“Microsoft” diňe programma önümçiligi bilen däl, eýsem dürli elektron enjamlary hem öndürmek bilen meşgullanýar. Kompaniýa “Surface Laptop 3” atly noutbuklaryny tanyşdyrdy. Bu kompýuterler “Apple”-iň “MacBook Air” modeliniň esasy bäsdeşi bolar. Modeliň 13,5 hem-de 15 dýuýmlyk iki görnüşi bar. Olaryň kiçisiniň bahasy 999 dollardan, ulusy 1199 dollardan satylar. Kompýuterler bir sagatda 80 göterime çenli zarýad alýar. Enjam doly zarýady bilen 11,5 sagat ulanyp bolýar.

Täzelikler, 12 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir