Hormatly Prezidentimiziň Singapur Respublikasyna bolan döwlet sapary üstünlikli tamamlandy. 27-nji awgustda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob hem-de ýurduň Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen döwlet bähbitli gepleşikleri geçirdi.
Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, şol sanda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Taraplaryň ägirt uly kuwwata eýedigini nazara almak bilen, deňhukuklylyk hem-de uzak möhletleýin esasda guralýan türkmen-singapur hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin oňaýly mümkinçililer açylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, milli Liderimiziň Singapur Respublikasyna döwlet sapary döwründe bu ýerde ikitaraplaýyn işewürler forumy, türkmen eksport harytlarynyň sergisi, şeýle hem iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň duşuşyklary geçirildi. Işewür forumyň netijeleri boýunça ylalaşyklar gazanylyp, resminamalara gol çekildi. Şol resminamalar taraplaryň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
27-nji awgustda ”Shangri-La” myhmanhanasynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň Singapuryň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Iş ertirligi görnüşinde geçirilen bu işewür duşuşyga birnäçe ministrlikleriň, iri kompaniýalaryň we maliýe düzümleriniň hem-de telekeçiligi ösdürmek boýunça agentligiň we beýleki ýolbaşçylar gatnaşdylar.
Milli Liderimiz şu saparyň öňüsyrasynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Singapuryň “GP Global Equipment Pte Ltd” kompaniýasynyň arasynda Merkezi Garagumdaky gazkondensat känler toplumynyň “Zäkli-Derweze” gaz arassalaýjy desgalarynda gaz gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak babatda ylalaşygyň gazanylandygyny belledi.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir