Saglygy ýerinde, güýçli-kuwwatly bir adam Resulallahyň ýanyna gelip:
– Men bir mätäç pukara, maňa sadaka berip kömek ediň.. – diýip, pul dileýär.
Pygamberimiz (s.a.w.) el serip, dilegçilik edip ýören bu adama:
– Seniň öýüňde heý bir zat barmy? – diýip soraýar.
Ol adam çyny bilen:
– Hawa, bar - diýip, sözüne dowam edýär:
- Galyň çäkmenim bar, ýatanymda bir ujuny arkama ýapýan, beýleki ujuny-da aşagyma ýazýan. Mundan başga-da agaçdan oýulyp ýasalan suw gabym bar, onda-da suwumy saklaýan.”
Allahyň Resuly oňa şeýle buýurýar:
– Bularyň ikisinem derrew alyp gel!
Uzyn boýly, eleşan eşikli adam derrew öýüne tarap ýola düşýär we birnäçe wagtdan soň bir eline düýe ýüňünden taýýarlanan galyň çäkmenini, beýleki eline-de agaçdan oýulan suw gabyny alyp gelýär. Ol elindäki zatlaryň ikisini-de Allahyň Resulyna berýär.
Resuly Ekrem Hezretleri töweregindäkilere bu iki zady görkezip:
– Bulary kim satyn aljak? - diýip soraýar.
Ýanyndakylardan biri:
– Men bu zatlary bir dirheme satyn alyp biljek, Ýa Resulallah - diýýär.
Başga biri:
– Men iki dirhem berip bilerin - diýip, içmekdir suw gabyny satyn alýar. Ýañky dirhemi çykaryp beren adam gideninden soňra, Resuly Ekrem Hezretleri puly pukara adama berip:
– Bu puluň bir dirhemine zerur ätiýaçlygyňy, çöregiňi al. Bir dirhemine bolsa palta bilen ýüp alyp ýene ýanyma gel - diýýär.
Ol adam gidip, Resulallahyň aýdyşy ýaly, bir dirhemine özüne gyssagly gerek zatlary alýar. Beýleki bir dirhemine-de uly palta bilen ýüp satyn alyp, Resulallahyň huzuryna gelýär.
Resulallah (s.a.w) eleşan eşikli, çekinjeň adamyň elinden tutup oňa şeýle tabşyryk berýär:
– Git-de Medinäň töweregindäki hurma agaçlarynyň guran şahalaryny çapyp, şähere getirip sat. On bäş günden soň meniň ýanyma gel.
O güne çenli haýsydyr bir degerli pişäniň başyny tutup bilerin öýtmeýän, dilegçiligi ýeke-täk çykalga hasaplap ýören adam Resulallahyň huzuryndan çykyp, göni baga tarap ugraýar. Aradan on bäş gün geçýär. Ynha-da Resulallahyň huzuryna täze eşikli, ynamly ädimleýäň bir adam gelýär.
Allahyň Resuly ony tanap, hal-ýagdaýyny soraýar:
– Nähili ýagdaýlaň?
Ol adam:
– Allaha şükür, on dirhem gazandym, Ýa Resulallah! Bularyň bir bölegi bilen satan zatlarymy yzyna alyp, öýümiň zeruryny bitirdim. Bir bölegi bilenem, görşüňiz ýaly, egin-eşigimi täzeledim - diýip jogap berýär.
Allahyň Resuly şonda şeýle diýýär:
- Arkaň bilen odun daşap ryzkyňy gazanmak el serip dilegçilik etmekden haýyrlydyr.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir