rat al­ty ýy­gyn­dy­sy ne­şir e­dil­ýär. Bu ýy­gyn­dy­lar oňa Hin­dis­tan­da we Bri­tan im­pe­ri­ýa­sy­nyň äh­li ýe­rin­de uly meş­hur­lyk ge­tir­ýär.
Ýa­zy­jy 1889-njy ýy­lyň ahyr­la­ryn­da Ang­li­ýa­ny küý­säp ug­ra­ýar. Kip­ling öz wa­ta­ny­na Ýa­po­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň üs­ti bi­len ýo­la düş­ýär. Onuň mad­dy ýag­da­ýy­nyň go­wy bol­ma­gy uzak sy­ýa­ha­ty ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Lon­don Kip­lin­gi ta­ny­mal ede­bi­ýat­çy hök­mün­de uly şat­lyk bi­len gar­şy a­l­ýar. Kip­ling Lon­don­da iň­lis aw­tor­la­ry bi­len ýyg­jam ara­gat­na­şy­gy ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len Ang­li­ýa ge­len ýaş ame­ri­kan ne­şir­ýat­çy­sy Wol­kott Ba­les­ti­er bi­len ta­nyş bol­ýar.
Kip­ling 1892-nji ýy­lyň 18-nji ýan­wa­ryn­da Ba­les­tie­riň uýa­sy Ka­ro­li­na öý­len­ýär. Şeý­le­lik­de, ýa­zy­jy­nyň dur­mu­şy­nyň ame­ri­kan döw­ri baş­la­ýar. Olar ABŞ-da ýa­şap, Lon­do­na do­la­nan­la­ryn­da eý­ýäm üç çagalary bardy. 1899-njy ýyl­da Kip­lin­giň gy­zy Red­ýard Jo­ze­fi­na öý­ken so­wuk­la­ma­syn­dan ara­dan çyk­ýar. Oky­jy­lar bu pa­jy­ga­nyň ýa­zy­ja nä­hi­li agyr de­gen­di­gi­ni di­ňe onuň “Olar” di­ýen he­ka­ýa­sy­ny okan­la­ryn­dan soň bi­lip gal­ýar­lar. Ame­ri­kan döw­ri Kip­lin­giň dö­re­di­ji­li­gi­niň iň ön­jeý­li ýyl­la­ry bo­lan bol­sa ge­rek. Köp san­ly he­ka­ýa­la­ryn­dan, ro­man­la­ryn­dan, no­wel­la­la­ryn­dan baş­ga-da “Jeň­ňel­le­riň ki­ta­by” we “Ýö­ne­keý er­te­ki­ler” at­ly iki ki­ta­by ýa­zy­ja ägirt uly meş­hur­lyk ge­ti­rýär. Ýyl­la­ryň geç­me­gi bi­len bu eser­ler iň go­wy ça­ga­lar ýa­zy­jy­sy hök­mün­de Kip­lin­giň şöh­ra­ty­ny mü­di­mi­leş­di­rýär. Onuň meş­hur ro­ma­ny “Kim”-de bol­sa, ýe­tim og­la­nyň dur­mu­şy tä­sir­li be­ýan edil­ýär.
Kip­ling 1902-nji ýyl­da Sus­sek graf­ly­gyn­da şä­he­riň da­şyn­dan jaý sa­tyn alyp, öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li şol ýer­de ýa­şa­ýar. Ol di­ňe bir eser­le­ri­ni dö­ret­mek bi­len çäk­len­män, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy iş­le­r bi­len hem meş­gul­lan­ýar. Ol 1907-nji ýyl­da No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­ýar. Şol ýyl ýa­zy­jy Ang­li­ýa­nyň iri uni­wer­si­tet­le­ri­niň hor­mat­ly at­la­ry, Pa­ri­žiň, Stras­bur­gyň we To­ron­to­nyň iň ýo­ka­ry baý­rak­la­ry bi­len sy­lag­lan­­ýar. Birinji jahan urşunda ýeke-täk ogly Jonuň aradan çykmagy oňa gaty agyr degýär. 1933-nji ýyl­da Kip­lin­giň sag­lyk ýag­da­ýy duý­dan­syz ýa­ra­maz­laş­ýar. Ol 1936-njy ýy­lyň ba­şyn­da özü­ni be­jert­mek üçin Kan­na git­me­gi ýü­re­gi­ne düw­ýär, ýö­ne ol di­ňe Lon­do­na çen­li aşyp bi­lip­dir. Jo­zef Red­ýard Kip­ling 1936-njy ýy­lyň 18-nji ýan­wa­ryn­da ara­dan çyk­ýar.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir